Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM sosial torlarda kömek soraýan raýatlara basyşyny güýçlendirýär, wideolary aýyrmak talap edilýär

Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobuslarynyň birinde mobil telefonuna seredip barýan zenan (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobuslarynyň birinde mobil telefonuna seredip barýan zenan (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Ahal welaýatynda sosial ulgamlarda, hususan-da, TikTokda raýatlara ýüzlenip, olardan derman-därileri satyn almak üçin kömek soraýan mümkinçiligi çäkli adamlara, şol sanda pensionerlere garşy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan basyşlar güýçlenýär.

Howpsuzlyk, şol sanda ýerli polisiýa işgärleri şeýle ýüzlenmeleri paýlaşan raýatlardan bu wideolary pozup aýyrmagy talap edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

Sosial torlarda wideo paýlaşyp, raýatlardan hemaýat sorandan soňra MHM we polisiýa işgärleriniň basyşyna sezewar bolan ahallylaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda raýatlaryň bu wideolary “keýpine paýlaşmaýandygyny” aýtdy.

“Men hususy dükanlarda tam süpüriji bolup işlärdim, ýöne adamym ýogalandan soň, maýyp çagama seretmek üçin işden çykmaly boldum. Ýöne döwlet tarapyndan çagama berilýän maýyplyk kömek puly jaý kireýimiz, iýjek çöregimiz beýle-de dursun, çagamyň derman-därilerine hem ýetmeýär. Men TikTokda sahypa açyp, halkymdan pul kömek etmeklerini soramana mejbur boldum, emma polisiýa işgärleri öýüme gelip, ‘şu günüňi kän görýäňmi? Çagaňy ekläp-saklap bilenok diýip, eliňden alyp internada tabşyrarys’ diýip haýbat atdylar we goýan wideomy pozmagy talap etdiler” diýip, öz adynyň Meňli diýlip tanyşdyrylmagyny soran ahally ene aýtdy.

“Baý, asuda asmanly ýurdumyzyň abraýyny peseldip...”

Onuň sözlerine görä, raýat eşiginde gelen MHM we polisiýa geýimindäki işgärler munuň bilen hem çäklenmän, “ýene bir sapar şeýdip baý, asuda asmanly ýurdumyzyň abraýyny peseldip, pul sorap wideo goýsaň, çagaňy eliňden alarys” hem diýdiler.

“Emma olar näme kynçylygyň bar? Näme sebäpden beýdip wideo paýlaşdyň? Kynçylygyň çözmek üçin haýsy edara ýüzlendiň? Biz nähili kömek edip bileris? Diýip soramadylar” diýip, ahally ene belledi.

Şol bir wagtda, käbir raýatlar howpsuzlyk, polisiýa işgärleriniň arasynda öz ýagdaýlaryna düşünip, duýgudaşlyk bildirýänleriň hem bardygyny, ýöne olaryň hem özlerinden wideolary aýyrmagy talap edendigini aýtdylar.

“Olar çagalarymy, maýyp adamym görüp, ‘Wah dogan, meniň elimden hiç zat gelmeýändigine gaty gynanýaryn. Ýöne bizem buýrugy ýerine ýetirýäris. Häzir siz wideony pozmasaňyz, bizi iş başarmaýan diýip, işden çetleşdirip bilerler’ diýip, wideomyzy pozdurdylar” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda welaýatyň Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 27-nji oktýabrda eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bellesek bu waka, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýerli häkimiýetlerden kömek alyp bilmeýän raýatlaryň sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylaryndan hemaýat soramagy bilen bagly wideolaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýär.

“Elinden näme gelse pul kömek etmeklerini soraýarlar”

“Häzir pensiýa, döwlet kömek puluny, maýyplyk kömek puluny alýan adamlar TikTok sahypasyna abuna bolup, alýan pullarynyň hiç zada ýetmeýändigini aýdyp, adamlardan like goýmagy we elinden näme gelse pul kömek etmeklerini soraýarlar” diýip, ýagdaýlara ýakyndan syn edýän ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, mundan ozalky ýyllarda raýatlar köplenç prezidentden dürli meseleler boýunça kynçylyklaryny çözüp bermegi soraýan bolsa, soňky aýlardaky wideolarda ilat gönüden-göni ýaşaýjylardan kömek soraýar.

Ýerli synçylaryň birnäçesi anonimlik şertinde beren maglumatynda munuň raýatlaryň ýerli döwlet edaralarynda meselelerini çözüp bilmeýändikleriniň, prezidentden hem hemaýat tapyp bilmeýändiginiň alamatydygyny aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän, ýurtdaky dürli kynçylyklara ünsi çekýän ýa-da ilatdan hemaýat soraýan türkmenistanlylaryň köpelmeginiň häkimiýetleri barha kän alada goýýandygyny aýdyp gelýärler.

“Sosial torlardan daş durmak, MHM-niň ýörite görkezmesi”

Ahaldaky wakalar, Lebap welaýatynda raýatlara sosial torlardan daş durmagyň tabşyrylýandygy baradaky maglumatlar bilen utgaşdy.

Galyberse-de bu wakalar, Aşgabat şäherinde prezidentiň we döwlet edaralarynyň adyna elde ýazylan hatlary we arzalary kompýuterde çap edip bermek hyzmatyny hödürleýän merkezleriň, surathanalaryň we çaphanalaryň ilatyň ýüzlenmelerini kabul etmegi, olary çap edip bermegi bes eden mahalyna gabat geldi.

21-nji oktýabrda bu merkezleriň käbir resmileri munuň sebäbini özlerine ilatyň ýazýan arza-şikaýatlaryny çapdan çykaryp bermezlik barada MHM işgärleri tarapyndan ýörite görkezme berlendigini aýtdylar.

Şonda aşgabatlylaryň ençemesi köp adamyň öýünde kompýuteriň we printeriň ýokdugyny we döwlet edaralarynyň aglabasynyň elde ýazylan arza-şikaýatlara däl-de, diňe çap edilenlere seredýändigini belläp, gadagançylygyň “ilaty sem etmegiň nobatdaky usuly” atlandyrdy.

Türkmen häkimiýetleri sosial torlarda açyk, öz ady bilen çykyş edip, öz işleriniň adalatly çözülmegini talap eden ýa-da ilatdan hemaýat soran raýatlaryň meseleleri barada adatça hiç hili resmi düşündiriş bermeýär. Resmi metbugat hem bu ýagdaýlar barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG