Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda daçalaryň, bagçylyk üçin berlen ýerlerde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýykyljakdygynyň duýdurylýandygyny habar berýärler. Bu duýduryşy resmi taýdan tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek mümkinçiligi ýok. Türkmen resmileri garaşsyz neşiriň düşündiriş baradaky soraglaryna jogap bermeýärler.
Nobatdaky jaý, emläk maglumaty Aşgabadyň etegindäki, Änew we Gämi töwereklerindäki daça jaýlarynyň birden, garaşylmadyk ýagdaýda ýumrulmagynyň yz ýanyna gabat gelýär. Maý aýynda ýumrulan jaýlaryň eýelerine göçmek üçin juda az wagt berildi we şonda ýaşaýjylaryň biri indi Aşgabat töwereginde hususy jaý edinmegiň ‘gorkuly’ bolandygyny aýtdy.
Türkmen paýtagtynyň özünde we töwereginde adamlaryň hususy jaýlarynyň ýykylmagy, ýaşaýjylaryň emläklerini ýitirmegi we uly zyýana galmagy tas adaty ýagdaýa öwrülen bolsa, sebitlerde bu hili ‘uly alada’ ýokdy diýip, synçylar aýdýar.
Garagum kanalynyň ýakasyndaky daçalaryň 'aladasy köpeldi'
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly çeşme Garagum kanalynyň geçýän ýerleriniň golaýyndan berlen ýerlerde gurlan daça jaýlarynyň “ýakyn wagtyň dowamynda ýykyljakdygyny” aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, kanal boýunda gurlan daça jaýlary häzirden, “gyssagly ýagdaýda satlyga çykarylýar”.
Mary häkimliginiň ýer gurluşyk bölüminiň işgärleriniň birnäçesiniň aýry-aýrylykda, anonimlik şertinde tassyklamagyna görä, daça jaýlarynyň ýykyljakdygy baradaky gürrüň hakykatdan hem bar.
Ýykyljak diýilýän daça jaýlarynda ýaşaýanlaryň käbirine “ýokarda işleýänleriň garyndaşlary tarapyndan resmi däl duýduryş berildi” diýip, çeşme aýtdy.
“Bu habar ilki Serdar ikinji suw toplum geňeşliginde, öň Budýonny diýilýän obada ýaýrady. Şol obanyň gyrasy Garagum kanaly bilen serhetleşýär. Şol ýerlerde gurluşyk edilen daça, mellek ýerleri bar. Käbir adamlar ol ýerdäki öýlerini kireýine berip, eklenç etmek üçin ulanýar” diýip, çeşme aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, kireýine berilýän jaýlaryň köpüsiniň müşderileri wezipeli adamlar bolup, olaryň çagalary bu daçalarda dynç alýarlar, myhman kabul edýärler.
“Garagum kanalynyň ýakynynda ýerleşýän öýler, mal ýataklary, bag-bakja, ekerançylyk ýerleri boşadylyp, tekizlenmeli” diýip, daça jaýlaryny ulanýan wezipeli adamlaryň biri bu maglumaty anonimlik şertinde tassyk etdi, ýöne goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Adamlar jaýyny garaşaryna satmaga hem kaýyl boldy
“Jaýyny satjak bolýan gaty kän. Garaşaryna hem satmaga kaýyl. Jaýlaryň ýykyljagyny bilmeýänler hem bar, ‘gowy ýer’ diýip, satyn aljak bolýanlar hem bar. Jaýlaryň ortaça bahasy gurluşyga görä, içi basseýnli, saunaly, dynç alyş şertleri gowy düzedilen bolsa, ortaça nyrhy 50 müň ABŞ dollary, ýagdaýy pes öýler 15-20 müň ABŞ dollary” diýip, çeşme aýtdy.
Daça jaýlaryny satjak bolýanlaryň köpüsi emlägini ‘bahasyny oňşup’ satjak bolmagynyň sebäbini açyk aýtmaýar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen daça eýesi jaýyny basymrak satjak bolmagynyň sebäbini, çintgeläp soralanyndan soň, kynlyk bilen ‘boýun aldy’.
“Ýykyljakdygy aýdylansoň, men bul daça jaýymy gyssagly satmakçy bolýaryn. Häzir şäher içinde jaý bilen, awtoulaglar bilen, mal bilen, ýene kim näme hödür etse, obmen etmekçi bolýaryn” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne ol daça jaýlarynyň haçan ýykyljakdygyny bilmeýändigini, golaýda Änew, Gämi töwereklerinde ýykylan daça jaýlary baradaky habardan soň, daça eýeleriniň alada edýändiklerini we gorkup ýaşaýandyklaryny hem sözüne goşdy.
“Häzirden ýarpy nyrhyna satyp ýetişmesek, onda birdenkä ýykmaga gelseler, [bu jaý üçin] hiç pul berjek tapylmaz.”
Ýer eýeleri resminamalaryň güýjüne ynanmaýar
Daça ýerleriniň eýeleriniň aýry-aýrylykda aýtmaklaryna görä, ýerler paýlanyp berlende gurluşyk etmäge resmi ýagdaýda rugsat berlen hem bolsa, gürrüňi edilýän ýerleriň köpüsi hiç kimiň adyna ýazgy edilmän, ýer gurluşyk kartasynda ‘boş ýer’ diýlip görkezilen. Şol bir wagtda, ellerinde ýer üçin gerek bolan resminamalary bolan adamlar hem öňki berlen dokumentleriň güýjüne ynanmaýar diýip, çeşme aýtdy.
“Öňki dokumentleriň güýji bir günde ýatyryljaga meňzeýär. Biz gaty kän pul çykaryp, uly azap bilen gurluşyk etdik. Barja süýşürenje pullarymyzy harçlap, şol daçada jaý gurup, şol ýerde ýaşadyk. Indi elimizde pul ýok, häzir birden bul daça jaýlary ýykylsa, biziň gitmäge ýerimiz ýok” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Tejribeden belli bolşuna görä, Türkmenistanda adamlaryň ýaşap oturan jaýlarynyň ýykylmagynyň anyk sebäpleri köplenç resmi taýdan düşündirilmeýär, emlägini ýitiren adamlara ýeterlik derejede jaý ýa-da öwez puly berilmeýär.
“Bu ýerlerdäki jaýlar ýykylanyndan soň, olaryň duran ýerleri satyljakmy, boş goýuljakmy, belli däl. Halk diňlenmeýär, sylanmaýar, adamlaryň emläk hukuklaryna hormat goýulmaýar, ýurtda eden-etdilik” diýip, daça eýeleriniň biri aýtdy.
Türkmenistanda soňky ýyllyklarda häkimiýetleriň ol ýa-da beýleki sebäpler esasynda ýykdyran hususy jaýlarynyň sany, ýykylan jaýlarynyň ýerine kanun esasynda jaý alan adamlaryň hakykatda näçe bolandygy we olaryň näderejede razy edilendigi barada resmi maglumat ýa düşündiriş alyp bolmaýar.
Kanunlaryň ýeterlik derejede berjaý edilmezligi ýa-da aýdyňlygyň bolmazlygy raýatlaryň barha kän sosial media arkaly prezidente ýüzlenmegine, döwlet baştutanynyň wezipe-borçlaryny ýatlatmagyna sebäp bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum