Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM: Ýylyň birinji ýarymynda 87,000 täjigistanly rus raýatlygyny aldy


2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda Russiýanyň raýatlygyny alýanlaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13 müň adam köpeldi.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň ýurtdaky migrasiýa ýagdaýy baradaky maglumatyna görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda takmynan 87 müň täjigistanly Russiýanyň raýatlygyny aldy. Her günde 500-e golaý täjigistanly rus raýatlygyny alýar diýip, habarda aýdylýar.

Ukrainanyň raýatlary rus raýatlygyny almakda ikinji ýerde durýar (39 müň adam).

Şol bir wagtda, Içeri işler ministrligi rus raýatlygyny almak isleýän daşary ýurtlularyň sanynyň azalýandygyny belleýär. Statistiki maglumatlara görä, ýanwar-iýun aýlarynda 205,000-den gowrak daşary ýurtly Russiýanyň raýatlygyny aldy. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, rus raýatlygyny alan daşary ýurtlularyň sanynyň 382,000 adam möçberinde azlanadygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG