Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Merkezi Aziýa liderleri bilen duşuşygyndan näme garaşmaly?

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary (çepden saga): Gazagystanyň prezidenti Kassymžomart Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary (çepden saga): Gazagystanyň prezidenti Kassymžomart Tokaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew.

Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda tapylan mineral baýlyklara gyzyklanýar, şonuň üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we sebit liderleriniň gatnaşmagynda 6-njy noýabrda Waşingtonda geçiriljek sammitde seýrek ýer metallary meselesiniň gün tertipde esasy orun eýeleýändigini analitikler çaklaýarlar. Bilermenler şu ýyl 10 ýyllygyny belleýän "C5+1" formatyndaky geljekki duşuşygyň Russiýa bilen Hytaýyň arasynda ýerleşýän sebit döwletlerine daşary syýasatlaryny deňagramlaşdyrmaga we köpugurly çemeleşmäni dowam etdirmäge mümkinçilik berjekdigini nygtaýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sammite gatnaşmak üçin Waşingtona ugrandygy 4-nji noýabrda habar berildi.

ABŞ-nyň prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen 6-njy noýabrda Waşingtonda "C5+1" formatynda geçiriljek duşuşygy ikinjisidir. Merkezi Aziýa liderleriniň we ABŞ-nyň prezidentiniň gatnaşmagynda birinji sammit 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilipdi. Ondan öň "C5+1" formatyndaky duşuşyk ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde geçirilipdi.

Synçylar Merkezi Aziýa-ABŞ arasyndaky häzirki sammitiň has anyk meselelere gönükdiriljegini we Donald Trampyň "Amerika ilki bilen" çemeleşmesi bilen bagly boljagyny çaklaýarlar. Iki ýyl mundan ozalky sammitde Russiýanyň Ukraina çozuşynyň fonunda bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň garaşsyzlygyna we sebitleýin jebisligiň berkidilmegine goldaw bildirilen bolsa, häzirki sammit seýrek toprak minerallary ýaly meseleleri öz içine alar diýip, syýasy bilermenler belleýär.

Waşingtonyň tebigy serişdelere baý Merkezi Aziýa sebitine bolan gyzyklanmasy ABŞ-Hytaý söwda urşy sebäpli oktýabr aýynda Pekin möhüm seýrek ýer metallaryna eksport çäklendirmelerini girizenden soň has-da güýçlenipdi. Bu elementleriň on ýedisi ýokary tehnologiýaly önümleriň önümçiliginde ulanylýar.

Soňky aýlarda, Özbegistan, Gazagystan we Gyrgyzystan şeýle tebigy serişdeleriniň önümçiligi üçin mümkinçilikleriniň bardygyny mälim etdiler. Merkezi Aziýanyň tebigy serişdelerine iň baý ýurtlaryň biri Türkmenistan bu meseläni entek resmi derejede agzamady.

ABŞ-da ýerleşýän Milli Goranmak Uniwersitetiniň professory Erika Marat ABŞ-nyň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarynda bolşy ýaly, Merkezi Aziýa liderleri bilen gepleşiklerinde "esasan Birleşen Ştatlara peýda getirýän mümkinçilikleri gözlär" diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Baýdeniň döwründe esasy maksatlaryň biri Merkezi Aziýanyň jebisligini saklamakdy - Waşington sebit ýurtlarynyň sazlaşykly hereket etmegini, Russiýanyň we Hytaýyň basyşyna garşy durmaga ukyply bolmagyny üpjün etmäge çalyşdy. ABŞ sebitleýin jebislige, ykdysady we syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmaga we liderleriň arasyndaky yzygiderli dialoglara ünsi çekdi. Indi, Trampyň döwründe format başgaça bolar - has pragmatik we maddy peýdalara gönükdiriler" diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen we ABŞ-da ýerleşýän Milli Goranmak Uniwersitetiniň professory Erika Marat aýdýar. (onuň pikiri ABŞ hökümetiniň pozisiýasyny görkezmeýär - red).

Seýrek ýer elementleri

Täjik syýasatşynasy Muhammad Şamsutdinow Waşingtonyň Merkezi Aziýa strategik serişdeleriň alternatiw çeşmesi hökmünde garaýandygyny belläp: " Şonuň üçin möhüm metallara elýeterlilik we Hytaýyň sebitdäki täsirini çäklendirmek meseleleri gün tertibinde ýokary orun eýelär" diýýär.

Muny sammitden öň sebite amerikan resmileriniň saparlary tassyklady. ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serhio Gor we Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau ýaňy-ýakynda Özbegistana we Gazagystana sapar etdiler. Döwlet departamenti olaryň saparlarynyň maksadynyň "möhüm mineral serişdelere we energiýa serişdelerine söwda we maýa goýumlary, şeýle hem 'C5+1' formatynda sebitleýin hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşmak" bilen bagly bolandygyny aýtdy.

Ösen tehnologiýalar üçin möhüm ýerasty serişde aprel aýynda Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi sammitiniň gün tertibinde hem esasy mesele boldy. Sammitiň öňüsyrasynda Astana Merkezi Gazagystanyň çäginde 20 million tonna baýlygy çaklanylýan uly seýrek ýerasty metal käniniň tapylandygyny yglan etdi. Gorlar tassyklanmady, ýöne çaklamalar dogry bolsa, bu ýurt gorlar boýunça Hytaýdan we Braziliýadan soň üçünji orny eýeläp biler.

Şeýle-de bolsa, analitikler Merkezi Aziýada seýrek ýerasty metallaryň önümçiliginiň mümkinçilikleri näbelli bolmagynda galýar diýýärler. Amerikan pikir merkezi Atlantik Geňeşi esasy päsgelçilikleri ýokary üstaşyr çykdajylary, eksport infrastrukturasynyň ýetmezçiligi we "söwda mümkinçiliklerini ep-esli peseldýän ýokary töwekgelçilikli maýa goýum gurşawy" bilen düşündirdi.

Bu aralykda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ikinji gezek ABŞ-da geçirilýän bu ýokary derejeli duşuşyga türkmen jemgyýetinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanly syýasy bilermenler türkmen ýolbaşçylarynyň ABŞ-nyň lideri bilen duşuşygynyň iki ýurt üçin çynlakaý bähbitli bolup biljekdigini, emma munuň üçin amerikan tarapy türkmen häkimiýetlerinden bar bolan anyk kynçylyklara anyk çözgüt tapmagyň zerurdygyny gozgamaly diýip, pikir edýär.

"ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistan bilen gepleşiklerde türkmen tarapyndan iň gözgyny meselelerde, ýagny, ynsan hukuklarynyň fundamental özeni bolan hereket we habar almak hukuklaryny üpjün etmegi soramaly. Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň esasy şertleri hökmünde ýurtda hakyky ykdysady statistikanyň açyk çap edilmegi, ýurtda raýatlar, telekeçiler we işewürler üçin dollaryň erkin çalşygynyň üpjün edilmegini talap etmeli" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürlän türkmenistanly synçy aýtdy.

Syýasatşynasyň bellemegine görä, ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana maýa goýumlaryna gyzyklanýan bolsa, geljekki hyzmatdaşlyk üçin şert hökmünde derwaýys reformalary talap edip biler.

"Amerikan maýa goýumlarynyň we maýadarlarynyň Türkmenistana getirilmeginiň esasy şerti hökmünde ýurtda kazyýet edaralarynyň halkara we garaşsyz metbugata jogap berip bilmegini we amerikan biznesiniň kanuny goraglylygyny üpjün etmek barada, ýurtda dini azlyklaryň, şol sanda Ýegowa şaýatlarynyň kanuny taýdan goragynyň kepillendirilmegi zerur diýmeli. ABŞ we Türkmenistan arasyndaky islendik dialogyň we göterilýän meseleleriň türkmen metbugatynda dolulygyna çap edilmegini üpjün etmek boýunça anyk gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini bellemeli" diýip, türkmen bilermeni belledi.

Türkmenistanlylar ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda göni uçar gatnawyny, amerikan syýahatçylarynyň Türkmenistana we türkmen studentleriniň, akademik we zähmet migrantlarynyň ABŞ-a baryp gelmeginde ýeňillikli wiza düzgünleriniň gereklidigini hem aýdýarlar.

"Ýöne wiza, turizm, okuw, dollar çalşygy, uçar gatnawy ýaly iki ýurt üçin derwaýys bolan meseleleriň özeninde hut amerikan tarapynyň türkmen tarapyna şol meseleleri göni we tutanýerli aýtmagy möhüm" diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmen ykdysatçysy aýtdy.

Sebit bilermenleri Türkmenistanyň ýobaşçylaryny ABŞ bilen gepleşiklerde gyzyklandyrýan möhüm meseleleriň biri gaz eksportyna degişli diýýärler. Şu ýyl Türkmenistanyň gaz hyrydarlarynyň ikisine gaz söwdasy togtadyldy.

Maý aýynda Yragyň Türkmenistandan gazy “swap mehanizmi” arkaly aljagy mälim boldy, emma sentýabrda Yragyň türkmen gazyny goňşy Eýranyň üsti bilen satyn almak synanyşygy ABŞ-nyň basyşy sebäpli başa barmady diýip, “Reuters” habar berdi. Maglumatda Bagdadyň Eýranyň üsti bilen takmynan 5 milliard kub metr (bkm) türkmen gazyny import etmek üçin Waşingtonyň razylygyny almaly bolandygy, sebäbi onuň ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryny bozmak töwekgelçiligini döredýändigini bellendi.

Oktýabryň aýagynda "Türmengazyň" başlygy Maksat Babaýew türkmen gazynyň Türkiýä akdyrylmagynyň togtadylandygyny tassyklady. Türkmen resmileri bu ýagdaýlaryň ikisiniň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermedi.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen "Turan" barlag mereziniň baş eksperti Bruse Pannier türkmen gazynyň Türkiýä akdyrylmagynyň bes edilmeginiň Eýrana garşy sanksiýalar bilen bagly bolmagyny çak etdi.

Häzirki sammitiniň geçiriljek wagty oktýabr aýynyň ahyrynda belli boldy, Tramp Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine çakylyk iberdi.

Munuň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Kongresiniň agzalary Trampy "C5+1" sammitini şu ýyl geçirmäge çagyrdylar. Respublikan Patrik Huizenga we demokrat Sidneý Kaý Kamlager-Dow prezidente hat ýazyp, "C5+1" platformasynyň 10 ýyllygynyň ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we "ABŞ-nyň regionda howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny, ykdysady gatnaşyklary, 'ýumşak güýç' we netijeli dolandyryş ýaly bähbitlerini öňe sürmek" üçin seýrek mümkinçilik döredýändigini nygtadylar. Kongressmenler adam hukuklary temasyny göni agzamadylar, emma "ABŞ-nyň maliýeleşdirýän habar serişdeleriniň" akkreditasiýa problemasynyň çözülmegine umyt bildirdiler.

Adam hukuklary

Sammitden öň, ABŞ-da ýerleşýän halkara adam hukuklary guramasy "Human Rights Watch" Merkezi Aziýa ýurtlarynda repressiýalaryň, metbugata basyşlaryň we hökümet tankytçylarynyň yzarlanmagynyň güýçlenýändigine ünsi çekdi. Gurama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatyna salgylanyp, sebitde raýat jemgyýeti aktiwistleriniň we oppozisiýa wekilleriniň gynamalara, zalymlyga sezewar edilmegi we bikanun tussag edilmegi barada ygtybarly hasabatlaryň peýda bolýandygyny aýtdy. Maglumatda söz azatlygynyň örän çäklendirilýändigi, žurnalistleriň öz işleri üçin yzarlanýandygy we korrupsiýanyň giňden ýaýrandygyny bellendi.

HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson geljekki sammite gatnaşyjylary adam hukuklaryny ileri tutulýan meseleleriň arasynda gozgamaga çagyrdy.

Şeýle-de bolsa, synçylar bu çagyryşa üns berilmez diýip pikir edýärler.

"Men Tramp administrasiýasynyň biziň sebitimizdäki adam hukuklary meseleleri boýunça pozisiýasynyň gowşandygyny belläp geçerdim" diýip, Beýik Britaniýada ýerleşýän “Central Asia Due Diligence” atly pikir merkeziniň esaslandyryjysy Alişer Ilhamow aýdýar. "Ileri tutulýan ugurlar babatda aýdylanda, bu mesele öňki prezidentiň döwründe eýýäm ikinji plana geçirilip başlandy, ýöne indi bu meýil güýçlendi" diýip, bilermen belledi.

Amerikan syýasy bilermeni Erika Marat diňe bir adam hukuklary meselesi däl, eýsem Baýdeniň administrasiýasy döwründe gozgalan demokratiýa we howanyň üýtgemegi ýaly meseleleriň hem gün tertibinden aýryljakdygyna ynanýar.

"Baýdeniň döwründe Merkezi Aziýada energiýa howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýöne indi üns has anyk ykdysady we serişde bähbitlerine gönükdiriler" diýip, Marat belleýär.

Merkezi Aziýa näme gazanyp biler?

Sebit ýurtlarynyň aýratynlykda däl-de, topar hökmünde global gyzyklanma döredýändigi sebit üçin oňyn alamat hökmünde kabul edilmelidir diýip, Beýik Britaniýada ýerleşýän “Central Asia Due Diligence” ylmy-barlag merkeziniň esaslandyryjysy Alişer Ilhamow aýdýar.

“Eger sebit ýurtlary halkara derejesini saklamak we gowulandyrmak isleýän bolsalar, Merkezi Aziýanyň içinde integrasiýa ugrunda işleşmegini dowam etdirmelidir” diýip, Ilhamow belleýär. “Günbatar bilen gatnaşyklary, esasanam şeýle sammitler arkaly sebit ýurtlary köpugurly daşary syýasaty alyp baryp, Moskwanyň we Pekiniň göni hemralaryna öwrülmekden gaça durup bilerler. Bu syýasatyň bahasy, elbetde, Moskwanyň hüjümleriniň köpelmegi bolar, muny biz eýýäm görýäris” diýip Ilhamow belledi.

Waşingtondaky sammit yglan edilenden soň dessine Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Günbatary “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryny Russiýadan aýyrmaga” synanyşmakda aýyplady we Moskwanyň bu tagallalara garşy durjakdygyna söz berdi.

Waşingtondaky duşuşyk Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýa-Russiýa sammitinden bir aýdan soň geçiriler. Şol duşuşykda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin sebitiň Kreml üçin strategik ähmiýetini nygtap, Moskwanyň sebitiň esasy ýarany we howpsuzlygyň kepili bolup galýandygyna ynandyrdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Russiýanyň we sebitde ykdysady ornuny işjeň giňeldýän Hytaýyň şeýle-de Günbataryň bähbitleriniň arasynda hereket etmäge çalyşýarlar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri, şol sanda Serdar Berdimuhamedow sentýabrda Nýu Ýorkda BMG-niň Baş assambleýasynyň maslahatyna gatnaşdylar. Şonda Donald Tramp diňe Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşdy. Şawkat Mirziýoýew Trampy Samarkanda sapara çagyrdy, şonda amerikan prezidenti "pikirlenmegi" wada berip, bir aýdan soň bäş merkezi aziýaly prezidenti Waşingtona çagyrdy.

"C5+1" formatyndaky duşuşyklaryň düýbi 2015-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna saparyndan soň tutuldy. Daşary işler ministrler derejesinde geçirlen duşuşyklarda özara hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahat edildi.

Makalada Nargiz Hamrabaýewanyň we Azattyk Aziýanyň maglumatlary ulanyldy.

'C5+1': Format nähili başlady we ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar nähili ösdi

2015-nji ýylyň güýzünde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri sebitdäki bäş ýurduň hemmesine sapar edip, Waşington bilen Merkezi Aziýanyň paýtagtlarynyň arasynda täze dialog formatyny başlady.Özbegistanda prezident Yslam Karimow Kerri bilen uçaryň basgançagynda şahsy duşuşdy. SSSR-iň dargamagyndan öň häkimiýete gelen Karimow ýurdy çärýek asyrdan gowrak dolandyrdy (ol 2016-njy ýylda aradan çykdy). Ol awtoritar dolandyryş usuly we pikir alyşmalary basyp ýatyrmagy üçin tankyt edildi.ABŞ-nyň Özbegistandaky we Gazagystandaky öňki ilçisi Jorj Krol öz ýatlamalarynda Karimowyň Özbegistany daşarky syýasy we ykdysady güýçlerden üzňeleşdirmäge synanyşandygyny; dünýä bilen diplomatik gatnaşyklaryny saklasa-da, ýurduň uzak wagtlap ýapyk galandygyny ýazdy.
1/10 2015-nji ýylyň güýzünde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri sebitdäki bäş ýurduň hemmesine sapar edip, Waşington bilen Merkezi Aziýanyň paýtagtlarynyň arasynda täze dialog formatyny başlady.Özbegistanda prezident Yslam Karimow Kerri bilen uçaryň basgançagynda şahsy duşuşdy. SSSR-iň dargamagyndan öň häkimiýete gelen Karimow ýurdy çärýek asyrdan gowrak dolandyrdy (ol 2016-njy ýylda aradan çykdy). Ol awtoritar dolandyryş usuly we pikir alyşmalary basyp ýatyrmagy üçin tankyt edildi.ABŞ-nyň Özbegistandaky we Gazagystandaky öňki ilçisi Jorj Krol öz ýatlamalarynda Karimowyň Özbegistany daşarky syýasy we ykdysady güýçlerden üzňeleşdirmäge synanyşandygyny; dünýä bilen diplomatik gatnaşyklaryny saklasa-da, ýurduň uzak wagtlap ýapyk galandygyny ýazdy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Kerri 2013-nji ýylda Döwlet sekretary hökmünde ilkinji gezek jemgyýetçilik öňünde eden çykyşynda "Gyrzahstan" diýen ýurdy agzady. Ol, ähtimal, Gyrgyzystany göz öňünde tutandyr. Bu utanç ýyllarboýy ýatda galdy.2015-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitine eden saparynyň dowamynda ol bäş döwletiň liderleri bilen duşuşyklary geçirdi.
2/10 Kerri 2013-nji ýylda Döwlet sekretary hökmünde ilkinji gezek jemgyýetçilik öňünde eden çykyşynda "Gyrzahstan" diýen ýurdy agzady. Ol, ähtimal, Gyrgyzystany göz öňünde tutandyr. Bu utanç ýyllarboýy ýatda galdy.2015-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitine eden saparynyň dowamynda ol bäş döwletiň liderleri bilen duşuşyklary geçirdi.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Kerri Gazagystanda prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.Özbegistanda bolşy ýaly ýurduň ilkinji prezidenti sowet partiýa nomenklaturasyndan geldi. Şeýle-de bolsa, Nazarbaýew goňşy ýurduň liderinden tapawutlylykda, nebit baýlygyny Günbatar kompaniýalaryna açdy we Gazagystanyň progressiw we maýadarlara dostlukly keşbini döretmäge synanyşdy diýip, Nazarbaýew we Karimow bilen gürleşen amerikan diplomaty Jorj Krol ýatlamalarynda aýdýar.
3/10 Kerri Gazagystanda prezident Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.Özbegistanda bolşy ýaly ýurduň ilkinji prezidenti sowet partiýa nomenklaturasyndan geldi. Şeýle-de bolsa, Nazarbaýew goňşy ýurduň liderinden tapawutlylykda, nebit baýlygyny Günbatar kompaniýalaryna açdy we Gazagystanyň progressiw we maýadarlara dostlukly keşbini döretmäge synanyşdy diýip, Nazarbaýew we Karimow bilen gürleşen amerikan diplomaty Jorj Krol ýatlamalarynda aýdýar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Merkezi Aziýanyň iň demirgazyk paýtagty Astana Kerrini sowuk howa we güýçli ýel bilen garşylady. Noýabr aýynyň başynda bu giňişliklerde gar ýagmagy we tupan turmagy seýrek däl. Habar agentlikleriniň arhiwlerinde Kerriniň Gazagystana sapary mahalynda baryp gören metjidiň daşynda palto geýip düşen suratlary bar.
4/10 Merkezi Aziýanyň iň demirgazyk paýtagty Astana Kerrini sowuk howa we güýçli ýel bilen garşylady. Noýabr aýynyň başynda bu giňişliklerde gar ýagmagy we tupan turmagy seýrek däl. Habar agentlikleriniň arhiwlerinde Kerriniň Gazagystana sapary mahalynda baryp gören metjidiň daşynda palto geýip düşen suratlary bar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Kerri 2006-njy ýylda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň wezipä geçen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.Berdimuhamedow öňki prezidentden galan şahsyýet kultuny gowşatdy, ýöne öz kultuny döretdi: "Türkmenbaşy" (Ähli türkmenleriň atasy) "Arkadag" (Goragçy) bilen çalşyryldy. 2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesini ogly Serdara geçirdi.
5/10 Kerri 2006-njy ýylda ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagyndan soň wezipä geçen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.Berdimuhamedow öňki prezidentden galan şahsyýet kultuny gowşatdy, ýöne öz kultuny döretdi: "Türkmenbaşy" (Ähli türkmenleriň atasy) "Arkadag" (Goragçy) bilen çalşyryldy. 2022-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesini ogly Serdara geçirdi.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Kerri Gyrgyzystanda Merkezi Aziýada Amerikan Uniwersitetiniň täze kampusynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.2013-nji ýylda bu ýurt barada gürrüň eden Kerri "Gyrgyzystan" barada aýdylanda adyny ýalňyş aýtdy. Ol: "Mert amerikan işgärleri planetanyň iň howply ýerlerinde işleýärler. Olar Nigeriýada korrupsiýa garşy göreşýärler. Olar Birmada kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrýarlar. Olar Gyrgyzystanda we Gruziýada demokratik özgerişlikleri goldaýarlar, biziň tejribämizde, ýurduň demokratiýa geçmegi üçin köp wagt gerek" diýdi.Şol wagt Gyrgyzystan garaşsyzlykdan bäri ikinji rewolýusiýasyny başdan geçirýärdi. Onuň lideri Almazbek Atambaýew rewolýusiýa we häkimiýeti ele geçirmek arkaly däl-de, häkimiýeti öňki prezident Roza Otunbaýyewadan saýlawlar arkaly alan ilkinji lider boldy.
6/10 Kerri Gyrgyzystanda Merkezi Aziýada Amerikan Uniwersitetiniň täze kampusynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.2013-nji ýylda bu ýurt barada gürrüň eden Kerri "Gyrgyzystan" barada aýdylanda adyny ýalňyş aýtdy. Ol: "Mert amerikan işgärleri planetanyň iň howply ýerlerinde işleýärler. Olar Nigeriýada korrupsiýa garşy göreşýärler. Olar Birmada kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrýarlar. Olar Gyrgyzystanda we Gruziýada demokratik özgerişlikleri goldaýarlar, biziň tejribämizde, ýurduň demokratiýa geçmegi üçin köp wagt gerek" diýdi.Şol wagt Gyrgyzystan garaşsyzlykdan bäri ikinji rewolýusiýasyny başdan geçirýärdi. Onuň lideri Almazbek Atambaýew rewolýusiýa we häkimiýeti ele geçirmek arkaly däl-de, häkimiýeti öňki prezident Roza Otunbaýyewadan saýlawlar arkaly alan ilkinji lider boldy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Täjigistanda Kerrini aeroportda ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri garşyladylar. Döwlet sekretary soňra prezident Emomali Rahmon (häzirki wagtda ýurdy dolandyrýar) bilen gepleşik geçirdi."Biz Owganystandaky we serhetdäki howpsuzlyk, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we terrorçylyga garşy göreş barada ikimiz hem çuňňur alada edýäris" diýip, döwlet sekretary Duşenbede aýtdy.
7/10 Täjigistanda Kerrini aeroportda ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri garşyladylar. Döwlet sekretary soňra prezident Emomali Rahmon (häzirki wagtda ýurdy dolandyrýar) bilen gepleşik geçirdi."Biz Owganystandaky we serhetdäki howpsuzlyk, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we terrorçylyga garşy göreş barada ikimiz hem çuňňur alada edýäris" diýip, döwlet sekretary Duşenbede aýtdy.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Kerriniň sebite sapary Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan ABŞ-nyň uzak möhletli gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy hökmünde kabul edildi.Bu "C5+1" platformasynyň başlangyjyny alamatlandyrdy. Daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar yzygiderli boldy we hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi. (Suratda: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri, 2023)
