ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (arhiw suraty)
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 6-njy noýabrda Waşingtonda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň liderlerini kabul edýär. Ýokary derejeli sammitiň öň ýany, döwlet sekretary Marko Rubio regionyň baş diplomatlary bilen gepleşik geçirip, öňümizdäki ýylyň dowamynda sebitiň ähli döwletlerine sapar etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
“[Merkezi Aziýa döwletleriniň] ähli bäşisine. Bu sapar bir hepde töweregi bolar. Biz munuň üstünde işlemeli we amal bolmagyny bilelikde gazanmaly” diýip, Rubio 5-nji noýabrda çykyş etdi we häzir ABŞ bilen regionyň arasyndaky gatnaşyklaryň "täze döwri" üçin gowy mümkinçilikdigini aýtdy.
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleriniň penşenbe güni Tramp bilen sammitiniň dowamynda, şol sanda sebitiň döwletleriniň seýrek ýer metallary we beýleki resurslary barada hem gepleşik geçirmegine garaşylýar.
Rubio Döwlet departamentinde geçirilen kabul edişlikde ýurtlaryň tebigy serişdelerini bilelikde ösdürmek boýunça ABŞ-nyň bähbitleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň bähbitleri bilen utgaşýandygyny aýtdy.
Soňky hepdelerde Awstraliýa, Malaýziýa, Taýland we Ýaponiýa bilen dürli minerallar boýunça ençeme ylalaşyk baglaşandan soň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp indi ünsüni Merkezi Aziýa gönükdirdi.
Regionyň döwletleri baý nebit we gaz serişdeleri bilen tanalýar. Emma sebitiň ABŞ-nyň milli howpsuzlygy üçin möhüm hasaplanýan wajyp minerallar we seýrek ýer metallary boýunça hem aglaba ulanylmadyk baý gorlary bar.
Bilermenler sebitiň döwletleriniň öz mineral baýlyklaryny ABŞ bilen has berk gatnaşyklara öwürmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.
“Merkezi Aziýa döwletleri uly rezerwleri we ‘Merkezi geçelgä’ goýberilýän maýa goýumlarynyň artmagy babatynda gowy pozisiýada ýerleşýärler” diýip, Waşingtondaky Ýorktaun institutynyň Turan barlag merkeziniň direktory Jozef Epşteýn Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ol bu ýerde, Russiýadan sowa geçip, Hytaýy Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň üsti arkaly Ýewropa bilen birikdirmeli 6 müň 500 kilometrlik täze söwda ugruny göz öňünde tutýar.
Sammit Trampyň Aziýa-Ýuwaş umman yklymynda geçiren “mineral diplomatiýasynyň” yzysüre hem-de Hytaý lideri Si Szinpin bilen duşuşygynyň yz ýany geçirilýär. Bu şeýle-de Pekiniň strategiki taýdan möhüm seýrek ýer elementleri boýunça girizen eksport çäklendirmeleri sebäpli güýçlenen söwda urşuna hem gabat gelýär. Hytaý bu elementleriň dünýä üpjünçilik zynjyrynyň üstündenberk gözegçiligi saklaýar.
'C5+1': Format nähili başlady we ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar nähili ösdi
1/102015-nji ýylyň güýzünde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri sebitdäki bäş ýurduň hemmesine sapar edip, Waşington bilen Merkezi Aziýanyň paýtagtlarynyň arasynda täze dialog formatyny başlady.Özbegistanda prezident Yslam Karimow Kerri bilen uçaryň basgançagynda şahsy duşuşdy. SSSR-iň dargamagyndan öň häkimiýete gelen Karimow ýurdy çärýek asyrdan gowrak dolandyrdy (ol 2016-njy ýylda aradan çykdy). Ol awtoritar dolandyryş usuly we pikir alyşmalary basyp ýatyrmagy üçin tankyt edildi.ABŞ-nyň Özbegistandaky we Gazagystandaky öňki ilçisi Jorj Krol öz ýatlamalarynda Karimowyň Özbegistany daşarky syýasy we ykdysady güýçlerden üzňeleşdirmäge synanyşandygyny; dünýä bilen diplomatik gatnaşyklaryny saklasa-da, ýurduň uzak wagtlap ýapyk galandygyny ýazdy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
2/10Kerri 2013-nji ýylda Döwlet sekretary hökmünde ilkinji gezek jemgyýetçilik öňünde eden çykyşynda "Gyrzahstan" diýen ýurdy agzady. Ol, ähtimal, Gyrgyzystany göz öňünde tutandyr. Bu utanç ýyllarboýy ýatda galdy.2015-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitine eden saparynyň dowamynda ol bäş döwletiň liderleri bilen duşuşyklary geçirdi.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
3/10Kerri Gazagystanda prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.Özbegistanda bolşy ýaly ýurduň ilkinji prezidenti sowet partiýa nomenklaturasyndan geldi. Şeýle-de bolsa, Nazarbaýew goňşy ýurduň liderinden tapawutlylykda, nebit baýlygyny Günbatar kompaniýalaryna açdy we Gazagystanyň progressiw we maýadarlara dostlukly keşbini döretmäge synanyşdy diýip, Nazarbaýew we Karimow bilen gürleşen amerikan diplomaty Jorj Krol ýatlamalarynda aýdýar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
4/10Merkezi Aziýanyň iň demirgazyk paýtagty Astana Kerrini sowuk howa we güýçli ýel bilen garşylady. Noýabr aýynyň başynda bu giňişliklerde gar ýagmagy we tupan turmagy seýrek däl. Habar agentlikleriniň arhiwlerinde Kerriniň Gazagystana sapary mahalynda baryp gören metjidiň daşynda palto geýip düşen suratlary bar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
5/10Kerri 2006-njy ýylda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň wezipä geçen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.Berdimuhamedow öňki prezidentden galan şahsyýet kultuny gowşatdy, ýöne öz kultuny döretdi: "Türkmenbaşy" (Ähli türkmenleriň atasy) "Arkadag" (Goragçy) bilen çalşyryldy. 2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesini ogly Serdara geçirdi.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
6/10Kerri Gyrgyzystanda Merkezi Aziýada Amerikan Uniwersitetiniň täze kampusynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.2013-nji ýylda bu ýurt barada gürrüň eden Kerri "Gyrgyzystan" barada aýdylanda adyny ýalňyş aýtdy. Ol: "Mert amerikan işgärleri planetanyň iň howply ýerlerinde işleýärler. Olar Nigeriýada korrupsiýa garşy göreşýärler. Olar Birmada kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrýarlar. Olar Gyrgyzystanda we Gruziýada demokratik özgerişlikleri goldaýarlar, biziň tejribämizde, ýurduň demokratiýa geçmegi üçin köp wagt gerek" diýdi.Şol wagt Gyrgyzystan garaşsyzlykdan bäri ikinji rewolýusiýasyny başdan geçirýärdi. Onuň lideri Almazbek Atambaýew rewolýusiýa we häkimiýeti ele geçirmek arkaly däl-de, häkimiýeti öňki prezident Roza Otunbaýyewadan saýlawlar arkaly alan ilkinji lider boldy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
7/10Täjigistanda Kerrini aeroportda ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri garşyladylar. Döwlet sekretary soňra prezident Emomali Rahmon (häzirki wagtda ýurdy dolandyrýar) bilen gepleşik geçirdi."Biz Owganystandaky we serhetdäki howpsuzlyk, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we terrorçylyga garşy göreş barada ikimiz hem çuňňur alada edýäris" diýip, döwlet sekretary Duşenbede aýtdy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
8/10Kerriniň sebite sapary Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan ABŞ-nyň uzak möhletli gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy hökmünde kabul edildi.Bu "C5+1" platformasynyň başlangyjyny alamatlandyrdy. Daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar yzygiderli boldy we hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi. (Suratda: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri, 2023)
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
9/10Ilkinji "C5+1" sammiti 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirildi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri bilen gepleşik geçirdi.Gazagystana onuň ikinji prezidenti, karýera diplomaty we öňki prezident Nazarbaýewiň şägirdi Kasymžomart Tokaýew wekilçilik etdi. Nazarbaýew 2019-njy ýylda wezipesinden çekilip, ganly ýanwar wakalaryndan soň kölegä çekildi. Gyrgyzystana ýurduň üçünji rewolýusiýasynyň tolkunynda häkimiýete gelen Sadyr Japarow wekilçilik etdi. Özbegistana Karimowyň ölüminden soň wezipä geçen we ýurdy dünýä açan ikinji prezident Şawkat Mirziýoýew wekilçilik etdi. Türkmenistan öz kakasynyň ornuna prezident bolan Serdar Berdimuhamedow wekilçilik etdi. Emomali Rahmon 1994-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
10/102025-nji ýylda Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleninden soň, şu ýyl Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gysga gepleşik geçirdi.Bir aýdan soň, Tramp Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine Waşingtona çakylyk iberdi we olar kabul edildi.Bilermenler sammitiň gün tertibinde Merkezi Aziýada bol bolan mineral baýlyklara, esasanam seýrek ýer metallaryna üns beriljekdigini çaklaýarlar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Previous slide
Next slide
Siniň Tramp bilen duşuşygynyňjemleri boýunça bu çäklendirmeleriň käbirine bir ýyl möhlet bilen arakesmäniň girizilmeginden soň, Waşington indi Hytaýyň tas doly diýen ýaly monopoliýasyny aradan aýyrmak ugrunda tagalla edýär.
Bilermenleriň pikiriçe, Merkezi Aziýa bu ýagdaýda bir-birini tamamlaýan hyzmatdaş hökmünde çykyş edip bilerdi. Sebitiň hökümetleri Hytaýyň we Russiýanyň täsirini deňagramlaşdyrmak, şeýle-de bu iki goňşusyna aşa garaşly bolmazlyk üçin, Amerikanyň maýa goýumlaryna ýykgyn edýärler.
“Pekin hem Waşington bu arakesmäni (eksport çäklendirmelerine goýlan bölekleýin arany) özlerine artykmaçlyk döretmek, indiki söwda dartgynlygynyň tapgyrynda has uly täsir gazanmak üçin ulanmakçy bolýarlar” diýip, Epşteýn aýtdy. “Bu bolsa ABŞ-ny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpugurly daşary syýasatlaryny saklap galmaga synanyşýan wagtynda deňagramlylyk babatynda has-da özüne çekiji edýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Trampyň ýanwarda häkimiýete dolanyp gelenden bäri, möhüm minerallar meselesi Ak tamyň gün tertibini kesgitleýän wajyp ugurlaryň biri boldy. ABŞ-nyň Geologiýa Gullugy ýurduň milli we ykdysady howpsuzlygy üçin “möhüm” hasaplaýan 50-den gowrak mineral serişdesini kesgitledi. Bularyň arasynda seýrek ýer metallary hem bolup, olar ýel turbinalaryndan başlap smartfonlaryň, söweş uçarlarynyň hereketlendirijileriniň önümçiliginde hem ulanylýan 17 elementdir.
“Mundan başga-da, bu Merkezi Aziýa liderlerine öz içerki ykdysady mümkinçiliklerini gowulandyrmagyň we daşarydan gönüden-göni maýa goýumlarynyň çalt gelmegini gazanmagyň täze usuly bolup biler” diýip, “Nightingale Intelligence” ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Eldaniz Guseýinow Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda, sebitiň mineral baýlyklary meselesinden daşgary-da, energiýa logistikasy, infrastruktura maýa goýumlary, ABŞ-dan sebit ýurtlaryna tehnologiýa geçirmek, bilim alyş-çalyş programmalary we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly meselelere hem garalar.
Merkezi Aziýanyň awtoritar dolandyryşly öňki sowet respublikalary ýyllarboýy giň gerimli adam hukuk bozmalaryny amala aşyrmakda aýyplanýarlar. Ýöne bu meseläniň sammitiň gün tertibinde uly orun almagyna garaşylmaýar. Bu ýagdaý käbir hukuk goraýjy guramalarda alada döretdi.
“Merkezi Aziýa-ABŞ sammitinde, esasan hem Merkezi Aziýada repressiýalaryň artýan wagtynda, adam hukuklary meselesi gün tertibiň möhüm bölegi bolmaly” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson beýanat bilen çykyş etdi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan, türkmenistanly syýasy bilermenler hem türkmen ýolbaşçylarynyň ABŞ-nyň lideri bilen duşuşygynyň iki ýurt üçin çynlakaý bähbitli bolup biljekdigini, emma munuň üçin amerikan tarapy türkmen häkimiýetlerinden bar bolan anyk kynçylyklara anyk çözgüt tapmagyň zerurdygyny gozgamaly diýip, pikir edýändiklerini bellediler.
Merkezi Aziýa liderleri bu sammitiň öz öňlerinde açýan mümkinçiliklerine göz ýetirýäne çalym edýär. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 500 million dollarlyk seýrek ýer metallary taslamalaryny ösdürmek boýunça meýilnamalaryny äşgär etdi. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem parlamentde çykyş edip, seýrek ýer metallarynyň “täze nebte” öwrülendigini we olary ösdürmegiň “baş ugur” hökmünde kesgitlenýändigini aýtdy.
Ýöne sebitdäki känleriň uly bölegi henizem doly öwrenilmedik we ulanylmadyk ýagdaýda galýar, şeýle-de kä halatlarda heniz hem sowetler döwründe geçirilen geologiki barlaglara daýanýar.
Merkezi Aziýanyň köp ýurdy eýýämden kanunlaryny magdan çykaryjy kompaniýalary çekmek üçin uýgunlaşdyryp başladylar. Ýöne bu ugurda has köp ABŞ maýasyny çekmek üçin, daşary kapitalyň bazara girmäge päsgelçilik döredýän düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegi-de zerur bolup dur; bu hem sammitiň gün tertibindäki meseleleriň biridir.
Anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanly syýasatşynasyň bellemegine görä, ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana maýa goýumlaryna gyzyklanýan bolsa, geljekki hyzmatdaşlyk üçin şert hökmünde derwaýys reformalary talap edip bilerdi.
"Amerikan maýa goýumlarynyň we maýadarlarynyň Türkmenistana getirilmeginiň esasy şerti hökmünde ýurtda kazyýet edaralarynyň halkara we garaşsyz metbugata jogap berip bilmegini we amerikan biznesiniň kanuny goraglylygyny üpjün etmek barada, ýurtda dini azlyklaryň, şol sanda Ýegowa şaýatlarynyň kanuny taýdan goragynyň kepillendirilmegi zerur diýmeli. ABŞ we Türkmenistan arasyndaky islendik dialogyň we göterilýän meseleleriň türkmen metbugatynda dolulygyna çap edilmegini üpjün etmek boýunça anyk gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini bellemeli" diýip, türkmen bilermeni belledi.
"C5+1" formatyndaky duşuşyklaryň düýbi 2015-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna saparyndan soň tutuldy. Daşary işler ministrler derejesinde geçirlen duşuşyklarda özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahat edildi. Bu ýylky sammit bu ýygnagyň diňe ikinji gezek prezidentler derejesinde geçirilýändigi bilen alamatlandyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum