Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli synçy: Onlaýn ýüzlenmeler raýatlaryň ýerlerde adalat tapmak kynçylygyny görkezýär

Illýustrasiýa surety
Illýustrasiýa surety

Türkmenistanda raýatlaryň öz arzyny sosial mediada aýdyp, prezidentden hemaýat soramagy olaryň ýerli döwlet edaralarynda meselelerini çözüp bilmeýändikleriniň alamaty diýip, ýurtda ýaşaýan bir synçy hasaplaýar. Onuň pikiriçe, bu ýüzlenmeleriň aňyrsynda adamlaryň öz hakyny goratmakda çekýän kynçylyklaryna seretmeli.

Azatlyga öz gözegçiliklerini we garaýyşlaryny iberen synçy bilim pudagynda işleýän, 50 ýaş töweregindäki işgär. Howpsuzlyk aladalary sebäpli onuň ady, işleýän we ýaşaýan ýeri, şeýle hem ony tanadyp biljek beýleki maglumatlar gizlin saklanýar.

Ol soňky döwürde öz meselesini internet arkaly ýurt ýolbaşçylaryna eşitdirmäge synanyşýan adamlaryň has köp göze ilýändigini aýdýar. Synçynyň bahalandyrmagyna görä, emläk ýa-da ýaşaýyş jaýy bilen bagly dawada ýerli edaradan netije tapyp bilmeýän adam üçin sosial media ýene bir ýüzleniş ýoluna öwrülýär.

Kanunda görkezilen hukuk we ony goratmak mümkinçiligi

Synçynyň esasy nägileligi kanunda görkezilen hukuk bilen adamyň ony durmuşda goradyp bilmek mümkinçiliginiň arasyndaky tapawuda gönükýär. Ol söhbetdeş bolan raýatlarynyň gürrüňine esaslanyp, emläginden ýa-da ýaşaýyş jaýyndan mahrum bolandygyny aýdýan adamlaryň arzalaryna ýerlerde adatça netije berýän çözgüt tapyp bilmeýändigini öňe sürýär.

Onuň garaýşyna görä, raýat ýerli wezipeli adamyň hereketinden ýa-da edaranyň kararyndan nägile bolanda, şol şikaýata adalatly garalmagyny gazanmak kynlaşýar. Ol hukuk goraýjy we dolandyryş edaralaryna ýüz tutmagyň adamlaryň garaşýan netijesini bermeýändigini öňe sürýär.

"Şeýle ýagdaýda adamyň kanuna daýanyp hakyny talap etmegi has ýokary ýolbaşçynyň goşulyşmagyny soramak görnüşini alýar" diýip, ol düşündirýär. Onuň synynda prezidente ýetmäge synanyşmak ýerli edaralarda şikaýata netijeli garalmagy baradaky meseläni öňe çykarýar.

Bu garaýyş Azatlygyň ozalky habarlarynda raýatlaryň özleriniň aýdanlary bilen hem sesleşýär. 2024-nji ýylyň aýagyndaky habarda türkmenistanlylaryň ýüzlenmelerini paýlaşýan bir sahypa eýesi olaryň ýerli edaralarda diňlenmeýändigini aýdyp, "prezident bilse çäre görer" diýen umyt bilen wideo çap etmegi soraýandygyny gürrüň beripdi.

Köpçülige aýdylan arzalar ähli meseläni görkezmeýär

Synçy internetde görünýän arzalaryň adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň diňe bir bölegidigini hasaplaýar. Ol öz meselesini köpçülige çykarmadyk adamlaryň hem bardygyny aýdýar.

Azatlyga ýetirilen soňky maglumatlarda hem şunuň ýaly birnäçe TikTok ýazgysy beýan edilýär. Bir ulanyjy söwda ýerleriniň bikanun eýelenendigini öňe sürüp, ýerli häkimliklere eden arzalaryndan netije çykmandygyny aýdýar.

Başga bir sahypada zenan özüne emläk meselesi boýunça töhmet atylýandygyny, prezidente ýazan arzasynyň hem üstünden şikaýat edýän edarasyna gaýtarylandygyny öňe sürýär.

Ýüzüni görkezmän, döwlet edaralarynyň binalarynyň fonunda sesli düşündiriş berýänleriň ýazgylary barada hem maglumat bar. Olar bir edaradan beýlekisine ugradylmakdan ýadandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli meselesini internetde gozganlygy üçin özüne basyş edilýändigini aýdýan başga bir ulanyjy bolsa özüniň "halk duşmany däldigini, prezidenti goldaýandygyny" aýratyn nygtaýar.

Ulanyjylaryň howpsuzlygy göz öňünde tutulyp, atlary, sahypalarynyň salgylary we anyk ýerler görkezilmeýär. Olarda beýan edilýän aýyplamalary garaşsyz tassyklamak başartmaýar.

Ýüzlenmeler we olary aýyrmak talaplary

Synçy sosial mediadaky şikaýatlara howpsuzlyk edaralarynyň berýän reaksiýasyna hem ünsi çekýär. Ol howpsuzlyk işgärlerine salgylanyp, wideo ýüzlenmelerini paýlaşýan adamlaryň söhbetdeşlige çagyrylýandygyny we ýazgylaryny aýyrmaga çagyrylýandygyny aýdýar. Onuň iberen maglumatynda "bir wideony pozdurdyk diýsek, ýene birnäçe wideo çykýar"diýendigi aýdylýan bir howpsuzlyk işgäriniň sözleri getirilýär. Häzirki wagtda geçirilýändigi aýdylýan şeýle çäreleriň nähili möçberde alnyp barylýandygy barada takyk maglumat ýok.

Ýöne şuňa meňzeş basyşlar barada öň hem maglumatlar gowşupdy. Azatlyk şu ýylyň başynda Balkanda ýerli kazyýetleriň kararlaryndan nägile raýatlaryň polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralaryna çagyrylyp, şikaýat wideolaryny aýyrmak talaplaryna hem-de haýbatlara sezewar bolýandygyny habar beripdi.

Resmi ýüz tutmalar we çözgüt baradaky sorag

Türkmenistanda Adalatçynyň 2025-nji ýyl boýunça hasabatyna görä, onuň Diwanyna şol ýyl 676 ýüz tutma gelip gowşupdyr. Olaryň 111-si ýaşaýyş jaý hukugy bilen bagly bolupdyr. Hasabatda käbir edaralarda we wezipeli adamlaryň işinde hukuk bozulmalarynyň ýüze çykarylandygy hem aýdylýar.

Synçynyň garaýşynda mesele arzanyň internetde görünmegi bilen çäklenmeýär. Ol adamlaryň kanuna bil baglap hakyny talap edýändigine ünsi çekip, şol talaby döwlet edaralarynda goradyp bilmek mümkinçiliginiň wajypdygyny öňe sürýär.

Onuň bahalandyrmagyna görä, prezidente açyk ýüzlenmegiň aňyrsyndaky esasy mesele hem ýerlerde adalatly çözgüt tapmak kynçylygydyr.

Makakalda synçynyň öňe sürýän pikirleri Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG