Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ondan gowrak türkmen raýaty öz watandaşynyň 'aldawyndan' şikaýat edip türk häkimiýetlerine ýüz tutdy

Stambul
Stambul

Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň ýurtda galmak üçin dokumentlerini düzetmek meselesinde aldawa düşmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Türkmen raýatlarynyň azyndan onlarçasy Türkiýede galmak üçin dokumentlerini sazlap bermegi wada beren edara tarapyndan aldanandygyny aýdyp, ençemesi Stambulyň Baş prokuraturasyna şikaýat etdi.

Stambulyň Baş prokuraturasyna şikaýat eden raýatlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkiýäniň raýaty Erdal Akdemir we Türkmenistanyň raýaty Gülnara Sadykowa türkmenistanlylara Türkiýede kanun esasynda ýaşamak üçin resminamalary almaga kömek teklip edipdir.

Birnäçe türkmenistanly 10-njy iýulda öz aklawçylary arkaly Stambulyň Baş prokuroryna şikaýat edip, bolan wakalara degişli maglumatlary we ýazgylary tabşyrypdyr, munuň esasynda derňew başlanypdyr. Bu barada hem türk metbugaty, hem-de Azatlyk Radiosyna ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeler habar berdi.

Türkmen raýatlarynyň Azatlyk Radiosyna beren dokumentleriniň arasynda birnäçe arzçynyň Stambulyň Baş prokuraturasyna eden şikaýatynyň nusgalary, bank üsti bilen geçirilen tölegleriň nusgalary, hat-habarlar, notarius tarapyndan töleg alnandygy barada ýazmaça tassyknamalar bar.

Azatlyk Radiosy Stambulyň Baş prokuraturasyna resmi teswir bermegi sorap ýüz tutdy. Biziň 26-njy iýulda e-mail üsti bilen ugradan haýyşymyza entek resmi jogap gelmedi.

Prokuratura ýüz tutan türkmenistanlylar Akdemir bilen Sadykowanyň wada berlen hyzmatlary ýerine ýetirmändigini we alan pullaryny gaýtarmandygyny aýdýarlar. Olar agzalan araçylaryň öz hyzmatlary üçin uly mukdarda pul sorandyklaryny aýdyp, 1000, 2000 we hatda 5000 amerikan dollaryna çenli sanlary agzadylar.

Bu ýagdaý barada Türkiýäniň ATV telekanaly hem 5-nji iýunda habar beripdi.

Azatlyk Radiosyna aldawa düşendigini aýdýan türkmenistanlylaryň birnäçesiniň başdan geçiren ýagdaýy mälim boldy.

‘ Wadalaryna ynanyp, aldawa düşdüm…’

Azatlyk Radiosyna öz ýagdaýyny gürrüň beren türkmenistanlylaryň biri öz başdan geçirenlerini jikme-jik gürrüň berdi.

“Men hem Akdemir we Gülnara sebäpli çaşdym. Men Antaliýada 2024-nji ýylyň myhmanhanada iş wizasy bilen işleýärdim. Men işleýärdim, işimiz gowudy, emma möwsüm gutardy. Men 10 günüň içinde başga ýere ýüz tutmaly ýa-da ýurduma gitmeli boldum. Men şol gün işe girdim. Hudaý ýolbaşçylaryma ýar bolsun, olar örän gowudy, derrew resminamalary berdiler we ýaşamak üçin [rugsadyma] ýüz tutdular, 1 aý garaşdyk, ret edildi. 10 günüň içinde ýene gitmeli boldum. Soňra TikTok-da Gülnara çykdy Akdemir Kompaniýasy diýip gözledim. Oňa ýagdaýymy düşündirdim. Resminamalary alyp, Türkiýede galmak üçin näme etmelidigini soradym. 10 günüm bardygyny aýtdym” diýip, türkmenistanly gürrüň berdi.

Şikaýatçylar araçylaryň öz hyzmaty üçin çykdajylary öňünden açyk aýtmaýandygyny we işiň gidişinde ýene-de üstüne goşup, gitdigiçe artdyrýandygyny we nagt görnüşde pul soraýandygyny gürrüň berdiler.

