Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Özbegistanda meşhur bloggeriň 8.5 ýyl tussaglyga höküm edilmegini ýazgardy


Olimjon Haýdarow Ferganadaky suduň zalynda. 1-nji dekabr
Olimjon Haýdarow Ferganadaky suduň zalynda. 1-nji dekabr

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Özbegistanda meşhur blogger Olimjon Haýdarowyň 8.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy. Haýdarow gorkuzyp pul almakda we töhmetde günäli tapyldy.

Ol iýulyň aýagynda tussag edilipdi. 1-nji dekabrda Fergananyň sudy oňa tussaglyk hökümini çykardy.

Haýdarow özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret etdi.

“Haýdarowy sekiz ýyl türmä höküm etmek baradaky suduň karary, şol sanda pikiriňi beýan etmek erkinligiň çäklendirilmegi Özbegistanda erkin söze we media azatlygyna oňaýsyz täsir eder” diýip, Human Rights Watch guramasyndan Mihra Rittmann 5-nji dekabrda beýanat bilen çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG