Aşgabadyň etegindäki ilatly ýerlerde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar. Änew we Gämi ilatly ýerlere degişli daça ýerlerinde jaýlaryň ençemesi ýumruldy. Ýerli ýaşaýjylara göçmek üçin örän az wagt berlipdir.
Adamlara göçmäge diňe iki gün berildi diýip ýerli ýaşaýjylar gürrüň berdi.
"Zir-zöwrançylyk. Adamlar goşlaryny zordan alyp ýetişýärler" diýip, bu ýagdaýy gören ýerli çeşmeleriň biri 3-nji maýda gürrüň berdi. "Haçan üstümize gelende şonda göçeris diýip, goşlaryny düwüp, garyndaşlaryna ugradan we özlerine bolsa iň gerek bolan zatlaryny alyp, garaşyp oturan ýaşaýjylar bar" diýip ol sözüne goşdy.
Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, daça ýerlerinde günde onlarça jay ýykylýar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, häkimiýetler olara öýleriniň ýykyljagy barada bir hepdeden hem az wagt öň habar beripdir. Şondan soň jaýlaryň gazy kesilipdir. Elektrik togunyň berilýän wagty çäklendirilip, diňe agşam sagat 8-den ir 9-za çenli berlipdir.
"Geçen hepdäniň başynda ýykyljagy habar berildi, eýýämden ýykylyp başlandy" diýip, ýene bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk Radiosy Änew we Gämi etraplarynda daça jaýlarynyň ýumrulmagyna degişli ýagdaý barada Ahal welaýatynyň we bu ilatly ýerleri öz içine alýan Ak Bugdaý etrap häkimliklerinden resmi düşündiriş almaga synanyşdy. Emma welaýatyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilere edilen jaňlara jogap berilmedi.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olaryň ýumrulýan daça jaýlary käbirler 35 beýlekileri 40 ýyl mundan ozal gurlupdyr. Olaryň sözlerine görä, öý goşlaryny çykarmak üçin berlen wagt örän ujypsyz bolup, uly kynçylyk döredipdir.
"40 ýyl duran daça ýerleriniň ýykyljagy barada 2-3 aý öňünden hiç hili duýduryş berilmedi. Indi bu ýeriň ýaşaýjylary nirä gitmeli? Bu hökümeti gyzyklandyrmaýar" diýip, änewli ýaşaýjy aýdýar.
Adamlaryň gidere ýeri ýok
Öýleri ýykylan adamlary alada goýýan ýene bir ýagdaý olaryň ýok edilen jaýlaryna hiç hili kompensasiýa ýa-da onuň öwezine başga jaý berilmejegi aýdylypdyr.
"Daça ýeri bolanlygy sebäpli bu ýeriň ýaşaýjylaryna jaý alyp bilmek ähtimallygy düýbünden ýok. Ýerli häkimlige barsam, 'siz daça ýerinde ýaşanyňyz sebäpli size ipoteka jaý almak üçin rugsat berip bilmeýäris' diýýärler. Bu ýeriň ýaşaýjylary indi kwartirant bolmak üçin jaý gözleýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, Aşgabatda we onuň töwereginde kireýe jaý almaga köp maşgalalarda maddy mümkinçilik ýok.
"Jaýlaryň iň arzany aýda 4 müň manada barýar. Halkyň aýlyk-günlükleri jaý kireýine ýetmeýär" diýip, änewli ýaşaýjy aýtdy we şu sebäpden ýerli ýaşaýjylaryň "jaýy ýumrulýança içinden çykman ýaşap oturýandygyny" belledi.
Dört müň manat Merkezi Bankyň kursy boýunça 1142,8 amerikan dollaryna barabar.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň bellemegine görä, ýerli ilat köpçüligi üçin bu daça melleklerinde gurlan jaýlar esasy ýaşaýyş ýeri bolup, olaryň ýaşamaga başga ýeri ýok.
Käbirler bu ýerde satyn alan ýa-da guran jaýlarynyň bahasyny hem entek ödemändir we bergisini üzüp ýetişmändir.
"Men tanyşym geçen ýýylyň ahyrynda daça ýerlerinden birnäçe müň dollara jaý satyn aldy, ol heniz şol alan jaýynyň bergisinden çykyp bilenok. 'Jaý edindim', diýip begendi, indi bolsa ýene-de jaýsyz galdy" diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanyň iri şäherleriniň we dürli ilatly ýerleriniň ençemesinde, şol sanda paýtagtda we onuň töwereginde şu çaka çenli ýaşaýyş jaýlaryň onlarça müňüsi ýumruldy.
'Jaýym bar diýip, arkaýyn bolar ýaly däl'
Häkimiýetleriň jaýlary ýumurmak boýunça guramaçylykly çäreleriniň netijesinde öýsüz galan ýaşaýjylaryň käbirine jaý gurmak üçin mellek ýa-da jaý berlen bolsa, köpüsine ipoteka bilen jaý satyn almak mümkinçiligi hödürlendi ýa-da düýbünden hiç zat teklip edilmedi. Azatlygyň çeşmeleri häkimiýetleriň ilata kompensasiýa hödürlän halatynda onuň örän ujypsyzdygyny belleýärler.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar bu tejribeleriň netijesinde hiç kimiň öz ýaşaýan jaýyndan arkaýyn bolup bilmeýändigini, jaýsyz galmak howpy astynda ýaşaýandygyny aýdýarlar.
"Aşgabatda jaýym bar diýip arkaýyn bolar ýaly däl. Isleseler eliňden alyp, ýa-da ýaşap oturan öýüňi ýykyp goýberýärler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Jaý meselesi halk köpçüligi üçin agyrlygyna galýar. Paýtagtda we onuň töwereginde ýaşaýjylaryň ençemesi kiçi jaýlarda birnäçe maşgala bolup ýaşaýarlar.
Şeýle-de, bolsa paýtagtda kaşaň binalaryň, şol sanda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Köpçülige elýeterli maglumatlara görä, kwartiralaryň bahasy 50 müň amerikan dollaryndan başlanýar we 240 müň dollara ýetýär. Ýurtda ortaça aýlyk 1500 müň manat töwereginde bolup, resmi kurs boýunça 428,5 amerikan dollaryna barabar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum