ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden dördünji gün agşam Ak tamdan amerikalylara ýüzlenip eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Ysraýyl bilen Ukrainany, terroristler we diktatorlar tarapyndan nyşana alynýan demokratiýalary goldamak jogapkärçiliginiň bardygyny aýtdy.
Bu Amerika üçin näme sebäpden möhüm? Sebäbi terrorçylar we diktatorlar öz eden hereketleri üçin jogap soralmadyk ýagdaýynda has aňryk gidýärler diýip, prezident Baýden nygtady. ABŞ-nyň prezidenti Ak tamdan ýurda ýüzlenip, iki ýakyn ýarana berilýän kömegiň we goldawyň ABŞ-nyň milli bähbitlerine laýyk gelýändigini düşündirdi.
“Taryh bize sapak berýär, eger terrorçylar terror üçin jogap bermese, haçanda diktatorlar agressiýa üçin hasaplaşmaly bolmasa, bu täze bulam-bujarlyga we ölüme, täze weýrançylyklara alyp barýar. Olar durmaýarlar, netijede Amerika we dünýä abanýan howp-hatarlar ulalýar’ diýip, Jo Baýden aýtdy.
Ol Russiýanyň öňki prezidenti Medwedewiň ýaňy-ýakynda Estoniýany, Latwiýany we Litwany Russiýanyň Baltika welaýatlary diýip atlandyrandygyny ýatlatdy.
Prezident Baýdeniň pikiriçe, eger-de ABŞ Ukrainadan we Ysraýyldan ýüz öwürse, olar [terrorçylar we diktatorlar] Amerikanyň ýolbaşçylygyna daýanýan global durnuklylyga, Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyny we amerikan gymmatlyklaryny goraýan ýaranlyk gatnaşyklaryna wehim salarlar.