Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda MHM we polisiýa “Starlink” ulanyjylaryny gözleýär

Köp gatly ýaşaýyş jaýlary (Illýustrasiýa suraty)
Köp gatly ýaşaýyş jaýlary (Illýustrasiýa suraty)

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň we polisiýanyň işgärleri ilat arasynda “Starlink” Internet aragatnaşyk ulgamyny ulanýan raýatlary gözleýärler.

Bu waka, ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda barha köp raýatyň Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin “Starlink” enjamyndan peýdalanýan mahalyna gabat gelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Soňky günlerde öýlere gelip, üçekleri barlaýan toparlaryň sany artdy. Gelip, göni üçege çykýarlar. Kimde näme bar — barlaýarlar. “Starlink” tapylan ýagdaýynda enjamy alyp gidýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde aýtdy.

Bu barlaglar bilen ýüzbe-ýüz bolan şäher ýaşaýjylarynyň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, “Starlink” enjamyny ulanan ýaşaýjylaryň arasynda tussag edilip, şäheriň polisiýa bölümlerine alnyp gidilen raýatlar hem bar.

“Olar köplenç polisiýanyň Ikinji bölüminde saklanýar. Olaryň soňky ykbaly belli däl” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

“Içalylaryny ulanmak bilen...”

Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, howpsuzlyk we polisiýa işgärleri barlaglaryň sebäpleri barada anyk we doly maglumat bermeýärler.

“Olaryň käbirleri diňe daşary ýurtlaryň sputnik Internet enjamlaryny, şol sanda “Starlink” aragatnaşyk serişdesini ulanmagyň gadagandygyny aýtmak bilen çäklenýärler” diýip, türkmenabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu maglumaty şäheriň polisiýa bölümleriniň birindäki çeşmämiz hem tassyklap, “Starlink” enjamyny ulanyjylara garşy gözegçiligiň diňe bir açyk barlaglar bilen çäklenmän, eýsem gizlin usullar arkaly hem alnyp barylýandygyny aýtdy.

Çeşmämiziň sözlerine görä, MHM we polisiýanyň işgärleri anten ussalarynyň arasyndaky “içalylaryny” ulanmak bilen jaýlaryň üçeklerinde bar bolan dürli antennalaryň arasynda “Starlink” enjamlaryny anyklamaga synanyşýarlar.

“Bu ussalar adaty telewizion ýa-da beýleki antennalary barlaýan ýaly bolup çykýarlar, ýöne olaryň maksady başga — “Starlink” antennaalaryny tapmak. Ussalaryň arasynda öz adamlary bar, olar nirede nähili antennanyň bardygyny habar berýärler” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu barlaglar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň Polisiýa müdirliginden telefon arkaly resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji aprelde eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

“Eýelerine nähili çäre görülýändigi heniz belli däl”

Garaşsyz neşir “Turkmen.news” MHM-niň, polisiýanyň, prokuraturanyň we Aragatnaşyk ministrliginiň işgärleriniň paýtagt Aşgabatda we Ahal welaýatynyň Änew şäherinde reýdleri geçirip, “Starlink” enjamlaryny gözleýändigini habar berdi.

“Aprel aýynyň ortalaryndan bäri geçirilýän reýdleriň çäginde ýaşaýyş jaýlarynda, ofislerde we täjirçilik jaýlarynda, esasan hem üçeklerde barlaglar geçirilýär. Tapylan islendik “Starlink” enjamy konfiskasiýa edilýär. Olaryň eýelerine nähili çäre görülýändigi heniz belli däl” diýip, neşir 22-nji aprelde çap eden maglumatynda belleýär.

Bu wakalar, ilatyň Internet elýeterliligini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklaýan Türkmenistanda barha köp raýatyň Internet petiklemelerini böwsüp geçmek üçin “Starlink” enjamyndan peýdalanýan mahalyna gabat gelýär.

Geçen ýylyň güýz paslynda Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylarymyz käbir gurply hojalyklaryň goňşulary bilen goşulyp, pul toplap, daşary ýurtlardan gizlin getirilýän “Starlink” enjamyny satyn alýandygyny habar berdiler.

“Adamlar başga ýol ýok diýýärler”

Habarçymyz bahasy 2500 dollara çenli ýetýän bu enjamy ulanmagyň ýurtda gadagandygyna garamazdan, köp raýatyň “Starlinkden” gizlin peýdalanýandygyny aýdýar.

“Adamlar başga ýol ýok diýýärler. Sebäbi Türkmenistanda ilata hödürlenýän Internetiň tizligi juda pes, bahasy gymmat, üstesine-de, yzygiderli kesilip durýar. Ýerli prowaýderiň hödürleýän Internetiniň tizligi 4-6 mb/s, “Starlinkiň” Internet tizligi 200 mb/s -a çenli ýetýär” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Halkara barlaglarda dünýäde iň haýal we gymmat Internetli ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde, Internet azatlygyny gysmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.

Ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň Internet üpjünçiligindäki meseleler barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG