Lebap welaýatynda, hususan-da, Türkmenabat şäherinde howanyň aşa gyzmagynyň arasynda, köçelerde hereket edýän döwlet we hususy eýeçilikdäki jemgyýetçilik awtobuslarynyň aglabasy gatnawyny bes etdi.
Bu barada resmi düşündiriş berilmeýän mahaly, awtobus gatnawyndaky bu bökdençlik hususy eýeçilikdäki taksileriň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
“Aşa yssy howada şäherde jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy tas doly diýen ýaly togtady. Şäheriň köçelerinde, şol sanda Nyýazow köçesiniň we Bitarap Türkmenistan şa ýolunyň ugrunda jemgyýetçilik awtobuslaryny tas ýok. Awtoduralgalarda oturyp, bir sagat garaşsaň-da ýekeje hem awtobus gelmeýär” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy soňky günlerde ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Şeýle-de, şäheriň esasy söwda nokatlary bolan “Gök” bazaryň we 5-nji bazaryň öňünde ozal onlarça hususy awtobus ýolagçylara hyzmat edýärdi. Häzir bolsa şol duralgalarda awtobus görmek juda kyn.
“Gök bazaryň we 5-nji bazaryň öňünde indi tas ýeke awtobus hem bolmansoň, adamlar öýlerine dolanmak üçin taksi tutmaga mejbur bolýarlar” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
"Yssydan goranmak tagallalary..."
Hususy awtobuslaryň eýeleriniň we sürüjileriniň birnäçesi munuň sebäbini howanyň aşa gyzmagy we yssydan goranmak tagallalary diýip düşündirýärler.
“Hususy awtobus sürüjileri, esasan, sowet döwründen galan köne awtobuslary ulanýarlar. Aşa yssy howada hereketlendirijiniň gyzyp zaýalanmagyndan ýa-da tehniki näsazlyklaryň ýüze çykmagyndan howatyrlanyp, olaryň köpüsini gündiziň iň yssy sagatlarynda gatnawa çykarmaýarys” diýip, hususy awtobus eýesi anonimlik şertinde aýtdy.
Soňky birnäçe gün bäri howanyň gyzgyny media serişdelerinde, şeýle-de howa maglumatlaryny çap edýän neşirlerde 37-39 gradus diýlip görkezilýärkä, Türkmenabatdaky termometrlerde 45 gradusa ýetýändigini görse bolýar.
Bu aralykda, ýerli häkimiýetler şäheriň köçelerinde döwlete degişli awtobuslaryň hereketiniň azalmagynyň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Bu barada Türkmenabadyň ýaşaýjylaryny ýolagçy awtobuslary we taksileri bilen üpjün edýän “Lebap awtoulag” önümçilik birleşiginiň resmi web sahypasynda hem hiç hili bildiriş ýa maglumat berilmeýär.
Ýöne döwlet we hususy awtobus gatnawlarynyň aglabasynyň togtamagy ilat arasynda taksi hyzmatlaryna bolan talabyň artmagyna getirdi. Bu hem, hususy eýeçilikdäki taksileriň bahasynyň azyndan 50% ýokarlanmagyna sebäp boldy.
"Öň 10 manatdy... indi 15 manat soraýarlar"
“Öň iki awtobus duralgasynyň aralygy üçin taksi 10 manatdy. Indi şol ýol üçin 15 manat soraýarlar. Bazardan öýe gaýtmak bolsa käbir ugurlar boýunça 50 manada çenli çykýar. Bu köp maşgala üçin örän gymmat” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleriň soňky ýyllarda daşary ýurtlardan täze awtobuslaryň satyn alynýandygy, şol sanda gündogar welaýata täze jemgyýetçilik awtobuslarynyň iberilendigi barada wagtal-wagtal habar berdiler.
2024-nji ýylyň aprelinde hökümet “Lebap awtoulag” önümçilik birleşigine “Toyota” kysymly 200 sany täze awtobus berdi. Munda ozal bolsa, has takygy 2023-nji ýylyň bahar aýlarynda bu birleşigiň düzüminde “Iran Hodro” we “Hyundai” ýaly dürli kysymly we beýleki awtobuslaryň 200 sanysynyň bardygy mälim bolupdy.
Muňa garamazdan, resmi sanlara görä, 1 million 400 müň çemesi ilaty bolan gündogar welaýatda köpçülikleýin transport serişdeleriniň üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýyllarboýy dowam edýär.
Şäher ýaşaýjylary, resmi sanlara görä, 230 müňden gowrak ilaty bolan Türkmenabatda täze awtobuslaryň gatnawynyň öňden bäri seýrek bolmagynda galýandygyny, ýerli resmileriň munuň sebäbini düşündirmeýändigini aýdyp gelýärler.
Türkmenabadyň köçelerinde hereket edýän jemgyýetçilik awtobuslarynyň sanynyň azalandygy barada şu ýylyň aprelinde hem maglumatlar gelip gowşupdy. Şonda şäher ýaşaýjylary munuň öz gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini, goşmaça çykdajy edip, hususy transportdan peýdalanmaga mejbur bolýandyklaryny aýdypdylar.
Hökümetçi neşirler şu ýylyň 28-nji aprelinde çap eden maglumatlarynda “Lebap awtoulag” önümçilik birleşiginiň ýylyň geçen döwründe ýolagçylaryň 6 million 75 müňden gowragyny gatnadyp, meýilnamany 102,5 göterim ýerine ýetirendigini habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum