Awtoulag sürüjileriniň düzgün bozmalary üçin salynýan jerimeleriň 1-nji maýdan ýokarlanjakdygy belli bolanyndan soň, Balkanda ýol gözegçiligi polisiýasynyň alýan paralarynyň mukdary ýokarlandy, adamlar ‘gazananyň bezeneniňe ýetmesin’ diýilýän döwür boldy diýýärler’ diýip, ýerli çeşme habar berýär.
Şu aralykda awtoulaglarda goýulýan derman gutularynyň, ýangyn söndüriji enjamlaryň bahalary hem iki esse gymmatlady diýip, Azatlygyň habarçysy 29-njy aprelde habar berdi.
Tizlik düzgünini we beýleki düzgünleri bozanlardan soralýan paranyň mukdary, soňky aýlarda, 30 manat bolanlygyndan 50, 75 manada çenli ýokarlandy; awtoulagyny sagatda 40 km tizlikde sürülmeli ýerde sagatda 80 km tizlikde süren sürüjilerden soralýan paranyň mukdary 150 manada çenli ýokarlandy diýip, sürüjiler aýdýar.
Jerime ýokarlanmasy taksi nyrhalaryna hem täsir edýär
Bu ýagdaý taksi nyrhlaryna hem öz täsirini ýetirdi, Balkanabatda taksiler şäher içinde, ozal 3 manat bolan aralyk üçin 6 manat we ondan hem kän töleg soraýarlar diýip, çeşme aýtdy.
“Awtoulagyndaky derman gutusyny täzelemek üçin dermanhana barsam, ozal 100 manat bolan guty indi 250 manat bahalanýan eken. Awtoşaýlar dükany bolsa, ozal 75 manat bolan ýangyn söndüriji ballonlary häzir 200 manatdan satýar” diýip, balkanabatly sürüji indi polisiýanyň derman gutusyndaky dermanlaryň, ýangyn söndürijiniň möhletine çenli gowy barlaýandygyny, öňküleri ýaly ‘barmy-bar’ etmeýändigini gürrüň berdi (onuň ady howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar).
Şu aralykda polisiýanyň köçelere tigirli, welosipedli çykýan adamlara edýän gözegçiligini hem güýçlendirendigi habar berilýär.
Ahal welaýatyndaky habarçymyzyň 29-njy aprelde iberen maglumatyna görä, sebitiň ilatly ýerleriniň käbirinde ýol polisiýasy köçede tigir sürýän welosipdli adamlary saklap, ‘azar bermegini ýygjamlatdy’.
Ýaşaýjylaryň habarçymyza aýtmaklaryna görä, polisiýa tigirlileri saklap, ‘ýoldan sürme, bu gezek duýduryş, indiki gezek tratuardan awtoulag ýoluna çyksaň, jerime ýazaryn’ diýýär.
Köçede tigir sürýänlerden hem 'talap güýçlendi'
Polisiýa ofiserleri köçede tigir sürýänleriň, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edip, kellelerine kaska geýmelidigini aýdýarlar diýip, polisiýadaky çeşme aýtdy.
Polisiýa işgärleriniň kesgitlenen düzgünleriň berjaý edilmegi baradaky talaplary ýerlikli, bu olaryň işi, köçede ulag dolandyrýan adamlar öz jogapkärçiligini bilmeli diýip, bir ýaşaýjy raýatlaryň hemmesiniň kanuna boýun bolmalydygyny aýtdy.
Emma polisiýanyň talaplaryna diňe ‘yrsarama, para aljak bolmak synanyşygy ýa-da haýbat atmak’ diýip düşünýänler hem bar.
