Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde nobatdaky metbugat mejburlygy, döwlet eýeçiligindäki neşirlere abuna ýazmak çäreleri başlandy diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär. Ýöne bu gezek mejburlygy meýletinlik, ýagny adamlaryň öz islegi boýunça edilýän iş hökmünde görkezmek tagallalary güýçlendi diýip, habarçymyz ýazdy.
Bu täzelik, synçylaryň käbiriniň çaklamasyna görä, abuna mejburlygy babatda ýüze çykyp biljek soraglara jogap üçin girizilene meňzeýär.
Mundan öň býujet işgärlerinden abuna ýazylan gazet-žurnallarynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bolan sahypalary hojalyk maksatlary üçin ulanmajakdygy hakynda dilhaty alnypdy.
Abuna ýazyşlyk ilatdan 'mejbury pul ýygnamagy' aňladýar
Abuna ýazylmak möwsümi diýilýän, söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, býujet edarlarynyň işgärlerinden, mekdep okuwçylaryndan, hatda çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň ene-atalaryndan hem mejbury-meýletin ýagdaýda pul ýygnamagy we olary okamaýan neşirlerini almaga mejbur etmegi aňladýar.
Geçen ýyllardaky abuna ýazyşlyklaryndan tapawutlylykda, bu gezek bir üýtgeşiklik girizildi, abuna ýazylan ene-atalardan, işgärlerden ýazylan neşirlerine meýletin, öz razylygy bilen ýazylandygy, beren pullaryny meýletin, öz razylygy bilen berendigi barada dilhaty alyndy diýip, habarçy ýazdy.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistandaky metbugat mejburlygy, döwlet eýeçiliginde we berk gözegçilik astyna çykarylýan gazet-žurnallara bolan islegiň ýyl-ýyldan pese gaçýandygy barada yzygiderli habar berýärler.
Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlik we aýlyklaryň az bolmagy, üstesine bu ýyl aýlyklaryň 10% hem köpeldilmezligi netijesinde, islendik goşmaça çykdajy, şol sanda abuna üçin tutulýan serişdeler maşgala býujetlerine ýaramaz täsir edýär.
“Dilhaty olaryň abuna mejbury ýagdaýda çekilmändigine delillik üçin alynýar” diýip, ýerli synçy bu üýtgeşikligiň raýatlaryň özara gürrüňçiliklerde bildirýän nägilelikleri, arz etmek ähtimallyklarynyň artmagy bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
Habarçymyz abuna üçin soralýan serişdeleriň möçberiniň, abunaçylara baglylykda, dürli-dürlüdigini aýtdy.
Soralýan pullar maşgala býujetlerine 'agram salýar'
“Mysal üçin, býujet işgärleri abuna ýazylanda 80 manat çemesi pul tölemeli, okuwçylardan gazet-žurnallar üçin 30 manatdan ýygnalýar, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň ene-atalary 20 manatdan pul bermeli bolýar” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, býujet işgärleri gazet-žurnallaryň onlaýn görnüşine ýazylmaly bolýarlar, mekdep okuwçylary bu neşirleri kagyz görnüşinde alýar.
Geçen ýylyň noýabrynda geçirilen mejbury abuna ýazyşlyk, ilatdaky isleg-talabyň barha peselmeginiň arasynda, gazet-žurnal üçin pul bermedik okuwçylaryň mekdebe göýberilmjekdigi baradaky haýbat bilen utgaşdy.
Balkan sebitindäki habarçymyzyň 2025-nji ýylyň noýabrynda ýazmagyna görä, Balkanabat şäheriniň mekdepleriniň ençemesinde, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bilim resmileri abuna ýazylmadyk okuwçylary mekdebe goýbermän başladylar.
Türkmenistanda metbugat doly döwlet gözegçiliginde we žurnalistler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada, şol sanda tebigy hadysalar, ýol-köçe hadysalary, sebitde bolýan çylşyrymly wakalar, çaknyşyklar barada habar taýýarlap bilmeýärler.
Ilat ýerli metbugatdan 'gaty daşlaşdy'
Bu ýagdaý ilatyň türkmen metbugatyndan daşlaşyp, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary başga ýurtlaryň habar serişdelerinden, sosial mediadan gözlemäge mejbur etdi.
“Türkmen metbugaty diňe ýurt baştutanlaryny öwmek, [olaryň] propagandasy ulanylýar. Ýurtda hakykatdan bolup geçýän wakalar, hadysalar aýdylmaýar. Şol sebäpden metbugaty halk hasabyna saklamak, abuna ýazylýanlaryň sanyny köpeltmek üçin mejbur etmek taktikasyny ulanýarlar” diýip, ýerli synçy bu ýagdaýyň indi onlarça ýyl bäri gaýtalanýandygyny we ýakyn geljekde üýtgejege meňzemeýändigini aýtdy.
“Serhetsiz habarçylar” (RSF) guramasynyň 2025-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galýandygy habar berildi.
Türkmen häkimiýetleri mejbury abuna we metbugatda saklanyp galan berk döwlet senzurasy barada aýdylýanlara, ýaşaýjylaryň anonimlik şertinde bildirýän nägileliklerine resmi düşündiriş bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum