Balkan welaýatyndaky AIW/AIDS merkezlerinde hasapda duran näsaglara sebitiň saglyk edaralary tarapyndan berlen käbir derman serişdeleriniň berilmegi bes edildi diýip, lukmanlaryň birnäçesi aýdýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lukmanlar munuň ýiti ýokanç keselinden ejir çekýän adamlaryň saglygynyň has-da agyrlaşmagyna getirýändigini gürrüň berdiler. Sebitiň saglyk resmiler bu barada düşündiriş bermekden saklanyp, telefony taşlamak bilen boldular.
“AIW/AIDS hassalary üçin zerur bolan immunomodulýasiýa ediji we imunastimulýatorlar hataryndaky dermanyň we sanjymyň berilmegi bes edildi. Saglyk müdirligi indi bu näsaglara bu derman serişdelerini bermegi hem köp görýär” diýip, ýagdaýlardan ýakyndan habarly balkanabatly lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Bu pudakda işleýän we AIW/AIDS näsaglarynyň saglygyna gözegçilik edýän maşgala lukmanlarynyň birnäçesi diňe dermanyň 5 dänesiniň 200 manada barabardygyny we munuň diňe bäş güne ýetýändigini aýdyp, näsaglaryň köpüsiniň bulary özbaşdak almaga maddy mümkinçiliginiň ýokdugynyň aýdýar.
“Gynansak-da, bu derman serişdelerini alyp bilmeýän näsaglaryň saglygy has-da ýaramazlaşyp, horlanyp başlaýar. Olaryň arasynda ölýänler hem bar. Şol sebäpli olaryň immun ulgamlaryny goldaýan bu dermanlary almagy örän möhüm” diýip, balkanly maşgala lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
Lukmanlaryň sözlerine görä, Balkanabat şäherindäki Saglyk müdirliginiň resmileri derman serişdeleriniň berilmeginiň bes edilmeginiň sebäbini düşündirmeýärler.
Resmiler teswir bermekden saklanyp, telefony taşladylar
Azatlyk bu barada resmi teswir almak üçin ilki welaýatyň Saglyk müdirligi bilen habarlaşdy. Bu ýerde 10-njy noýabrda telefona jogap beren resmi bu soraglara welaýatyň AIW/AIDS merkeziniň jogap berýändigini aýtdy. Merkezde telefona jogap beren jogapkär resmi soragymyzy diňländen soň, telefony taşlady. Şondan soňky eden telefon jaňlarymyza hiç kim jogap bermedi.
Redaksiýamyz 11-nji noýabrda bu merkeze ýene jaň etdi. Ýöne telefona jogap beren resmi “AIW/AIDS näsaglaryna käbir derman serişdeleriniň berilmeginiň bes edilendigi barada maglumatlar gelip gowuşdy, bu dogrumy? Dogry bolsa, näme üçin bes edildi?” diýen soraglarymyzy diňländen soň, ýene telefony taşlamak bilen boldy.
Mundan birnäçe ýyl ozal Ýewropa göçüp gelen we AIW ýolugan türkmenistanly migrant Dawut Ömerow 10-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda mundan ozal, ýagny 2020-nji ýyllaryň başynda bu derman serişdeleriniň türkmen hökümeti tarapyndan däl-de, daşary ýurt halkara guramalarynyň hemaýatkärliginde berlendigini aýtdy. Ýöne ol munuň soňky ýyllarda nähili tertipde amal edilendiginden habarsyzdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Bu örän çynlakaý mesele, bu örän ýaramaz signal. Sebäbi näsaglaryň immun ulgamyny goldamak üçin zerur bolan bu derman serişdelerinden mahrum edilmegi olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hiline we ömrüniň uzaklygyna ýiti täsir eder. Türkmenistanda olara berilýän goldaw onsuz hem örän çäklidi” diýip, Ömerow belledi.
Türkmenistan resmi taýdan ýurtda AIW/AIDS hadysalarynyň hasaba alynmandygyny ýa-da olaryň sanynyň örän azdygyny habar berýär. Şeýle-de, türkmen hökümeti bu baradaky resmi statistikany aç-açan mälim etmeýär.
“7 sany AIW/AIDS merkezinde 2 müňe golaý raýat hasapda dur”
Ýagdaýlardan habarly saglyk işgärleriniň birnäçesi Türkmenistanda jemi 7 sany uly AIW/AIDS merkeziniň hereket edýändigini we bularda 2 müňe golaý raýatyň hasapda durandygyny aýtdy.
Ýöne olar bu görkezijiniň has ýokary bolmagynyň gaty mümkindigini, sebäbi wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň, hususan-da, soňky ýyllarda göz-görtele artandygyny hem sözüniň üstüne goşdular.
“Diňe meniň gözegçiligimdäki kwartalyň özünde onlarça AIDS näsagy bar” diýip, ýagdaýlardan habarly maşgala lukmanlarynyň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara toparlar, garaşsyz bilermenler we synçylar ýurtda resmi maglumatlaryň açyklygynyň ýoklugyna ünsi çekip, AIW/AIDS bilen ýaşaýan adamlaryň hakyky sanynyň has köp bolup biljekdigini çaklap gelýärler.
AIW ýolugan türkmenistanly migrant Dawut Ömerow hem muny goldap, AIW/AIDS ýolugan türkmen raýatlarynyň sanynyň 2 müňden has köp bolup biljekdigini, sebäbi ýurtda bu wirusa, keselçilige ýolugan köp adamyň AIW/AIDS merkezine ýüz tutmakdan saklanýandygyny aýtdy.
“Muňa biziň jemgyýetimizde kesele ýolugan adamlaryň ýekirmelere we üzňeleşdirmelere sezewar edilmegi sebäp bolýar. Men AIW/AIDS bilen ýaşaýan, ýöne hasapda durmaýan köp adamy tanaýaryn. Bu örän çynlakaý mesele. Olar iň ýönekeý, iň zerur saglyk kömegini hem alyp bilmeýärler” diýip, Ömerow aýtdy.
“MHM olaryň bedenine ýörite yzarlaýjy GPS enjamlaryny ýerleşdirdi”
Bu maglumaty ýerli lukmanlar hem tassyklap, olaryň, hususan-da, AIDS näsaglarynyň jemgyýetden üzňeleşdirilmeginiň häkimiýetler tarapyndan goldanýandygyny aýtdy.
“Halkymyzyň arasynda beýle-de dursun, hat-da entek hökümetimizde hem AIDS näsaglaryna gatnaşyklar medeniýeti şekillenmedik. Sebäbi häkimiýetler olaryň hereketlerini berk gözegçilikde saklaýarlar. Hat-da MHM olaryň bedenine ýörite yzarlaýjy GPS enjamlaryny ýerleşdirip, nirä gidendiklerine berk gözegçilik edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly maşgala lukmany anonimlik şertinde aýtdy.
Şeýle-de, ol maşgala lukmanlaryna näsaglardan habar almana baranda öýlerine girmän, gapylaryndan gürleşip, ýagdaýlaryny sorap, maglumat alyp gaýtmagyň berk tabşyrylýandygyny hem belledi.
“Döwletiň bu syýasaty bu hassalyga duçar bolan raýaty beter strese düşürip, onuň wagtyndan öň ölmegine hem sebäp bolup bilýär. Aslynda AIW/AIDS howadan dem alyş ýollarynyň üsti bilen ýokuşýan wirus däl we häzirki döwürde olara dogry bejergi we mental taýdan goldamak üçin söhbetdeşlik bejergileri berlen ýagdaýynda olaryň ömri onlarça ýyl uzap bilýär” diýip, lukman sözüni üstüne goşdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada hem sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Saglyk müdirliginden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji noýabrda müdirlige eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Galyberse-de, ol AIW/AIDS-e ýolugan köp adamyň öz ýakynlary tarapyndan öýünden kowulýan halatlaryna, olaryň köçede, seýilgählerde ýa-da jaýlaryň ýerzeminlerinde ýatyp-turmaly bolýandygyna hem ünsi çekip, şeýle diýýär:
“Bu ýagdaý has-da howply. Sebäbi ol näsag gaty ýerde ýatanda bir ýeri ganasa, we ol ýerde oýnap ýören çagalar gany elläp, elini bilmän agzyna ýa-da burnuna degirse, AIW/AIDS ýokuşmak howpy uly. Kä halatlarda köçeden olaryň jesetlerini ýygnamaly bolýar. Şonda käte polisiýa işgärleri bilmän elliksiz ganap duran ýaralary bolan jesedi ellände, wirus ýokuşyp bilýär. Şol sebäpli hökümetde we adamlarda bu näsaglara gatnaşyk medeniýetini şekilledirmek örän möhüm” diýip, maşgala lukmany belledi.
“Olaryň ýaşamak hukugy ellerinden alynmaly däl”
Şeýle-de, lukmanlar hökümetiň bu mesele boýunça raýatlar bilen düşündiriş işlerini geçirmelidigi, näsaglar üçin bolsa, ýörite ýaşaýyş öýlerini açyp, olara zerur bejergileri bermelidigini hem aýdýarlar.
“Olaryň ýaşamak hukugy ellerinden alynmaly däl. Ýöne gynansak-da, bu häzirlikçe mümkin däl” diýip, balkanly lukman belledi.
Türkmen dilinde ynsan saglygy bilen bagly maglumatlary çap edýän “Saglyk” neşiriniň hünärmenleri adamyň immunýetmezçilik wirusy, ýagny AIW bilen adamyň immunýetmezçiliginiň döredýän sindromynyň, ýagny AIDS keseliniň arasyndaky ara tapawudy düşündirýärler.
“Adama AIW wirusy ýokuşyp, ol birnäçe ýylyň dowamynda bejerilmedik halatynda AIDS keseline öwrülip bilýär. Bu wirus AIDS keseline öwrülýänçä 5-12 ýyl wagt geçip bilýär” diýip, neşir ýazýar.
Türkmenistanda AIW/AIDS näsaglaryna zerur ýolan derman serişdeleriniň berilmeginiň bes edilendigi baradaky maglumatlar, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokançly adamlar ýüze çykarylan mahalynda lukmançylyk kömegini bermegiň tertibini tassyklamagyndan iki ýyl soňa gabat geldi.
2024-nji ýylda kabul edilen resminamada “täze düzgünnamanyň Türkmenistanda bu kesele ýolugan raýatlara berilýän lukmançylyk kömeginiň hilini we elýeterliligini artdyrmaga gönükdirilendigi” aýdyldy. Saglyk ministriniň şol ýylyň 15-nji iýulynda gol goýan degişli buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan şol ýylyň 8-nji awgustynda döwlet belligine alyndy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýyllarboýy aç-açan maglumat, düşündiriş bermän gelýärler.
Şol bir wagtda, häkimiýetler köp türkmenistanlyny, şol sanda ýurduň daşyndan baran türkmen raýatlaryny we aýal-gyzlary AIW/AIDS barlaglaryndan geçmäge mejbur edýärler. Şeýle barlaglar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky gezek şu ýylyň fewral aýynda maglumat beripdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum