Dagystanyň Saglyk ministrligi Mahaçkala howa menzilindäki bidüzgünçiliklerde 20-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, olaryň 10-synyň agyr ýaralanandygyny, iki adamyň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi. Şeýle-de, azyndan 9 polisiýa işgäriniň ýaralanandygy, olaryň iki sanysynyň keselhanada bejergi alýandygy aýdylýar.
Polisiýa Mahaçkala howa menzilindäki bidüzgünçilige “işjeň ganataşan” adamlaryň 150 sanysynyň şahsyýetini kesgitledi, olaryň 60-sy tussag edildi diýip, Demirgazyk Kawkazyň federal Içeri işler ministrliginiň baş müdirligi aýtdy.
Dagystanyň ýolbaşçysy Sergeý Melikow düýnki wakalar boýunça birnäçe jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi. Şeýle-de, ol "hiç kime geçirimlilik edilmejekdigini" aýtdy.
Şol bir wagtda, resmi protestleriň sebäbini "daşary ýurtlar, şol sanda Ukraina tarapdar telegram kanallary arkaly ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak üçin edilen synanyşyklar" bilen baglanyşdyrmaga çalyşdy.
Federal howa transport gullugy howa menziliniň işiniň togtadylan wagtyny azaltdy we ol 31-nji oktýabr gijesinde gaýtadan açylar. Ilki howa menziliniň 6-njy noýabra çenli ýapyljakdygy çaklanýardy.
Bazar güni agşam birnäçe ýüzden müňe çenli adam, Tel Awiwden gelýän ýolagçy uçarynyň gonýan wagtynyň öň ýanyndan, anti-semit protestini guranmak üçin Mahaçkala howa menzilini ele geçirdi. Ýygnananlar Ysraýyla garşy nägilelik bildirdiler we ýewreýleriň bu sebitden kowulmagyny talap etdiler.