Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň etegindäki mekdepde öldürilen on ýaşly Kobiljon Täjigistanda jaýlandy


“Gorki-2” obasyndaky mekdebiň okuwçysy mekdebe pyçakly gelip, 16-njy dekabr güni irden beýleki okuwçylara hüjüm etdi.
“Gorki-2” obasyndaky mekdebiň okuwçysy mekdebe pyçakly gelip, 16-njy dekabr güni irden beýleki okuwçylara hüjüm etdi.

Moskwa oblastyndaky mekdepde edilen hüjüm netijesinde wepat bolan on ýaşly täjik raýaty Kobiljon Aliýew Täjigistanyň Şahrinaw etrabynyň Ajam obasynda jaýlandy diýip, “Azia-Plus” neşiri habar berýär.

Onuň jesedi 18-nji dekabr güni irden Moskwadan Duşenbe şäherine getirildi.

Neşiriň habaryna görä, merhumy jaýlamaga diňe Şahrinaw etrabyndan däl, eýsem respublikanyň beýleki sebitlerinden hem ýüzlerçe adam gatnaşdy. Olaryň arasynda hukuk goraýjy edaralaryň hem köp işgäri bardy diýip, habarda bellenýär.

Aýdylmagyna görä, howpsuzlyk güýçleriniň wekilleri žurnalistlere jynazany açyk surata düşürmegi gadagan edipdirler. Jynaza namazy Täjigistanyň müftüsi Saidmukarram Abdulkodirzodanyň gatnaşmagynda okaldy.

Moskwa oblastynyň “Gorki-2” obasyndaky mekdebiň okuwçysy mekdebe pyçakly gelip, 16-njy dekabr güni irden beýleki okuwçylara hüjüm etdi.

Ýetginjek goragçynyň ýüzüne burç sepip, ony pyçaklady we soňra 10 ýaşly okuwça pyçakly hüjüm etdi.

Kobiljon Aliýew mekdepde alan pyçak ýarasyndan öldi.

XS
SM
MD
LG