8/10 Kerriniň sebite sapary Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan ABŞ-nyň uzak möhletli gatnaşyklary we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy hökmünde kabul edildi.Bu "C5+1" platformasynyň başlangyjyny alamatlandyrdy. Daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar yzygiderli boldy we hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi. (Suratda: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri, 2023)
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Ilkinji "C5+1" sammiti 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirildi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri bilen gepleşik geçirdi.Gazagystana onuň ikinji prezidenti, karýera diplomaty we öňki prezident Nazarbaýewiň şägirdi Kasymžomart Tokaýew wekilçilik etdi. Nazarbaýew 2019-njy ýylda wezipesinden çekilip, ganly ýanwar wakalaryndan soň kölegä çekildi. Gyrgyzystana ýurduň üçünji rewolýusiýasynyň tolkunynda häkimiýete gelen Sadyr Japarow wekilçilik etdi. Özbegistana Karimowyň ölüminden soň wezipä geçen we ýurdy dünýä açan ikinji prezident Şawkat Mirziýoýew wekilçilik etdi. Türkmenistan öz kakasynyň ornuna prezident bolan Serdar Berdimuhamedow wekilçilik etdi. Emomali Rahmon 1994-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýar.
9/10 Ilkinji "C5+1" sammiti 2023-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirildi. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleri bilen gepleşik geçirdi.Gazagystana onuň ikinji prezidenti, karýera diplomaty we öňki prezident Nazarbaýewiň şägirdi Kasymžomart Tokaýew wekilçilik etdi. Nazarbaýew 2019-njy ýylda wezipesinden çekilip, ganly ýanwar wakalaryndan soň kölegä çekildi. Gyrgyzystana ýurduň üçünji rewolýusiýasynyň tolkunynda häkimiýete gelen Sadyr Japarow wekilçilik etdi. Özbegistana Karimowyň ölüminden soň wezipä geçen we ýurdy dünýä açan ikinji prezident Şawkat Mirziýoýew wekilçilik etdi. Türkmenistan öz kakasynyň ornuna prezident bolan Serdar Berdimuhamedow wekilçilik etdi. Emomali Rahmon 1994-nji ýyldan bäri Täjigistany dolandyrýar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
2025-nji ýylda Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleninden soň, şu ýyl Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gysga gepleşik geçirdi.Bir aýdan soň, Tramp Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine Waşingtona çakylyk iberdi we olar kabul edildi.Bilermenler sammitiň gün tertibinde Merkezi Aziýada bol bolan mineral baýlyklara, esasanam seýrek ýer metallaryna üns beriljekdigini çaklaýarlar.
10/10 2025-nji ýylda Donald Tramp Ak Tama gaýdyp geleninden soň, şu ýyl Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gysga gepleşik geçirdi.Bir aýdan soň, Tramp Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderlerine Waşingtona çakylyk iberdi we olar kabul edildi.Bilermenler sammitiň gün tertibinde Merkezi Aziýada bol bolan mineral baýlyklara, esasanam seýrek ýer metallaryna üns beriljekdigini çaklaýarlar.
“C5+1” formaty 10 ýyl mundan ozal, 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky dialog üçin täze platforma hökmünde döredildi. Ilkinji ýyllarynda bu format daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli gepleşikleri öz içine alýardy. 6-njy noýabrda Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirilen sammit bu formatyň çäginde ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar.
Previous slide
Next slide

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG