Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda başlanan pagta ýygymy ýene-de mejbury zähmet bilen utgaşýar


Býujetçilerden günde azyndan 20-25 kg pagta ýygnamak talap edilýär. (arhiw suraty)
Býujetçilerden günde azyndan 20-25 kg pagta ýygnamak talap edilýär. (arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň tas ähli etraplarynda pagta ýygymyna girişildi. Ozalky ýyllardan tapawutlylykda 10 gün çemesi ir başladylan bu işlere, adatça bolşy ýaly, býujetçiler hem mejbury çekilýär.

Häkimiýetler edara işgärleriniň zähmet rugsatlaryny çäklendirip, olaryň aýyň aýagyna pagta has köpçülikleýin gitmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar.

“15-nji awgustda welaýatyň Dänew, Seýdi, Saýat, Kerki, Farap we Çärjew sebitlerinde pagta ýygymy başlandy. Munuň bilen bagly, sebitiň edara-kärhanalary hem işgärlerini pagta iberip başladylar. Mejbury talapdan ýüz öwürýänleriň işden kowuljakdygy bilen haýbat atylýar. Ilatly nokatlaryň çetinde ýerleşýän kärende ýerlerine hem özümiz, şahsy ulagymyzda aşmaly bolýarys” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirenleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ol günüň dowamynda özlerinden azyndan 20-25 kilogram pagta tabşyrmagyň talap edilýändigini hem sözüne goşdy.

Ýöne edara ýolbaşçylary awgustyň 25-den soň, işgärleriň has köp böleginiň, şol sanda şenbe we ýekşenbe günleri hem pagta gitmeli boljakdyklaryny duýdurýarlar. Munuň bilen bagly, döwletiň edara-kärhanalary işgärleriniň agramly bölegini bu möwsümde, eden-etdilikli ýagdaýda, dynç alyşa hem goýbermeýärler.

“Mejburyýetiň başlanmagy bilen, býujetçileriň ýerine pagta ýygyp bermegi hödürleýän günlükçiler hem peýda bolup başlady. Bularyň arasynda maşgalasyna hemaýat berjek bolýan ýetginjekler hem köp. Olar gündelik 30-40 manat aralygynda pul soraýarlar. Döwlet işgärleriniň köpüsi, öz orunlaryna bulary hakyna tutanyny gowy görýärler. Ýolbaşçylara hem gündelik soralýan pagta ýygylsa bolany. Pagtany kimiň toplany olary gyzyklandyrmaýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Ýurtda pagta ýygymy möwsümi dekabryň ortalaryna çenli dowam edýär. Bu döwürde häkimiýetler býujet işgärlerini, käte esgerleri we mekdep okuwçylaryny köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada döwlet metbugatynda hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG