Türkmenistanyň käbir sebitlerinde galla oragy möwsümi dowam edýän mahaly, Daşoguz welaýatynda galla oragyna gatnaşýan kombaýnlaryň we galla hasylyny daşaýan ulaglaryň sürüjileri işlemek üçin zerur şertleriň döredilmeýändigini aýdyp, ýaramaz iş şertlerinden şikaýat edýärler.
Olar konteýnerlerde ýatyp turmaly bolýandyklaryny, şeýle-de içimlik suwlaryny hem kanalyň suwundan üpjün etmeli bolýandyklaryny belleýärler. Bu ýagdaýlar barada sürüjileriň onlarçasy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.
“Daşoguzda bugdaý ösdürilip ýetişdirilen meýdanlarda galla oragyny ýerine ýetirmek üçin kombaýnlaryň we orlan hasyly daşamak üçin ýük ulaglaryň 100-e golaýy işe çekildi. Netijede, Daşoguzyň oba hojalyk toplumyna degişli kärhanalarynyň parkyndaky tehniki taýdan gurat ýük ulaglaryň we kombaýnlaryň sürüjileri welaýatyň dürli künjegine iş sapary bilen iberildi” diýip, sürüjileriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Sürüjiler welaýatyň dürli ýerindäki galla meýdanlarynda oturdylan wagtlaýyn konteýnerlerde ýatymlaýyn galmaly bolýandyklaryny, ýöne olarda işlemek we ýaşamak üçin şertleriň döredilmändigini belleýärler.
"Bulançak suwda garyndylar çökenden soň içýäris"
“Ýuwunmak üçin wagtlaýyn hammamlar göz öňünde tutulmandygy üçin sürüjiler kanalyň bulançak suwuna ýuwunmaly bolýarlar. Içer suwumyzy hem, kanaldan bulançak suwy gaplara dolduryp alýarys we ondaky garyndylar, gum we çäge çökenden soň içýäris, çaý gaýnadýarys, nahara atarýarys” diýip, daşoguzly sürüjileriň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlykda bu konteýnerleriň nirelerde ýerleşýändigi barada anyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Ýük ulag we kombaýn sürüjileriniň sözlerine görä, oba hojalyk resmileri olara bu çäräniň ýarym aýdan gowrak wagt dowam etjekdigini aýdyp, munuň üçin goşmaça zähmet hakynyň tölenjekdigini wada beripdirler.
“Ýöne biz goşmaça hakyň tölenjekdigine ynanmaýarys. Sebäbi geçen ýyllarda hem şuňa meňzeş çäreler bolup, bizi ýatymlaýyn galla meýdanlaryna iberipdiler we goşmaça hak tölenjekdigini aýdypdylar. Ýöne iş gutarandan soň, sürüjilere öňki alýan aýlygy tölendi. Bu ýyl hem şol 3 müň manada golaý aýlygymyz berler” diýip, daşoguzly sürüji aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sürüjileriň köpüsi ýatymlaýyn işlemek şertleriniň ýaramazdygy barada öz ýolbaşçylaryna şikaýat etse-de, hiç hili çäre görülmeýär.
"Oňaýsyz şertlere hem kaýyl bolýarlar"
“Sürüjiler barja gazanjyny, işini ýitirmekden alada edip, oňaýsyz şertlere hem kaýyl bolup, işlemäge mejbur bolýarlar” diýip, sürüji belledi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýatyň oba hojalygy bölüminden telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Redaksiýamyzyň “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, “Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginden teswir almaga synanyşdy, emma telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
Daşoguzda sürüjileriň ýüzbe-ýüz bolýan ýaramaz iş şertleri baradaky maglumatlar, prezident Serdar Berdimuhamedowyň welaýat häkimine galla oragy möwsümini ýokary hilli geçirmek üçin guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi tabşyran mahalyna gabat geldi. Döwlet baştutany bu barada Ministrler kabinetiniň 15-nji iýunda geçirilen mejlisinde belläp geçdi.
Zerur çäreler "görülýär..."
Şonda Daşoguzyň häkimi D.Babaýew welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişilendigini, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy. Ýöne ol galla oragy bilen bagly işler, şol sanda işçileriň iş şertleri barada jikme-jik maglumat bermedi.
Türkmenistanda işgärleriň ýaramaz iş şertleri, oba hojalyk işlerine, şol sanda pagta ýygymyna ýatymlaýyn çekilýän raýatlar üçin talaba laýyk şertleriň döredilmeýändigi barada habarçylarymyz ýylyň-ýylyna habar berýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu barada aç-açan gürrüň gozgamaýar.
Türkmenistanda şu ýyl galla oragyna resmi derejede Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji iýunda we Balkan, Daşoguz welaýatlarynda 10-njy iýunda girişildi.
Şu ýyl ýurt boýunça güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen jemi 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna, şol sanda Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum