Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jaýlarda ýyladyş ýok, adamlar gije üşeýär, ýylylyk işgärleri pagta ýygýar - Ýaşaýjylar

Bezeg suraty.
Bezeg suraty.

Gaza baý, daşary ýurtlara uly möçberlerde ýangyç we energiýa eksport edýän Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň jaýlaryndaky ýyladyş meseleleri bu ýylam saklanyp galýana meňzeýär. Azatlygyň habarçylary her ýylyň güýzünde we gyş aýlarynda ilatyň sowuk howada uçraýan kynçylyklary hem-de berilmedik ýyllylygyň tölegleriniň ‘ussatlarça alynmagynyň’ döredýän kanuny soraglary barada barada habar berýärler.

Lebap sebitindäki habarçymyz gürleşen ýaşaýjylar ýyladyş möwsüminiň Türkmenabatda 15-nji oktýabrda başlanandygyny, ýöne ýylylygyň aý agyna çenlem beriljege meňzemeýändigini aýtdylar.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar şäher etraplarynyň diňe birinde ýa ikisinde däl, ählisinde merkezi ýyladyş ulgamynyň işlemeýändigini aýdýarlar.


Howanyň sowamagy bilen, maşgalasynda ýaş çagalary ýa gartaşan adamlar hojalyklaryň arasynda, öýlerini ýylatmak üçin, gaz plitalaryny ýakyp goýýan ýaşaýjylar-da bar. Şol bir wagtda, ýaşaýjylaryň telefonlaryna gaz plitalaryny ýyladyş üçin ulanmazlyk barada duýduryşlar gelýär diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Ýyladyş tölegleri başdan-aýaga çenli, doly alynýar

Onuň sözlerine görä, ýyladyş üçin tölegler 15-nji oktýabrdan başlap, ýyladyş möwsüminiň resmi ýagdaýda tamamlanýan gününe çenli alynýar we ilatyň berilmedik ýyladyş üçin tölenen pullar baradaky soraglary ençeme ýyl bäri jogapsyz galýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýasaýjylaryň biri diňe ýyladyş üçin däl, köplenç kadaly berilmeýän, köp kesilýän suw üçin hem doly möçberinde töleg töleýändigini, belki-de ýurtda çuňlaşýan ykdysady çökgünlik sebäpli, döwletiň ýyl-ýyldan almaga ökde, bikanun alnan puly yzyna tölemäge ukypsyz bolýandygyny öňe sürdi.

“Jaýymyz hususylaşdyrylan bolsa-da, döwlet kommunal hyzmatlar üçin pul alýar. Emma nämä pul töleýändigimiz belli däl. Suw elmydama kesilýär, ýyladyş ulgamy ençeme ýyldan bäri gowy işlänok, turbalar köne. Men her ýylda 400 manat töleýärin” diýip, Bahar etrapçasynda ýaşaýan ýaşaýjy aýtdy.

Bu ýagdaý diňe bir etrapça mahsus däl. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, şäheriň beýleki etraplarynda hem ýaşaýjylar sowuk öýlerini öz mümkinçiliklerine görä ýylatjak bolýarlar. Munuň üçin, öňki ýyllarda bolşy ýaly, aşhanadaky gaz plitalaryny ulanýan adamlar hem az däl.

Aşgabatda ýaşaýan synçy gaz plitalaryny ýakyp, oduň üstünde bişen kerpiç goýmagyň 90-njy ýyllaryň başyndan bäri saklanyp galýandygyny, maşgala agzalarynyň gazdan zäherlenmek howpunyň hemişe bardygyny öňe sürdi.

'Turbalary çalşyrmak kyn, duýduryş bermek aňsat'

Görnüşinden, häkimiýetler gaz plitalarynyň öýleri ýylatmak üçin ulanylýandygyny bilýärler we, bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýyladyş üpjünçiligini gowulandyrman, ýüzleý çäreleri görmek bilen çäklenýärler.

Lebapdaky habarçymyz ýaşaýjylara iberilýän SMS habarlarynda gaz plitalaryny öý ýylatmak üçin ulanmaly däldiginiň duýdurylýandygyny, ýöne ýyladyş meselesiniň haçan çözüljekdigi barada hiç zat aýdylmaýandygyny belledi.


Ýaşaýjylar, hususan-da maşgalasynda ýaş çagalary we ýarawsyz garrylary bolan hojalyklar jaýlaryň wagtynda ýyladylmazlygynyň metbugatda adam saglygy barada edilýän gürrüňlere ters gelýändigini aýdýarlar.

Saglyk işgärleri sowuk jaýlarda ýaşamagyň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleriniň agyr netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurýarlar.

Türkmenabadyň 2-nji saglyk öýünde işleýän hünärmen jaýlary kadaly ýyladylmaýan, maddy ýagdaýy pes maşgalalaryň agzalarynyň arasynda syrkawlaýanlaryň köpdügini aýtdy, ýöne anyk san getirmekden saklandy. Lukmanyň tassyklamagyna görä, näsaglyklar gönüden-göni üşemek bilen-de, ýarawsyzlygyň sowuk zerarly beterleşmegi bilen-de bagly bolup bilýär.

Anonimlik şertinde gürleşen şäher resmisi ýyladyş ulgamyny işletmeli işgärleriň bir böleginiň häzir öz işlerine elleriniň degmeýändigini, sebäbi olaryň pagta ýygymyna äkidilýändigini, işgär meselesiniň bu pudagyň diňe bir meselesi bolup durýandygyny aýtdy.

'Işçiler pagta ýygýar, mesele diňe turba hem däl'

“Etrapçalardaky merkezi ýyladyş gazanlaryny işletmeli kommunal işgärler pagta ýygymynda. Olaryň sany onsuz hem az. Üstesine, bütin şäher boýunça turbalar gaty köne, olary tutuşlygyna diýen ýaly täzelemeli” diýip, şäher häkimligindäki çeşme aýtdy.

Onuň pikiriçe, mesele diňe ýyladyş gazanlaryny işletmek bilen çözülmeýär. Könelen turbalary çalyşmak bilen birlikde, bu pudagyň dolandyryş meseleleri hem döwrebap, bazar şertleri esasynda çözülmeli.

“Daşary ýurtlardaky ýaly, hökümet bu ugry hususyýetçilere berse, has gowy bolardy” diýip, türkmenabatly resmi ýaramaz işleýän pudaklaryň köpüsiniň döwlete degişlidigini we ýurtda hususyýetçilige geçmegiň juda haýal barýandygyny belledi.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň ýaşaýyş jaý meseleleri, uzak ýyllar bäri ideg edilmeýän ýyladyş, suw üpjünçilikleri barada çykýan habarlara, adamlaryň infrastruktura meselesinde edýän şikaýatlaryna resmi düşündiriş bermeýär.

Azatlygyň habarçylary mart aýynda Baýramaly şäheriniň köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada habar berdiler.

Diňe ýyladyş däl, suw, tok meseleleri hem çözülmeýär

Altyn Asyr we Magtymguly köçelerinde ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylary şonda agyz suwy, ýyladyş suwy üçin geçirilen turbalaryň çüräp, ýygy-ýygydan deşilýändigini, olary öz güýçleri bilen abatlamaly bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Baýramalyda köp gatly jaýlaryň çüýrän turbalary deşilýär, ýaşaýjylar özbaşdak çäre görýärler

Daşoguzdaky habarçymyzyň 27-nji fewralda, howanyň gijelerine 7 gradusa çenli sowaýan ýerinden beren habaryna görä, Köneürgenç etrabynda ilat tapgyr üç gün elektrik energiýasyndan kesildi. Ýogsa, bu etrap 2025-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby ‘boldy’ we 1 million ABŞ dollary bilen sylaglandy.

Sebitlerdäki we Aşgabatdaky synçylaryň tassyklamagyna görä, ýurduň paýtagtyna we Arkadag şäherine gönükdirilýän döwlet serişdeleri bilen deňeşdirilende, beýleki iri şäherleriň we etrap merkezleriniň, oba ýerleriniň infrastrukturasyna bölünip berilýän serişdeler örän az bolmagynda galýar.

Azatlyk, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, abadançylyk işleri üçin goýberilýän serişdeleriň möçberini anyklap bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Forum

​
XS
SM
MD
LG