Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maduro tussag edileninden soň, türkmen harbylary ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirildi - Çeşmeler


Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan prizidenti Nikolas Maduranyň we onuň aýalynyň ABŞ tarapyndan tussag edilmegine begençlerini bildirýän adamlar.
Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan prizidenti Nikolas Maduranyň we onuň aýalynyň ABŞ tarapyndan tussag edilmegine begençlerini bildirýän adamlar.

Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan prizidenti Nikolas Maduranyň ABŞ tarapyndan öýünde, düşekde ýatan wagty tussag edilmeginiň yz ýany Türkmenistanyň deňiz goranyş ulgamlaryndaky, howa goranyşyndaky we guryýer serhetlerindäki hüşgärlik derejeleri mundan öň görülmedik derejede ýokarlandyryldy diýip, Azatlygyň habarçysy deňiz flotunyň öňki serkerdesine we beýleki çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Redaksiýa, howpsuzlyk aladalary sebäpli, çeşmeleriň atlaryny aýtmaýar we redaksiýada saklaýar.

Azatlygyň 3-nji ýanwarda habar berşi ýaly, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň Günorta Amerika ýurduna giň gerimli zarbalar urlanyndan soň tutulandygyny yglan etdi .

Deňizçi serkerdeler 4-nji ýanwarda, daň bilen hyzmatdaşlyga çagyryldy

Azatlygyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, Goranmak ministrligi bu habardan soň harby gämiler bilen bagly meselelerden professional derejede baş çykarýan öňki gämi kapitanlaryny, deňizçi serkerdeleri 4-nji ýanwarda, daň bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.


Olardan Türkmenbaşydaky Janga deňiz serhet flotuna degişli ştabda, göni ýaýlymda, wagtlaýyn işläp bermekleri soraldy. Bu hyzmatdaşlygyň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl.

Azatlyk radiosy, ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, bu habar barada resmi Aşgabatdan hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär. Garaşsyz metbugatyň maglumatlaryna görä, türkmen goşuny soňky ýyllarda örän çylşyrymly ýagdaýlar, şol sanda harby işgär meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Dünýäde bolup geçýän wakalar, şol sanda Wenesuelanyň prezidentiniň ABŞ tarapyndan tussag edilmegi uly Berdimuhamedowy alada goýýana meňzeýär, diňe bir deňiz güýçlerine däl, eýsem, howa goranyş ulgamlaryna, serhet goşunlaryna-da “aýratyn hüşgärlik” tabşyryldy diýip, çeşme aýtdy.

Ýönekeý adamlaryň köpüsi ABŞ-nyň harby kuwwatyna 'haýran galdy'

Onuň pikiriçe, türkmen hökümetiniň aladalary ýurduň döwlet eýeçiligindäki metbugatynda aýdylýan däl-de, hakyky ýagdaýlary, ‘hakyky biabraýlyklary’ bilen baglanyşykly bolup biler.

Azatlygyň habarçysy öňki serkerdäniň pikirini anyklaşdyrmagyny soranda, ol “Türkmenistanyň dünýäde öz raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda din azatlygy, metbugat, söz erkinligi hukuklaryny bozýan ýurt hökmünde giňden tanalýandygyny we, boýun alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde iň bir yzadaky üçlüge girýän ýurt hökmünde tankyt edilip gelinýändigini” aýtdy.

Habarçylarymyzyň aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylarynyň pikirlerinden çen tutulsa, bu waka ilat arasynda dürli pikirleri we garaýyşlary döretdi.

Ýönekeý adamlaryň köpüsi Birleşen Ştatlaryň harby kuwwatyna, 30 milliona golaý ilatly ýurduň prezidentini şeýle çalt tussag edip, alyp gaýdyp bilşine haýran galýar, intelligensiýa wekilleriniň käbiri bu wakadan soň dünýäde adam hukuklaryny, internet, söz we hereket azatlygyny çäklendirýän awtoritar ýurtlar öňki syýasatyndan el çeker diýip umyt edýär.

Bu waka 'awtokratýadan el çekmelidigi' barada 'signal höküminde garamaly'

“Bu waka türkmen hökümetiniň awtokratýadan el çekip, halka üns berip, erkinlik berip, syýasy tussaglary boşadyp, erkin metbugata erkin pikir bildirýänleri gynap öldürmek tejribesinden el çekmelidigi hakda bir signal höküminde garamaly” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.


Onuň pikiriçe, polisiýa tarapyndan gynalyp öldürilen diýip bilinýän Hitrowskiniň ölümi bilen bagly ýagdaýlar derňelip, günäsi subut edilen adamlar jogapkärçilige çekilmeli.

Ýatlatsak, Azatlyk Hitrowski lakamy bilen tanalan Didar Amansähedowyň ýitirim bolandygy barada geçen ýylyň dekabrynda habar beripdi we soňra onuň jaýlanan ýeri tapyldy.

“Adamlar Maduronyň tussag edilenini eşidip, Türkmenistanda hem diktator režimiň soňunyň geljegine umyt baglaýarlar. Ýurtdaky işsizlik, aýlyk haklarynyň azlygy, korrupsiýanyň ösmegi, adamlaryy gorkyda saklanmagy halky ýadatdy” diýip, bir ýaşaýjy bu ýagdaýlaryň ahyrynda ilaty aýaga galmaga eltjekdigi hakynda köp gürrüň edilýändigini aýtdy.

Wenesuelanyň gyrakladylan prezidenti Nikolas Maduro ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň Nýu-Ýorkdaky edarasynda.
Wenesuelanyň gyrakladylan prezidenti Nikolas Maduro ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş gullugynyň Nýu-Ýorkdaky edarasynda.

“New York Times” gazetiniň adynyň agzalmazlygy şertinde gürleşen ýokary derejeli wenesuelaly resmä salgylanyp ýazmagyna görä, ABŞ-nyň Wenesueladaky operasiýasy netijesinde azyndan 40 adam, şol sanda harby gullukçylar we asuda adamlar heläk boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu operasiýada amerikan harby gullukçylarynyň hiç biriniň ölmändigini, ýöne birnäçesiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti Wenesuelanyň prezidentiniň ABŞ tarapyndan tussag edilmegine hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Türkmen metbugaty bu hili wakalar barada ilata maglumat bermegi köplenç zerur hasaplamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG