Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa bölünip aýrylan, Russiýanyň goldaýan Prednistrowýäniň golaýynda harby türgenleşik geçirýär


Harbylar bularyň Bulboaka türgenleşik merkezinde geçiriljekdigini aýtdylar. (arhiw suraty)
Harbylar bularyň Bulboaka türgenleşik merkezinde geçiriljekdigini aýtdylar. (arhiw suraty)

17-nji dekabrda Günbatar-tarapdar Moldowa Russiýa tarapyndan goldanylýan bölünip aýrylan separatist region Prednistrowýeniň golaýynda harby türgenleşiklere başlady. Bu barada habar beren Goranmak ministrligi türgenleşikleriň 22-nji dekabra çenli dowam etdiriljekdigini hem mälim etdi.

Harbylar bularyň Bulboaka türgenleşik merkezinde geçiriljekdigini aýtdylar. Sosial ulgamlarda paýlaşylan wideolarda harby ulaglaryň regionyň köçelerinden hereket edişini görse bolýar.

Russiýa Prednistrowýede “parahatçylygy saklaýjylar” diýip, müňe golaý esgerini saklaýar.

Moldowanyň parlamenti 15-nji dekabrda Günbatar-tarapdar milli goranyş strategiýany kabul etdi. Prezident Maia Sandu muny howpsuzlyk we durnuklylyk ugrundaky öňe ädim hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG