Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrantlaryň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmaga mejbur edilýändigi aýdylýar


Rus pasporty. Bezeg suraty
Rus pasporty. Bezeg suraty

Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuny güýçlendirmäge kömek etjek adamlary köpeltmek tagallalarynyň arasynda, hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen migrantlara Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmaklary üçin basyş edilýär.

Rus raýatlygy bolan ýa-da bolmadyk merkezi aziýaly migrantlar rus harbylarynyň uruş üçin esger toplamak tagallalarynyň esasy nyşanasyna öwrüldi.

Kaluga sebitindäki zähmet migrantlary Ukrainadaky urşa gatnaşmak üçin şertnama baglaşmasa, olaryň rus raýatlygyny almak üçin beren arzalary kabul edilmeýär diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Tatýana Kotlýar 7x7 neşirine özünde şuňa meňzeş bäş mysalyň bardygyny aýtdy. Ýöne onuň tassyklamagyna görä, sebitde bu hili ýagdaýa düşen adamlaryň sany has kän.

Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylary öz raýatlaryna Russiýadaky harby işjeňliklere gatnaşmakdan gaça durmak barada duýduryş berdiler, olar munuň ýurduň Jenaýat kodeksini bozýandygyny ýatlatdylar.

XS
SM
MD
LG