Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň sabyn zawodynyň işgärleri özleriniň ýygy-ýygydan tölegsiz dynç alşa ugradylmagyndan zeýrenýär

Seýilgähde işleýän işçiler (Illýustrasiýa suraty)
Seýilgähde işleýän işçiler (Illýustrasiýa suraty)

Lebabyň Türkmenabat şäherindäki “Akja” sabyn zawodynyň işgärleriniň ençemesi özleriniň ýylda birnäçe gezek tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradylýandyklaryny aýdyp, muňa nägilelik bildirýär. Olar munuň iş şertnamalaryna gabat gelmeýändigini belläp, bu ýagdaýyň özleriniň kadaly gazanç etmegine we güzeran eklenjine ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada kärhananyň işgärleriniň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi.

“Biziň kärhana bilen baglaşan şertnamamyzda zawodyň ýylda diňe bir gezek işini duruzýandygy we biziň ýylda diňe bir gezek tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradylýandygymyz barada ýazylan. Ýöne muňa garamazdan, soňky birnäçe ýyl bäri kärhana bizi ýylda azyndan üç gezek, käte dört gezek tölegsiz dynç alşa ugradýar” diýip, agzalýan kärhananyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Işgärler özleriniň häzir hem, 1-nji ýanwardan bäri, tölegsiz zähmet dynç alşyndadyklaryny we munuň haçana çenli dowam etjekdigi barada kärhana ýolbaşçylary tarapyndan özlerine anyk maglumat berilmeýändigini aýdýarlar.

"Güzeran eklemek kynlaşýar"

“Zawodyň işi duýdansyz saklanyp bilýär, kä halatda ýolbaşçylar bir ýa-da iki hepde öňünden duýdurýarlar. Ondan soň işgärler adatça iki aýlap işe çagyrylmaýar. Iki aýyň ahyrynda kadrlar bölüminiň başlygy işgärlere birnäçe gün öňünden jaň edip, işe çagyrýar” diýip, işgärleriň ýene biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz kärhananyň işgärleriniň anyk sanyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Ýöne işgärler häzirki wagtda tölegsiz zähmet dynç alşyndaky işçileriň sanynyň onlarçadygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, olar soňky birnäçe ýyl bäri ýygy-ýygydan gaýtalanýan bu ýagdaýyň özleriniň kadaly gazanç etmegine we güzeran eklenjine ýaramaz täsir edýändigini belleýärler.

“Ýylyň dowamynda birnäçe aýlap işsiz oturmaly bolýarys. Bu döwürde her kim hususyýetçilerde işläp, günlükçilik edip, gazanç etmäge çalyşýar. Ýöne bu hem maşgalany eklemäge ýetmeýär” diýip, işgär belleýär.

Onuň sözlerine görä, işgärler özleriniň kärhana bilen baglaşan şertnamalarynda ýylda diňe bir gezek tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradylýandygy barada ýazylandygyny ýatladyp, ýolbaşçylardan meselä çözgüt tapmagy hem sorapdyrlar.

“Ýolbaşçylar kärhananyň çykdajylarynyň girdejilerden has ýokarydygyny, önümçiligiň ykdysady taýdan özüni aklamaýandygyny aýtdylar. Olar soňky ýyllarda öndürilýän sabynlaryň satylman, ammarlarda zaýa bolýandygyna hem ünsi çekdiler. Şol sebäpli bizi işde saklap, aýlyklarymyzy tölemäge puluň ýokdugyny aýtdylar” diýip, işgär belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada kärhana bilen telefon arkaly habarlaşyp, resmi teswir almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Maliýe-ykdysady kynçylyklar..

Ýöne kärhananyň kadrlar bölümindäki bir çeşmämiz anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda ýokarda aýdylanlary tassyklap, zawodyň maliýe-ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýtdy.

“Bu ýagdaýyň esasy sebäbi — öndürilýän sabynyň daşary ýurt bazarlaryna ýeterlik derejede eksport edilmezligi we içerki bazarda hem oňa bolan islegiň juda pes bolmagydyr. Biziň öndürýän sabynymyz pagtanyň ýagyndan taýýarlanýar. Şonuň üçin onuň hili pes hasaplanýar. Hyrydarlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen, Italiýadan ýörite ys beriji maddalary getirip, önümçilige goşup gördüler, emma netije bolmady” diýip, zawoddaky çeşmämiz belledi.

Çeşmämiz sabynyň hiliniň pes bolmagynyň ýene bir sebäbini 1960-njy ýyllarda gurlan zawodda şondan bäri düýpli täzelemek, döwrebaplaşdyrmak işleriniň geçirilmändiginde hem görýär.

“Akja” sabyn zawody Türkmenabadyň pagta ýagyny öndürýän zawodynyň golaýynda ýerleşýär. Bu zawodda indi 60 ýyldan gowrak wagt bäri pagta ýagynyň önümçiliginden galan önümlerden peýdalanmak arkaly sabyn öndürilýär.

Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň käbir kärhanalarynyň işgärleriň zähmet haklaryny tölemekde kynçylyk çekýändigi ýa-da olaryň ýygy-ýygydan gijikdirilýändigi barada Azatlygyň habarçylary yzygiderli maglumat berýärler.

Şu aýyň birinji ýarymynda Balkan welaýatynyň döwlete degişli kärhanalarynda işgärleriň köpçülikleýin işden çykmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýene köpelendigi barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Şonda habarçylarymyz býujetden aýlyk alýan işgärleriň meýletin işden çekilmegine zähmet haklarynyň pesligi we gijikdirilmegi ýaly ýagdaýlaryň sebäp bolýandygyny we munuň üstüne aýlyklaryň indi 10% ýokarlanmajagynyň hem goşulandygyny aýtdylar.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary boýun alýar, ne-de munuň ilata ýetirýän täsirleri barada mesele gozgaýar. Bu ýagdaýlar barada ýurduň resmi metbugatynda hem maglumat berilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG