Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Itlere edilýän zuluma garşy çykýan aşgabatlylar prezidente ýüzlendiler


Köçede idegsiz itler tutulýar. Türkmenabat. Iýul, 2022-nji ýyl.​
Köçede idegsiz itler tutulýar. Türkmenabat. Iýul, 2022-nji ýyl.​

Aşgabadyň ýaşaýjylary öýsüz haýwanlaryň rehimsiz tutulmagyny we ýok edilmegini bes etmek üçin köpçülik bolup, ýurduň häkimiýetlerine ýüz tutdular. Arza prezident Serdar Berdimuhamedowa, Aşgabadyň häkimligine, Arhitektura we Gurluşyk ministrliginiň jemagat hyzmatlary bölümine, şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugyna iberildi. Raýatlaryň ýüzlenmesiniň tekstini “Turkmen.news” garaşsyz onlaýn neşiri çap etdi.

"Tutulan haýwanlaryň eltilýän ýeri Çoganlydaky zir-zibili gaýtadan işleýän zawod göz öňüne getirip bolmajak gorkunç bir ýer, soňky wagta çenli bu ýerde betbagt haýwanlaryň ençemesi suwsuz we iýmitsiz öldi. Şeýle aýylganç şertlerde itler bir-birini iýip, öz hapalarynyň ysyndan dem alyp bilmän boguldy. Şol ýerdäki bu dowzahda milli baýlygy hasaplanýan alabaýlar hem bar. Pişikler hem bu ýere getirilýär " diýip, 27-nji iýulda Turkmen.news neşiriniň websaýtynda çap edilen hatda aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleriniň adyna ýollanan ýüzlenmede ýene şeýle diýilýär: "Haýwanlaryň käbiri ýyrtyjylary iýmitlendirmek üçin haýwanat bagyna hem eltilýär, käbirleri zibil çukurlaryna taşlanýar, bu ýerde olar köplenç iň rehimsiz, wagşy we zalym usullarda jan berýär. Beýlekileri bolsa turbalar, çekiçler, armatura we palta bilen öldürilýär, zäherlenýär. Medeniýetli jemgyýetde bu kabul ederliksiz!".

Ýüzlenmä gol çeken raýatlar ýurduň prezidentinden öýsüz haýwanlaryň awlanmagyny we rehimsiz öldürilmegini bes etmegi soraýarlar we özleriniň diňlenjegine umyt bildirýärler.

Ýurtda geçen tomusda itlere rehimsizligi gadagan edýän “Itleri köpeltmek we kinologiki işler baradaky kanun” kabul edilipdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şol kanuna 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda ýurtda idegsiz itleriň köpçülikleýin tutulmagynyň nobatdaky tolkunynyň arasynda gol çekipdi. Şonda ýurduň dürli künjeklerinde itleriň ýüzlerçesi öldürildi, käbir sebitlerde köçelerde it jesetleriniň maslyklarynyň üýşüp duran ýerleri boldy.

Şonda türkmen aktiwistleri kanunyň ýerine ýetirilmeýändigine ünsi çekip, onuň kabul eilmegini ikiýüzlülik diýip atlandyrdylar. Raýatlaryň haýwanlara rehimsizligi bes etmek, şol sanda penahana döretmek ýaly anyk çäreleri görmek üçin häkimiýetlere eden ozalky ýüzlenmeleri öňyn netije bermedi. Hususan-da, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenabadyň häkimiýetleri haýwanlary goraýjylaryň gaçybatalga guramak baradaky haýyşyny ýene ret etdi.

Häkimiýetlere edilen häzirki ýüzlenmede aýdylyşyna görä, birnäçe ýyl ozal paýtagt häkimligi Aşgabadyň golaýynda itler üçin penahana döretmäge biraz ýer bölüp beripdir, ýöne soňra ony yzyna alypdyr.

Häkimiýetlere ýüzlenen raýatlar köçelerdäki haýwanlary ýygnamak meselesini adamkärçilikli çözmegiň zerurdygyny bellediler we häkimiýetlerden kömek soradylar.

Фото из соцсетей
Фото из соцсетей

"Dine ir ýönekeý raýatlar bu ýagdaýy döwletiň kömegi bolmazdan üýtgedip bilmez, şol bir wagtyň özünde penahana ýerlerini döretmek we haýwanlary sterilizasiýa etmek çäreleri bilen öýsüz haýwanlaryň sanyny azaltmak boýunça döwlet maksatnamasynyň işlenip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi bu meseläni adamkärçilikli çözer we şäherleriň köçelerinde olaryň sanyny çalt azaldyp biler. Siwilizlenen ýurtlaryň köpüsi bu meseläni [itleriň bedenine] çip goýmak we sterilizasiýa etmek arkaly çözýärler we iň esasysy, öý haýwanlaryny terk edýän geleňsiz eýelerine garşy çäreleri güýçlendirýärler" diýip, Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüz tutan aşgabatlylaryň ýüzlenmesinde aýdylýar.

Фото из соцсетей
Фото из соцсетей

Bu aralykda, idegsiz itleriň öldürilmegine meselesi sosial ulgamlarda hem ünsi berilýär.

Sosial ulgamlarda raýatlar tarapyndan paýlaşylan maglumatlarda we suratlarda Aşgabadyň köçelerinde haýwanlaryň öldürmegine degişli soňky wakalar, şeýle hem haýwanlara rehimsizlik edýän adamlar barada habar berilýär.

Itleri tutmak we öldürmek işlerini ýörite hyzmatlar we jemagat gulluklaryň işgärleri amala aşyrýar, käwagt muňa adaty raýatlar, şol sanda çagalar hem çekilýär.

Haýwanlary goraýjylar öýsüz itleri we pişikleri köpçülikleýin ýok edýän türkmen häkimiýetlerini ençeme ýyl bäri tankytlap gelýärler.

Aktiwistler we alada edýän raýatlar bilelikde häkimiýetlere ençeme gezek ýüz tutdular we öýsüz haýwanlaryň ýok edilmegine garşy gol toplamak çärelerini guradylar. Käbir ýagdaýlarda häkimiýetler kömek bermegiň ýerine arz edenlere basyş görkezdiler we olardan şikaýatlaryny yzyna almagy talap etdiler.

Aşgabadyň häkimiýetleri öýsüz itleri we pişikleri ýok etmek meselesi barada şu çaka çenli resmi düşündiriş bermediler.

Türkmenistanda türkmen alabaý itiniň kulty döwlet derejesinde goldanýar. Idegsiz itleriň wagşylarça ýok edilmeginiň fonunda tutuş ýurt boýunça alabaýlar üçin penahana gurulýar, itiň altyn heýkelleri dikilýär, ilatdan alabaýlar üçin desgalara pul toplanýar.

Haýwanlary goraýan we rehim edýän türkmenistanlylar zalymlygy gadagan edýän itler baradaky ýörite kanunyň ne hökümetde, ne-de jemgyýetde haýwanlara rehimdarlygy artdyrandygyny aýdýarlar.

Туркменистан: шокирующее видео поджога собаки
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG