Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luhanskda ulag partlamasynda Russiýanyň dikme resmisi öldi


Mihail Filiponenko (arhiw suraty)
Mihail Filiponenko (arhiw suraty)

Ukrainanyň Russiýa tarapyndan okupirlenen Luhansk sebitinde ýerli geňeşiň agzasy Mihail Filiponenko ulag partlamasynda heläk boldy. Bu barada onuň ogly 8-nji noýabrda mälim etdi.

Munuň bilen bagly, başga goşmaça jikme-jik bada-bat elýeterli bolmady.

Filiponenko Luhanksda Moskwa tarapyndan goldanylan separatistleriň ýolbaşçysy bolupdy.

Onuň janyna geçen ýylyň fewralynda, Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli hüjüme geçmeginden birnäçe gün soň hem kast edilendigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG