Mary welaýatynda howanyň temperaturasy +45 gradusdan aşdy, sowadyjy enjamlaryň köp ulanylmagy bilen baglylykda, elektrik üpjünçiliginde bökdençlikler döreýär, häkimiýetler ilatyň soraglaryna jogap bermeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
“Watan habarlary” 15-nji iýunda Mary sebitindäki howanyň temperaturasynyň +35-+40 gradus aralygynda bolandygyny habar berdi. Türkmen metbugaty adatça howa maglumatlaryny has anyklaşdyryp, howadaky üýtgeşmeleriň ilata, ykdysadyýete ýetirýän täsirlerini anyklaşdyrmaýar.
“Howanyň gyzgynlygy indi üç gün bäri, saýaly ýerlerde, kölegede ölçäniňde hem 45 gradusa barýar, açyk meýdanda, günüň aşagynda gyzgynlyk 45 gradusdan hem aşýar” diýip, maryly hünärmen bu ýagdaýyň ilatyň durmuşynda goşmaça kynçylyklary döredýändigini hem sözüne goşdy.
Howanyň gyzmagy elektrik üpjüçiligiliginiň 'sepini açýar'
Ýurduň sebitlerinde, etrap, oba ýerlerinde infrastruktura, elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak meselesinde edilýändigi aýdylýan uly işlere garamazdan, Türkmenistanyň ilaty howanyň aşa sowan ýa-da gyzan aýlarynda köplenç energiýa meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emma hökümet bu ýagdaýy açyk boýun alyp, onuň mümkin bolan sebäpleri barada düşündiriş bermeýär.
“Türkmengala etrabynda häzir transformatorlar gyzgyn howa çydaman, gaýnap hatardan çykýar. Transformatorlaryň hatardan çykyp, ilaty toksuz goýmagy, öz gezeginde, adamlaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Tok yzygiderli kesilýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen söwda işgäri bu ýagdaýyň näçe dowam etjekdigini hiç kimiň bilmeýändigini aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen satyjylaryň tassyklamagyna görä, 3 gün bäri, howa gyzyp başlanyndan, öňki ýyllarda hem bolşy ýaly, elektrik togunyň berilmegi ýygy-ýygydan kesilip başlaýar.
“Toguň kesilmegi sowadyjylarymyzyň buzuny eredip, olaryň içindäki harytlary, ýagny, buz gaýmak, et önümleri, kolbasa, syr, süýt-gatyk ýaly zatlarymyzy zaýalaýar. Her dükana gelen adam sowuk suw soraýar, emma ‘sowuk suw ýok’ diýmeli bolýarys” diýip, dükan satyjysy howanyň gyzmagynyň hem özlerine, hem ilata hemme taraplaýyn ‘gymmat düşýändigini’ belledi.
Emma Türkmenistanda, maglumat ýapyklygy sebäpli, elektrik üpjünçiliginiň kesilmeginiň ýetirýän maddy zyýanyny kesgitläp bolmaýar.
Ýerli häkimiýetler 'biz nädeli?' diýýärler
Diňe dükanlarda däl, şahsy hojalyklarda, syrkaw ýa ýaşuly adamlar, ýaş çagalar bolsa, sowadyjy enjamlar işlemese, gündizlerine, käte gije hem gaty kyn ýagdaýlar döräp bilýär, emma bu meselede arz edip barara ýer ýok diýip, oba ýaşaýjysy häkimiýet wekilleriniň köplenç diňe ‘biz nädeli?’ diýip jogap berýändigini aýtdy.
Tok üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegi oba ýerlerinde, daýhanlar, çopanlar üçinem uly kynçylyk döredýär.
“Daýhanlar, olaryň çagalary akar ýaplarda suwa düşüp, yssy howada biraz salkynlamagy gowy görýär. Adamlar mallaryny hem ýapda suwa salyp, olaryň yssydan geçmegine kömek edýärler. Ýöne tok kesilse, suw nasoslary işlemän, ýaplaryň suwy çekilýär, käte mallary suwa ýakmaga hem suw tapdyrmaýar” diýip, adynyň, obasynyň aýdylmazlygyny soran kärendeçi aýtdy.
Saglyk işgärleri yssy howanyň lukmanlara ýüz tutýan adamlary birden köpeldendigini aýdýarlar.
“Gün urup, ‘kellämden gün geçdi’ diýip, soňky günler hassahana ýüz tutýan uly adamlar we çagalar köpelýär. Munuň sebäbi diňe yssy howa hem däl. Her ýyl orta mekdeplerdäki okuw tamamlanandan soň, çagalar we uly adamlar, yssyda kelläm gyzýar diýip, saçyny syrdyrýar. Soň ol çagalar kelleýalaňaç mal bakmaga çykýar, uly adamlar potrat işine gidýär. Şeýdip, ‘kelleden gün geçdi’ şikaýaty köpelýär” diýip, bir lukman aýtdy.
'Mümkinçiligi pes' näsag köpelýär
Saglyk işgärleriniň tassyklamagyna görä, häzir gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerinde işleýän gyzlaryň, aýal maşgalalaryň arasynda hem ‘içinden ýalyn geçdi’, sowuk suw bolmansoň, ‘güne gyzyp duran suw içdi’, ‘gyzgyn gawun, garpyz iýdi’ diýilýän näsaglar köpelýär.
“Daýhanlar hem hassahana ýüz tutýarlar. Olar ‘içimiz geçýär’ diýýärler. Emma ‘biz günlükçi daýhan, pulumyz çäkli, derman satyn almaga ýagdaýymyz ýok’ diýýänleri hem kän” diýip, lukman aýtdy.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar soňky ýyllarda hassahanada bejergi almaga puly, mümkinçiligi ýok adamlaryň köpelýändigini aýtdylar.
“Lukmanlar ‘töleg etmäge mümkinçiligim ýok’ diýip aýdýanlara ‘puluňyz bolmasa, hassahana gelmäň, öýüňize gidiň, mugt maslahatymyz - ýüzärlik dänesini içiň’ diýýärler” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda ýylyň-ýylyna gaýtalanýan yssy howaly aýlarda, öýünde ýa meýdan işleri bilen bagly, zerur şertleriň bolmazlygy netijesinde kyn ýagdaýa düşýän, heläk bolýan adamlaryň hem az däldigi aýdylýar. Emma bu meseledäki maglumatlar açyk çap edilmeýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky yssy howa we onuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum