Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep okuwçylaryndan dil haty alynýar, şol sanda internetdäki işjeňlige degişli talaplar edilýär

Turkmenistan. Internet cafe in Ashgabat. Inside. Computer. Clients. March 18, 2015
Turkmenistan. Internet cafe in Ashgabat. Inside. Computer. Clients. March 18, 2015

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylara gözegçilik ýene-de güýçlendi, olaryň özlerini alyp baryşyna degişli talaparyň birnäçesi ene-atalaryň dykgatyna ýetirildi we dil hatyna gol goýmak talap edildi. Okuwçylardan we olaryň ene-atalaryndan gol çekmek talap edilen bu resminamada ýaşlaryň internetdäki işjeňligine degişli düzgünler hem görkezilýär.

Azatlygyň habarçylaryna mälim bolşuna görä, mekdep okuwçylarynyň özlerini alyp barşyna degişli bu dil hatlarynyň alynmagy soňky günlerde başlanypdyr.

Mekdep tarapyndan edilýän talaplaryň arasynda okuwçynyň mekdepde bolan we mekdepde däl wagtynda çilim, nas ýaly temmäki önümlerini ulanmakdan we saglygyna zyýan etjek zatlardan daşa durmagy, mekdepde we jemgyýetçilik ýerlerinde uruş-dawa etmeli däldigi we şeýle-de internetde sosial ulgamlarynda özüniň we başgalaryň şahsy durmuşyna degişli maglumatlary goýmazlygy görkezilýär.

Bu talaplar bilen baglylykda mekdep okuwçylarynyň ene-atalary bilen ýygnaklar geçirilýär, olara düşündiriş berilýär we A4 formatyndaky kagyzda çap edilen nusganyň esasynda ýazylan dil hatyna gol çekmek soralýar.

Azatlyga elýeterli bolan bu dil hatynyň mazmunynda ýaşlaryň internetdäki aktiwligine degişli böleginde, hususan-da şeýle diýilýär: "Mekdepde we jemgyýetçilik ýerlerinde el telefonymda öz ýa-da başga adamlaryň şahsy durmuşy bilen baglanyşykly masgaralaýjy wideo we audio ýazgylary etmeli däldigi hem-de olary internet ulgamynyň Tik-Tok, IMO, Instagram, WhatsApp ýa-da başga programmalarynda ýaýratmaly däldigi (...) barada duýduryldym" diýilýär.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli özüne gowşan dil haty çap etmekden saklanýar.

'Gol goýduryp, jogapkärçiligi boýun aldyrýarlar'

Ene-atalar gol goýan dil hatynda düzgüniň bozlan halatynda çagalarynyň we özleriniň "kanun esasynda jogapkärçilige çekiljegi barada duýdurylandygyny" tassyklaýarlar.

"Eger masgaralaýjy wideolar goýlan ýagdaýynda, ene-atanyň kanuna laýyk jeza çekmeklige taýynlygy barada dil hatynda görkezildi we bu dil haty okuwçylara we ene atalara öz elim bilen ýazdym diýip gol çekdirildi" diýip, mekdep okuwçysynyň kakasy aýdýar.

Bu çäräniň sebäplerini mekdep ýolbaşçylaryndan we bilim resmilerinden anyklamak boýunça eden synanyşyklarymyz oňyn netije bermedi. Azatlyk Radiosy orta mekdeplerinde geçirilýän şeýle çärelere meňzeş düzgünler we gadagançylyklar barada Bilim ministrliginiň websaýtynda hem maglumat tapyp bilmedi.

Şol bir wagtda birnäçe çeşme şeýle ýygnaklaryň Mary welaýatynyň mekdepleriniň ählisinde, beýleki sebitleriň mekdeplerinde hem geçirilendigini habar berdiler.

"Mekdepleriň ählisinde ýygnaklar geçirildi. Mekdep müdirleri soň ýerli polisiýa edaralaryna protokol tabşyrýarlar. Ýazylan dil hatlary hem şol protokol bilen bile tabşyrylýar" diýip, sebitiň bilim edaralarynyň birindäki çeşmäniň anonimlik şertinde aýtdy.

Bilim edaralaryndaky ýene bir çeşme şu gezek dil hatynyň alynmagynyň sosial ulgamlarda mekdeplerde çagalaryň mugallymlar we öz deň duşlary tarapyndan urulmagyna we kemsidilmegine degişli wideolaryň peýda bolmagy bilen baglydygyny öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy çagalaryň mekdeplerde duçar bolýan kemsitmeleri we zorlugy barada geçen aýda habar beripdi.

«Geçen ýylky köýnegiňmi?» Mekdepdäki kemsitmeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:45 0:00

Mekdep okuwçylarynyň ýakynlaryndan dil hatyny almak tejribesi öňden bäri ulanylýar. dil haty öňem alnypdy.

Ilatyň internetdäki aktiwligine we maglumat elýeterliligine berk gözegçilik edýän Türkmenistanda sosial ulgamlar, şol sanda Instagram, TikTok, Facebook, YouTube ýaly meşhur platformalar petiklenen bolsa-da olaryň meşhurlygy artýar. VPN bilen girýänleriň arasynda ýaşlar, şol sanda mekdep okuwçylary hem köp.

Soňky döwürde dürli mazmunly maglumatlaryň we bildirişleriň arasynda türkmen ulanyjylary dürli bidüzgünçilikler we kynçylyklar barada habarlary çap edýärler.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary internetde öz hukuklaryny sorap çykyş edýän raýatlar soňky döwürde "gaty kän", emma häkimiýetler bu habarlardan ugur alyp, problemalara üns bermegiň ýerine ilaty sem etmäge synanyşýarlar diýip, ýagdaýy suratlandyrýarlar.

"Häkimiýetler bolsa adamlaryň hukuklaryny goramak däl-de, olaryň azatlyk üçin, deňhukukly bolmak üçin, adalat isläp çykyş edýän wideolaryny halkyň özüne garşy ulanyp, agyzlaryny ýumdurjak bolýarlar" diýip, türkmenistanly ýaşaýjy aýdýar.

Mekdeplerdäki gözegçilik çäresi ilatyň maglumat elýeterliligine gözegçiliginiň güýçlenen pursadyna gabat geldi.

Ahal welaýatynda MHM işgärleri sosial ulgamlarda, hususan-da, TikTokda raýatlara ýüzlenip, olardan derman-därileri satyn almak üçin kömek soraýan mümkinçiligi çäkli adamlara, şol sanda pensionerlere basyşyny güýçlendirýär. Balkanda häkimiýetler çanak antennalary aýyrýarlar, ‘Starlink’ ulanýanlary gözleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG