Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW gazak häkimiýetlerini garagalpak aktiwistini dessine azat etmäge çagyrdy


Akylbek Muratow özbek raýaty bolup, ol öz ýurdunda etniki garagalpaklaryň hak-hukuklaryny gorany üçin gözlenýär.
Akylbek Muratow özbek raýaty bolup, ol öz ýurdunda etniki garagalpaklaryň hak-hukuklaryny gorany üçin gözlenýär.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Gazagystanyň häkimiýetlerini tussaglykdaky aktiwist Akylbek Muratowyň (Muratbaý hem diýlip bilinýär) dessine azat edilmegine çagyrdylar. Muratow özbek raýaty bolup, ol öz ýurdunda etniki garagalpaklaryň hak-hukuklaryny gorany üçin gözlenýär.

Muratow 19-njy fewralda 40 gün möhlet bilen tussaglyga ýerleşdirildi. Ol gözenegiň aňyrsynda Özbegistana ekstradisiýa edilmegi boýunça netijä garaşýar. Özbek häkimiýetleri ony garagalpaklaryň protestlerini goldany üçin gözleýärler.

“Özbegistanda Muratbaýa garşy jenaýat işi, onuň adam hukuklary ugrundaky tagallalary üçin ar almak maksady bilen, gozgalandygy açykdyr” diýip, Human Rights Watch guramasynyň 26-njy fewraldaky beýanatynda aýdylýar. Onda aktiwistiň “dessine” azat edilmelidigi hem bellenip geçilýär.

XS
SM
MD
LG