Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2025-nji ýylda 67 metbugat işgäri öldürildi, 503 žurnalist tussag - Serhetsiz habarçylar


Soňky 12 aýda öldürilen žurnalistleriň tas ýarysy (43%) Gazada, Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan öldürildi.
Soňky 12 aýda öldürilen žurnalistleriň tas ýarysy (43%) Gazada, Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan öldürildi.

“Žurnalistler diňe ölmeýärler - olar öldürilýärler” diýip, Serhetsiz habarçylar guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

2025-nji ýylda, harby toparlaryň, hem adaty, hem-de ýarym harby toparlaryň we guramaçylykly jenaýatçylyk toparlarynyň amala aşyran jenaýatçylykly amallary netijesinde öldürilen žurnalistleriň sany ýene-de artdy.

Hasabatda bu ýylda öldürilen 67 metbugat işgäriniň azyndan 53-siniň uruşlaryň ýa-da jenaýatçylykly ulgamlaryň pidalary bolandygy aýdylýar.

Soňky 12 aýda öldürilen žurnalistleriň tas ýarysy (43%) Gazada, Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan öldürildi.

Rus goşuny Ukrainada daşary ýurtly we ukrain žurnalistlerini nyşana almagyny dowam etdirýär.

Sudan hem metbugat wekilleri üçin adatdan daşary ölüm howply söweş zolagyna öwrüldi.

Meksikada 2025-nji ýylda žurnalistleriň öldürilmeginiň howply derejede ýokarlanmagyna guramaçylykly jenaýat toparlary jogapkär diýip, hasabatda bellenýär.

Şeýle-de, bu ýyl soňky üç ýylda žurnalistler üçin iň heläkçilikli ýyl bolup, Meksikada dokuz žurnalist öldürildi. Bu Meksikanyň žurnalistler üçin dünýäde ikinji iň howply ýurt bolup, dünýäde öldürilen žurnalistleriň 24% -iniň ölümine dahylly bolandygyny aňladýar.

Häzirki wagtda dünýäde 503 žurnalist tussaglykda saklanýar.

Dünýäde žurnalistler üçin iň uly türme henizem Hytaý (121) bolup, Russiýa (48) häzir žurnalistleri tussag etmekde ikinji orunda durýar.

XS
SM
MD
LG