“Ýola çykmaly däl bolsa, men onda welosipedi başga nireden süreýin? Hany, welosipet sürmek üçin aýratyn ýol barmy? Käbir ýerlerde ýola çykman, tratuardan sürmek mümkin däl, sebäbi garrylar we çagalar bar diýsem, polisiýa maňa ‘pyýada ýöräp geç’ diýýär” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Düzgün bozandygy aýdylan we duýduryş berlen bir ýaşaýjylaryň biri habarçymyza polisiýa ofiseri bilen eden ‘gürrüňini’ gürrüň berdi:
“Men oňa ‘biziň köçelerimizde höwesjeň welosipedçilere niýetlenen ýörite ýodalar ýok, welosipet sürmek üçin aýratyn prawa ýok, bu hili şertlerde Döwlet ýol gözegçilik gullugy bizi saklamaga haklymy? ‘Kelläňde kaska ýok’ diýip, siziň bize jerime ýazmaga hakyňyz barmy?’ diýdim. Ol ‘hawa’ diýip jogap berdi. Häzir köp adam awtoulagyny satyp, welosiped ulanmaga başlady. Ýöne bular tigir sürýänlere-de gün berjek däl...”
Awtoulagyny satyp, welosipede geçjek köpeler öýdülýär
Söhbetdeşimiz awtoulagyny satan adamlaryň, gün-güzeran aýlamak maksady bilen, onuň puluny söwda-satyga goýup, awtobus we taksi töleglerine pul bermesiz bolýar diýip, welosiped çykalgasyna ‘biderek begenen’ bolmaklarynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.
“Köpçülik welosipet satyn alyp, gitjek ýerine tigirli gitmäge başlady. Welosipet sürseň, barjak ýeriňe awtoulagyň eltjek wagtyndan öň barýarsyň. Uly ýollarda prezident geçýär, garyndaşy geçýär, ýene biri geçýär geçýär diýip ýoly ýapsalar, awtoulag sürüjileri sagatlap propkada galýar. Biz bolsa olaryň propkadan çykjak wagtyna çenli işimizi bitirip, yzymyza gelýäris” diýip, bir ýaşaýjy türkmenistanlylaryň indi, mejbur bolup, barha köp tigir ulanmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
Onuň tassyklamagyna görä, häzir Türkmenistanda, jerimeler artdyrylmadyk bolanda hem, awtoulag sürmek gaty kyn: her aý uly çykdajy etmeli bolýar, ýollar gowy däl, ätiýaçlyk şaýlary gowy däl ýa gymmat.
Türkmenistanda welosiped ulanmak, köpçülükleýin tigir sürüşlikleriň geçirilmegi bilen, döwlet derejesinde wagyz edilýär we, soňky ýylda guralan mejbury çäreler sebäpli, welosiped, kaska satyn adam örän kän, awtoulag sürüjilerine edilýän basyşlar köp adamy ýadatdy diýip, anonimlik şertinde gürleşen welosipedçi jerime we para meselesiniň köçedäki tigirli ýolagçylary köpeldip biljekdigi baradaky çaklama bilen ylalaşýandygyny aýtdy.
Tigir hem 'diňe ak reňkde bolmaly' diýmeseler ýagşy
Ýöne ol häkimiýetleriň tigir sürýänlere garşy hem, eger-de köpleseler, ‘welosipediň reňki ak bolmaly’ diýen ýaly bahana edip, täze jerimeleri oýlap tapmagyndan ätiýaç edýändigini belledi.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda sürüjiler we ýol gözegçileri arasyndaky ‘düşünişmezlikler’ we para meselesi uzak wagt bäri dowam edýär. Häkimiýetler bir zaman bu meseläni bölekleýin boýun alyp, gözegçilik kameralaryny köpeltmek barada gürrüň eden hem bolsalar, soň giň ýaýrandygy aýdylýan polisiýa parahorlugyna umuman göz ýumdular diýip, synçylar belleýär.
Şol bir wagtda, sosial mediada sürüjileri saklan polisiýa ofiserleri bilen düzgün bozmakda aýyplanýan raýatlaryň arasyndaky ‘kanun jedellerini’ görkezýän wideolar köpelýär we, synçylaryň käbiri raýatlar öz kanuny talaplaryny näçe güýçlendirse we häkimiýet korrupsiýasyna garşy göreşe goşant goşsa, parahorlugyň hem şonça yza çekilmeli boljakdygyny öňe süýrär.
Türkmen häkimiýetlerinden polisiýa parahorlugy barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum