Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe adam Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda “Arkadagyň” futbol oýnuna tomaşa etmäge mejbur edildi

Türkmenistanyň "Arkadag" futbol topary (2023-nji ýyla degişli arhiw suraty)
Türkmenistanyň "Arkadag" futbol topary (2023-nji ýyla degişli arhiw suraty)

12-nji awgustda müňlerçe adam Arkadag şäherindäki Arkadag stadionynda “Arkadag” toparynyň futbol oýnuny tomaşa etmäge mejbur edildi. Bu futbol çäresi mejbury janköýerlere we şäher ýaşaýjylaryna dürli bökdençlikleri döretdi, köçelerde ulaglaryň hereketi çäklendirildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.

“Aşgabatdaky we Arkadag şäherindäki hökümet edaralaryndan işgärleriň tas ählisi Arkadag stadionyndaky oýna tomaşa etmäge eltildi. Diňe hökümet edaralarynyň işgärleri 20 awtobus bolup, stadiona geldi” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Resmi metbugata görä, 12-nji awgustda geçirilen futbol oýnunda Türkmenistanyň “Arkadag” futbol topary Hindistanyň “Goa” toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Netijede, türkmen topary 2026/2027 möwsüminiň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) 2-nji Çempionlar ligasy ýaryşynyň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi.

Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk Arkadag stadionynda geçirilen futbol çäresine paýtagtyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň her birinden 250 sany talyp, okuwçy hem alnyp baryldy.

“Hajathana zerurlyklaryna hem rugsat berilmedi”

Mejbury futbol janköýeri hökmünde eltilen býujet işgärleriniň we talyplaryň ençemesi anonimlik şertinde beren maglumatynda özleriniň dört sagatlap hiç ýere goýberilmän saklanandygyny, hat-da futbol arakesmesinde hajathana zerurlyklaryny berjaý etmäge hem rugsat berilmändigini aýtdy.

“Býujet işgärlerini, talyplary we orta hünär mekdepleriniň okuwçylaryny sagat 18:00-da getirip, günüň aşagynda oturtdylar. Futbol duşuşygy 20:00-da başlandy we sagat 22:00-da hem tamamlandy. Şol aralykda ýeriňden turmaga rugsat bermediler diýsek-de ýalňyşmarys. Polisiýa işgärleri garawullap, ‘yzyňa git, çykmak bolanok’ diýip durdular. Hat-da, futbol arakesmesinde hajathana hem goýbermediler” diýip, gartaşan ýaşlaryndaky aşgabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz mejbury janköýerleriň arasynda uly ýaşly aýallaryň we çagaly aýallaryň hem köpdügini aýdyp, bu çäklendirmeleriň olara has-da ýaramaz täsir ýetirendigini aýdýar.

“Olaryň arasynda käbirleri çydaman, polisiýa işgärleri bilen dawalaşyp, gulply duran derwezäni açyp, çykyp gitdiler” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan paýtagtly býujet işgäri aýtdy.

Futbol duşuşygy diňe mejbury janköýerlere däl, eýsem şäher ýaşaýjylaryna hem oňaýsyz täsir ýetirdi. Stadionyň töweregindäki ýollaryň ençemesi ýapylyp, olarda ulaglaryň hereketi çäklendirildi.

“Stadiona barýan adamlar ýarty ýolda ulagdan ýa awtobusdan düşüp, galan ýoly ýöräp barmaly boldular. Stadionyň töweregindäki jaýlarda ýaşaýan adamlar hem, ýüzlerçe metr ýoly ýöräp geçmeli boldular” diýip, ýagdaýlardan habarly arkadagly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Howpsuzlyk çäreleri

Şäherde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi. Köçelerde her birnäçe metr aralykda polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi.

“Stadiona eltilen adamlar hem berk barlanyp, ýörite barlag enjamlaryna geçirilip, stadionyň içine salyndy” diýip, aşgabatly talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Mejbury janköýerleriň ençemesi stadionyň aşa hapadygyna hem ünsi çekip, ‘oturgyçlarda adam oturar ýaly däldigini’, oturgyçlara plastik paketleri goýup oturmaly bolandyklaryny hem aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Aşgabadyň we Arkadagyň şäher häkimliklerinden, stadionyň administrasiýasyndan resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýamyzyň 14-nji awgustda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmen metbugaty futbol duşuşygynda “Arkadag” toparynyň ýeňiş gazanandygy we “öňde boljak halkara ýaryşlara tutanýerli taýýarlyk görýändigi” barada giňden habar berse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada kelam agyz söz aýtmaýar.

Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna we beýleki döwlet çärelerine, şol sanda ýerli toparlaryň halkara futbol duşuşyklaryna býujet işgärleriniň, talyplaryň, okuwçylaryň müňlerçesi janköýer, tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga mejbur edilýär. Bu çärelere gatnaşyjylar özleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ençeme sagatlap suwsuz, azyksyz saklanylmagy, hajathanadan mahrum edilmegi ýaly ýagdaýlar barada ýyllarboýy habar berip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG