Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä welosiped güni çäresi köp maşgalany 'goşmaça kösençlige saldy' - ýaşaýjylar

Türkmen resmileri nobatdaky Welosiped çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty.
Türkmen resmileri nobatdaky Welosiped çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty.

Türkmenistan 3-nji iýunda sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramyny — Bütindünýä welosiped gününi belleýär, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen býujet işgärleri bu çäräniň özlerine her ýyl ‘gymmat düşýändigini’ aýtsalar, synçylar ýaş prezidentiň ykdysady taýdan zyýanly, resmi Aşgabady gülkünç ýagdaýa salýan ‘tomaşalardan el çekmegine’ çagyrýarlar.

Synçylar döwlet eýeçiligindäki metbugat arkaly wagyz edilýän ‘ýasama ruhubelentlikden ýadan’ adamlaryň bu ýagdaýa ajy ýylgyrmakdan başga çäre tapmaýandyklaryny, sebäbi ýurtda syýasy, ykdysady, medeni azatlyklaryň soňky derejelerine çenli çäklendirilendigini öňe sürýärler.

Balkandaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan saglyk, bilim işgärleri, adatça bolşy ýaly, tomus paslyna gabat mekdepleri, hassahanalary we saglyk öýlerini abatlamak üçin, maşgala agzalarynyň agzyndan kesip, müňlerçe manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny we Bütindünýä welosiped gününiň özleri üçin ‘nobatdaky kosençlikden’ başga zat däldigini aýtdylar.

Lukmanlar, mugallymlar goşmaça çykdajydan nägile bolýar

“Lukmanlar, mugallymlar her tomusda döwlet hasabyna edilmeli remont işlerine pul bermeli. Munuň üstesine, ýolbaşçylar adamlary täze welosiped, ak kepka, gök sportiwka, ak krassowka almaga mejbur edýärler” diýip, balkanabatly çeşme habarçymyza aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýyl welosipedler, geçen ýyldakysyndan tapawutlylykda, ýaşyl reňkli däl-de, ak reňkli bolmaly edilipdir.

Şeýle-de, “Türkmenistan” ýazgyly, Hytaýda öndürilen tigirleriň ählisiniň meňzeş bolmalydygy aýdylýar.

Türkmenistanda döwlet derejesinde guralýan we berk gözegçilik astynda geçirilýän köpçülik çärelerindäki ‘meňzeşlik’, ol ýa-da beýleki reňk talaplary, synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, ýokary derejeli emeldarlara ýakyn durýan telekeçileriň iş, gazanç mümkinçiliklerini köpeltmek, ilata agram salýan biznes bähbitleri bilen bagly.

“...welosipedleri ýokary derejeli adamlara ýakyn telekeçiler getirýär. Hökümet sport lybaslary, welosiped söwdasy bilen käbir adamlaryň baýamagyna mümkinçilik döredýär” diýip, söhbetdeşimiz bu pikirini diňe belli-belli telekeçileriň getiren tigirleriniň, sport lybaslarynyň ‘geçginli’ bolmagy bilen düşündirdi.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly telekeçiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda biznes, iş mümkinçilikleri esasan ‘arkaly’ telekeçilere bähbitli bolup, ‘arkasyz’ telekeçiler emeli ýagdaýda döredilýän ‘biznes monopoliýasyndan’ uly zyýan çekýärler, emma bu barada açyk gürrüň etmekden çekinýärler.

Çäreler saýlanan telekeçiler üçin bähbitli, köp adama zyýan

“Telekeçilikdäki ýagdaýy, nähili adamlaryň işiniň ýol alýandygyny bilmeýän ýok. Emma muny aýdyp bolmaýar. Iň beteri, bu ýagdaý bäri-bärde üýtgejege meňzemeýär. Daşary ýurtlara çykyp, sosial media arkaly başgaça pikirlilerini aýdýan adamlaryň yzarlanmagynyň has güýçlenmegi hökümetiň ilaty sessiz, gorkuzyp saklamak syýasatyndan el çekmek islemeýändigini, hakyky reformalara geçmek pikiriniň ýokdugyny görkezýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen telekeçi aýtdy.

Balkanabat şäheriniň 1-nji mekdebiniň mugallymy, ady redaksiýada saklanýar, bilim işgärleriniň aýlyklarynyň az bolmagynda galýandygyny we ‘boýna dakylýan goşmaça çykdajylaryň’ ýaş nesle döwrebap bilim bermeli adamlary okuwçylaryň öňünde ‘dilegçä öwürýändigini’, utançly bir hala salýandygyny aýtdy.

“Mugallymlaryň zähmet hakynyň az bolmagyna garamazdan, mekdepleriň synp otaglaryny abatlamak hem pedagoglaryň üstüne ýüklenýär. Welaýat bilim bölümi bizden her synp üçin 10 müň manat pul tapmagy talap edýär. Okuwçylardan haýyş edip, her synpda 30 okuwçy bolsa, olaryň her birinden diňe 100 manat sorap bilýäris. Eger köp sorasak, ene-atalar arz edýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran pedagog aýtdy.

"Mugallymlary hor bolan ýurduň gelejegi bolmaýar"

Onuň tassyklamagyna görä, 1-nji mekdebiň mugallymlary abatlaýyş işleri üçin zerur bolan serişdäniň galan bölegini, 7 müň manady öz hasaplaryna jemlemeli bolýarlar.

“Bu biziň 2 aý zähmet hakymyza deňeçer pul bolýar. Mugallymlary hor bolan ýurduň gelejegi bolmaýar. Indi, welosiped çäresi hem bize goşmaça çykdajy boldy” diýip, balkanabatly mugallym aýtdy.

Balkanabatdaky welaýat hassahanasy 3-nji iýunda jemi 80 welosipedlini ýörişe çykarmaly edildi, emma bu ‘baýramçylyga begenip gatnaşjagyň ýokdugyny aýdyp biljek’ diýip, hassahananyň onkologiýa keselleri boýunça lukmany Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň pikiriçe, ‘lukmanlary çärelerden azat etmeli’.

“Türkmenistanyň döwlet syýasatynda çäreleriň adam saglygyndan ileri tutulmagy Nyýazowdan miras galdy. Gurbanguly [Berdimuhamedow] bolsa, Nyýazow zulumy sebäpli, çäreleri aňyndan çykaryp bilmedi, olary özüne baş ýörelge edip ulanyp, has berkitdi. Indi ýaş prizident bu ykdysady taýdan zyýanly çärelerden el çekmeli. Halk onsuzam ol aýdan ol aýa zordan ýetýär” diýip, ady redaksiýada saklanýan mugallym aýtdy.

Awstriýada ýaşaýan syýasy synçy, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow hem bu pikir bilen ylalaşýar.

Ýaş prezident reforma etmeli, köne mejburlygy taşlamaly

“Mejbury çäreler, hakykatdan hem, Nyýazow döwründen gelýän köne kesel diýsek-de ýalňyş bolmaz. Ony Serdaryň kakasy hem dowam etdirdi. Indi Serdaryň özi hem dowam etdirip ýör” diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy we kiçi Berdimuhamedowyň ýaş prezident, ýaş adam hökmünde reformalary amala aşyryp, ýurdy düzetjek bolmagyna garaşandygyny, emma beýle zady görmändigini belledi.

“Ýöne [ol] hakykatdanam halkynyň öňünde abraý gazanjak bolsa, dünýäde abraý gazanjak bolsa, goňşy döwletleriň öňünde abraý gazanjak bolsa, reforma etmeli. Serdar köneden gelýän, Nyýazow döwründen, kakasyndan galan zatlardan dynmaly. Reforma etmeli. Ýurdy üýtgetjek bolmaly, halkyň aladasyny etmeli, halk gaty agyr ýagdaýda ýaşaýar” diýip, Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Hanamow aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň metbugatda çap edilen gutlagynda bellenmegine görä, “Bütindünýä welosiped güni mynasybetli täsirli çäreleriň we ýaryşlaryň guralmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde” Türkmenistanyň “abraýyny dünýä ýaýýar”.

Azatlygyň habarçylary türkmen resmilerinden mejbury çäreler we olaryň döwletden aýlyk alýan adamlaryň maşgala býujetlerine ýetirýän ýaramaz täsiri hakynda düşündiriş alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG