Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň we Daşoguzyň “soňky jaň” dabaralarynda “millilik talaby” güýçlenýär


2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birinde geçirilýän "soňky jaň" dabarasy (Illýustrasiýa suraty)
2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birinde geçirilýän "soňky jaň" dabarasy (Illýustrasiýa suraty)

Lebabyň we Daşoguzyň orta mekdeplerinde 25-nji maýda geçiriljek “soňky jaň” dabaralaryny “doly türkmenleşdirmek we özbek elementlerinden saplamak” barada dil üsti bilen tabşyryk gelip gowuşdy. Bu barada habar berýän ýerli bilim işgärleri “soňky jaň” dabarasy bilen bagly “millilik talabynyň” bu ýyl ozal görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini aýdýarlar.

“Welaýat Baş bilim müdirliginiň ilki etrap bilim bölümlerine, soňra mekdeplere iberen tabşyrygynda okuwçylaryň we mugallymlaryň türkmen milli egin-eşigine esaslanýan lybasda bolmalydygy, çärelerde diňe türkmen milli aýdymlary aýtmaklyk ýaly talaplar bilen bir hatarda, birnäçe täze talaplar hem bar” diýip, lebaply bilim işgäri anonim şertde aýtdy.

Bu talaplar diňe mekdep okuwçylara däl, eýse uçurymlaryň ene-atalaryna hem degişli. Mekdebiň meýdançasynda geçiriljek “soňky jaň” çäresinde uçurym bolýan çagalaryny görmäge geljek ene-atalardan hem diňe türkmen milli lybaslarynda gelmek talap edilýär.

“Şeýle-de, münbere çykyp, okuwçylary we mugallymlary gutlamaga, Arkadagy we onuň ogly Serdary öwmäge diňe edebi türkmen dilinde gürläp bilýän ene-atalara rugsat berilmelidigi hem duýduryldy. Umuman, ene-atalaryň, okuwçylaryň, mugallymlaryň özbek dilinde ýa-da ýerli şiwe sözleýşinde çykyş etmegi düýbünden gadagan edildi” diýip, daşoguzly bilim işgäri belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, dabaralarda özbek dilinde islendik aýdym-sazyň aýtdyrylmagy we özbek tansynyň edilmegi hem berk gadagan edildi.

“Mugallymlardan 25-nji maýda uçurym bolýan çagalaryny görmäge geljek ene-atalaryň sanawyny öňünden düzmek hem talap edildi” diýip, lebaply mugallym talaplaryň berjaý edilmegine etrap bilim bölümleriniň wekilleriniň gözegçilik etjekdigini hem belledi.

Azatlyk bu barada Daşoguzyň we Lebabyň Baş bilim müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu talaplar etniki özbekleriň köplük bolup ýaşaýan Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň köp ýaşaýjysynyň arasynda nägilelik döretdi.

“Bu talaplara diňe etniki özbekler däl, eýse olar bilen ýyllarboýy bile işläp, okap gelýän ýerli türkmenler hem nägilelik bildirdi. Ene-atalaryň arasynda özara söhbetdeşlikde “milleti ýa dili özbek bolsa-da, şol adamlar şu ýurduň raýaty, şu ýurduň ýaşaýjysy ahyryn!” diýenler ýa-da “özüne demokratik, dünýewi we hukuk döwleti diýýän ýurtda bu hili baryp ýatan milletparazlyk, özge milletlere, dillere we medeniýetlere çydamsyzlyk umuman akla sygmajak zat” diýenler hem bar” diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Daşoguzly bilim işgärleriniň we ene-atalaryň birnäçesi bu talaplaryň “häzirki dartgynly şertlerde diňe hökümetiň abraýyny dökýändigini we ilat arasynda olara öňden hem gelýän ynamsyzlygy has çuňlaşdyrýandygyny” aýtdy.

Türkmenistanda beýleki milletleriň wekillerinden türkmen däp-dessurlaryny berjaý etmek, türkmen milli eşiklerini geýmek we türkmen dilinde gürlemek talaplary köp ýyl bäri saklanyp galýar.

Şeýle-de, olaryň öz däp-dessurlaryny berjaý etmek, öz dilinde bilim almak ýaly hukuklary çäklendirilýär. Olara toýlarda öz dillerinde aýdymlary aýtdyrmak gadagan edilýär. Bu gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň we talaplaryň ählisi dilden berlen tabşyryk esasynda amal edilýär.

Şu ýyl Balkanyň häkimiýetleri welaýat derejesindäki “soňky jaň” dabarasyna, geçen ýyllardan tapawutlykda, diňe milleti türkmen bolan uçurymlar gatnaşmaly etdiler. Ýerli bilim işgärleri bu barada Balkanyň Baş bilim müdirliginiň dil üsti bilen tabşyryk ýaýradandygyny aýtdylar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň “jyns taýdan kemsitmäni ýazgarýandygyny we halklaryň arasynda özara düşünişmek syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny” aýdýarlar. Muňa garamazdan, ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleri etnik sebäplere görä hukuklarynyň bozulmagyndan zeýrenýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG