Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrowyň ýetginjek ogly Çeçenistanyň ministri boldy


Ahmat Kadyrow
Ahmat Kadyrow

Russiýanyň Demirgazyk Kawkazdaky Çeçenistan respublikasynyň diýdimzor dolandyryjysy Ramzan Kadyrowyň 18 ýaşly ogly Ahmat Kadyrow, regionyň Ýaşlar we sport ministri wezipesine bellenildi. Bu barada ýokary derejeli çeçen resmileri 17-nji fewralda Telegram sosial torunda mälim etdiler.

Kremliň ýakyn ýarany Ramzan Kadyrowyň azyndan 10 çagasynyň dagy bardygyna ynanylýar.

Martda Ahmat Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada ýüzbe-ýüz duşuşyk geçiripdi. Bu Kadyrowyň ýarawsyzlygy sebäpli, onuň we Kremliň mirasdüşeri taýýarlaýandygy baradaky çaklamalary güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG