Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp ilatly Cärjewde diňe iki sany tiz komek ulagy hyzmat edýär

Ýaşaýyş jaýyň howlusynda duran tiz kömek ulagy. Türkmenistan (arhiw suraty).
Ýaşaýyş jaýyň howlusynda duran tiz kömek ulagy. Türkmenistan (arhiw suraty).

Lebap welaýatynyň iň köp ilatly etraplarynyň biri bolan Çärjewde ýaşaýjylar tiz kömek hyzmatlarynyň ýetmezçiligi sebäpli öz saglygyna howp abanýandygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu etrapdaky ýagdaýy öwrendi.

130 müňden gowrak ilaty bolan bu etraba bary-ýogy iki sany tiz kömek awtoulagy hyzmat edýär. Etrapda 20-den gowrak oba ýerleşýär. Şeýle giň we ilatly ýerde diňe iki ulagyň bolmagy kömege mätäç ýaşaýjylaryň uzak wagtlap garaşmagyna, kä ýagdaýlarda bolsa, tiz kömegiň asla gelip ýetmezligine getirýär.

Darganly obasynyň ýaşaýjysy şeýle gürrüň berdi: “Gije sagat birde üç aýlyk çagamyň gyzgyny galdy. Tiz kömege jaň etdim. ‘Taksi bilen özüňiz getiriň, siz nobatda dördünji’ diýip aýtdylar. Gijäniň ýarysynda obada taksi nireden tapjak? Adam ölýän bolsa-da ‘ulag ýok’ diýip ýüz öwürýärler”.

Ulywahym obasynyň bir ýaşaýjysy tiz kömek awtoulaglarynyň tehniki ýagdaýynyň hem örän pesdigine ünsi çekýär: “Bu maşynlar sowet döwründen galan köne ulaglar. Olar ýygy-ýygydan döwülýär. Käte çagyrylan ulag wagtynda gelip bilmeýär”.

Resmi taýdan, Çärjew şäherçesindäki merkezi etrap hassahanasynyň tiz kömek gullugy etrabyň 13 obasyna hyzmat edýär. Galan obalara bolsa Türkmenabat şäheriniň çägindäki, emma administratiw taýdan Çärjew etrabyna degişli “Uçgun” obasyndaky tiz kömek gullugy hyzmat edýär.

Ýöne çeşmeleriň sözlerine görä, bu iki merkeziň her birinde bary-ýogy bir ulag bar — olaryň ikisi hem SSSR döwründen galan köne awtoulaglardyr.

Şeýle-de, ýerli çeşmeler tiz kömek ulaglarynyň maksada laýyk ulanylmaýan halatlarynyň hem bolýandygyny öňe sürýärler.

“Dispetçerler köplenç ‘ulag ýok’ diýip jogap berýärler. Emma şol bir wagt lukmanlar ýa-da şepagat uýalary nobatdan soň şol ulag bilen öýlerine gidýärler. Käwagt bolsa bu maşynlary hatda iýmit sargamak üçin hem ulanýarlar” diýip, Çärjew etrap hassahanasynyň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy tiz kömek hyzmatlaryna degişli bu ýagdaýlar barada Çärjew şäherçesindäki merkezi etrap hassahanasynyň tiz kömek gullugyndan we “Uçgun” obasyndaky tiz kömek gullugyndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Saglyk ulgamynyň işgärleri bu ýagdaýy ulgamlaýyn problemalaryň netijesi hökmünde görýändigini aýdyp, uly tebigy serişdelere eýe bolan döwletde şeýle ýagdaýyň uzak wagtlap dowam etmeginiň diňe bir maliýe ýetmezçiligi däl, eýse dolandyryşdaky näsazlyk bilen baglydygyny aýdýarlar.

Mundan öň Lebap welaýatynda, şol sanda Çärjew etrabynda tiz kömek ulaglarynyň ýetmezçilik edýändigi barada ençeme gezek habar berlipdi. Ýerli ýaşaýjylar tiz kömek hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin nobata durmaly bolandygyny we ulaglaryň wagtynda gelmeýändigini gürrüň beripdi.

Tiz kömek hyzmatlarynyň wagtynda berjaý edilmezligi ýurduň beýleki şäherlerinde, şol sanda paýtagtda hem ýüze çykýar. Tiz kömek gullugynyň işgärleri bolsa, çagyryşlaryň köpdügini we olaryň ählisine ýetişmekde kynçylyk döreýändigini, şol sanda ulag sanynyň azdygyny habar beripdi. Tiz kömek sürüjileri bolsa, ýollaryň erbetdigini we ulaglaryň tehniki ýagdaýynyň ýaramazdygyny Azatlyga gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagyndaky problemalar pudak resmileri we döwlet mediasy tarapyndan açyk agzalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG