Lebap welaýatynda “E-Mekdep” ulgamy korrupsiýany azaltman, tersine bahalary galplaşdyrmak prosesinde has köp adamyň gatnaşmagyndaky "täze para ulgamyny döretdi" diýip, ene-atalaryň we bilim işgärleriniň ençemesi aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji maýda Lebap welaýatyndan maglumat berdi.
“Mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, uçurymlaryň şahadatnama bahalaryny para arkaly düzetmek, ýagny 3-4-lük bahalary 4-5-lik bahalara galplaşdyrmak möwsümi başlady we ol täze görnüşe geçdi. Indi diňe kagyz žurnallaryndaky däl, eýse E-Mekdep ulgamyndaky maglumatlary hem galplaşdyrmaly bolýarlar” diýip, lebaply bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 12-nji synpy tamamlaýan okuwçylar gutardyş synaglaryny tabşyrýarlar we olara orta bilim hakynda şahadatnama gowşurylýar.
Ýurduň bilim ulgamynda soňky ýyllarda geçirilýän “sanlylaşdyrma” çäreleriniň fonunda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan “E-mekdep” ulgamy 2024-nji ýylyň sentýabrynda işläp başlady.
Ilkibada Aşgabat we Arkadag, soňra-da tapgyrlaýyn esasda ýurduň beýleki welaýatlarynda işe girizilen bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär we onda beýlekiler bilen bir hatarda, okuwçynyň alan bahasyny onlaýn usulynda görüp bolýar.
"Paranyň ýokarlanmagyna getirdi"
“Elektron ulgamdaky baha bilen kagyz žurnaldaky baha gabat gelmeli. Şonuň üçin indi öňküler ýaly diňe mekdep ýolbaşçylary bilen ylalaşmak ýeterlik bolmaýar. Indi welaýat baş bilim müdirligindäki E-Mekdep moderatorlaryna ýa-da has ýokary derejedäki ýolbaşçylara hem para ýetirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Söhbetdeşlerimiz bu usulda paranyň birnäçe adamyň arasynda paýlaşylýandygyny belläp, munuň uçurymlaryň şahadatnama bahalaryny gaplaşdyrmagyň parasynyň ýokarlanmagyna hem getirendigini aýdýarlar.
“Bir okuwçynyň bahalaryny düzetmegiň bahasy köplenç 3-4 müň manat aralygynda bolýar. Geçen ýyllarda bu möçber onuň ýarysyna barabardy. Paranyň bir bölegi mekdep ýolbaşçylaryna galýar, beýleki bölegi bolsa maglumatlaryň elektron ulgamda ‘arassa geçmegi’ üçin dürli derejedäki işgärlere iberilýär” diýip, bilim işgäri belledi.
Onuň sözlerine görä, paranyň möçberiniň ýokarlandyrylandygyna garamazdan, uçurymlaryň şahadatnama bahalaryny gaplaşdyrmak isleýän ene-atalaryň sany az däl.
“Çagaň şahadatnamasynda 3-lük bolsa, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek mümkinçilikleri örän pes bolýar. Şonuň üçin köp ene-ata para bermäge mejbur bolýar. Käbirleri karz alyp pul tapýar” diýip, saýatly ene anonimlik şertinde aýtdy.
"Iň köp töwekgelçilik edýän mugallymlardyr"
Bu aralykda, mugallymlar bolsa bu prosesde iň köp töwekgelçilik edýän taraplaryň biri bolup galýar. Olaryň sözlerine görä, ýolbaşçylar para alýan bolsa-da, ähli galplaşdyryş işi mugallymlaryň üstüne ýüklenýär.
“Bizden täze žurnallary doldurmagy talap edýärler. Mugallymlar gijelerine çenli oturyp işlemäge mejbur bolýar” diýip, türkmenabatly bilim işgäri aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 15-nji maýda müdirligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly tamamlaýan mahaly, 12-nji synpy tamamlaýan okuwçy ýaşlara gutardyş synaglarynyň 4-lik we 5-lik bahalarynyň paranyň öwezine satylýandygy barada Azatlygyň habarçylary ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler. Bu tejribe ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hem dowam etdirilýär.
Mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesi ýaş nesliň eýýäm bilim ojaklarynda para, pula öwrenişdirilýändigini, munuň sowatsyzlygyň we korrupsiýanyň çuň kök urmagyna getirýändigini aýdýar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.
"Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum