Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly kommunistler türkmen partiýalarynyň ýolbaşçylaryna öz tejribelerini gürrüň berdiler


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý welaýatynyň komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda türkmen partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan üç partiýanyň, Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen hytaýly myhmanlaryň arasynda geçirilen duşuşykda, türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, döwletara meseleleri bilen birlikde, iki ýurduň partiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda nygtalmagyna görä, bu duşuşygyň esasy maksady Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýynyň netijeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Pekinde geçirilen gurultaýyň delegatlary MK-niň 19-njy çagyrylyşynyň doklady we Tertip-düzgüni barlamak boýunça merkezi iş toparynyň ( TDBMIT) doklady boýunça rezolýusiýa kabul etdiler, 2,3 müň wekil iki resminamany hem biragyzdan kabul etdi, hiç kim garşy çykmady we saklanmady diýip, TASS habar berdi.

XS
SM
MD
LG