“Ol: ‘Ofise gel, derrew şikaýat ederis’ diýdi. Men Gülnaradan näçe pul gerekdigini soradym, ol: ‘Ofise gel, resminamalary alyp geleliň, soň size aýdaryn’ diýdi. Men ‘bolýar’ diýip, ertesi gün gitdim” diýip, türkmenistanly ofise baransoň bolan ýagdaýy şeýle gürrüň berdi: “Ol menden näçe puluň bardygyny sorady, men bolsa 5000 TL puluň bardygyny aýtdym. Ol: "Bolýar, maňa şony ber" diýdi. Men ony oňa berdim. Soňra goňşy notariusa gitdik we ol meniň bilen Merwe Uz atly aklawçyny iberdi. Ol ýerde ol meni ýene-de tölegleri tölemäge mejbur etdi; mende notariusa töleýän töleglerim üçin çekler bar. Soňra ol: "Ertir... 25 000 getir" diýdi. Men onuň ofisine gaýdyp bardym, ýöne puly onuň bank hasabyna iberdim. Ol ‘bu işiň çözülmegine 6 aý gerek bolar. Netije gowy bolmasa-da, muňa degýär...’ diýdi”.

Bu türkmenistanly özüniň Türkiýede bikanun galmagyndan örän howatyrlanandygyny we Sadykowadan hem Akdemirden yzly-yzyna habar tutup durandygyny, emma olaryň indi aklawçy bilen aragatnaşykda bolmagy maslahat berendigini aýtdy.

Onuň gürrüň bermegine görä, gysga wagtda aklawçy oňa ýaşamak üçin rugsadynyň ret edilendigini habar beripdir, emma bu meseläni hem çözmegi wada berip, ýene-de goşmaça pul sorapdyr:

“Ol maňa resminama iberdi, ýöne onda meniň ýaşamak rugsatnamamyň ret edilendigi we üstünde 32-nji madda ýazylan kagyz bardy. Soňra ol: 'Garaş' diýdi, men bolsa: 'Garaşyp bilmeýärin, bikanun galmakdan gorkýaryn' diýdim. Merwe: 'Bu kynçylyk döretmez' diýdi. 'Alada etme, indi seniň işiňi çözeris' diýdi ol. 'Sen indi bikanun immigrant bolmarsyň' diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Soňra iki günden soň ol: 'Sudda 7000 lira jerime tölemeli' diýdi. Men soradym: 'Bu size beren pula goşulmaýarmy?' Ol: 'Ýok, bu aýry, bu siziň öz jerimäňiz' diýdi we çeki başga bir hasaba iberdi”.

Bu adam soň tussag edilipdir. Ol Sadykowanyň ony boşatmak üçin onuň ýakynlaryndan has uly mukdarda pul talap edip başlandygyny gürrüň berdi:

“Meniň başlygym we uýam jaň edip, munuň nähili bolandygyny sorasalar, Gülnara ‘Ol myhmanhanada tutuldy, ony deportasiýa etjek bolýarlar. Maňa 6000 dollar berseňiz, ony 3 sagadyň içinde çykararyn, ýöne ol henizem bikanun immigrant bolar. Maňa 1500 dollar berseňiz, men onuň gadagançylygyny doly aýryp bilerin, ýöne biraz wagt gerek bolar’ diýdi”.

Türkmenistanlynyň sözlerine görä, netijede onuň ýakynlary öňünden 500 dollary Akdemiriň hasabyna geçiripdir we soralýan puluň galan 1000 dollaryny iş bitensoň berjekdigini aýdypdyr. Emma mesele çözülmändir we ol Türkmenistana deportasiýa edilipdir.

“Soňra 3 gün Tuzlada galdym. Soňky 3 gün meniň üçin ömrümiň ahyryna çenli trawma boldy. Ol ýere iti salsaňyz hem, ol aman galmazdy. Gülnara sebäpli näçe adam şol ýerde ýatýar” diýip, Sadykowa we Akdemir tarapyndan aldanandygyny we puluny aldyrandygyny aýdýan türkmenistanly Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Öz ýagdaýyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beren türkmenistanlylar özlerinden soralan puluň bir bölegini bank üsti bilen hasaba geçirendigini, beýlekisiniň nagt görünüşde berendiklerini aýtdylar. Käbirler puly Gülnara Sadykowanyň özüne, beýlekiler onuň aklawçysyna berendigini aýtdylar, beýlekiler Kadyr Çaryýew atly ýene bir adamyň adyny agzap, oňa pul berendigini aýtdylar.

"2025-nji ýylyň maýynda 6 aýlyk ýaşamak rugsadymyz gutardy, ony uzaltmak üçin ýüz tutup, ýarym ýyllap garaşdyk, başa barmady. Bize araçlara ýüz tutmak teklip edildi. Olar 1500 dolar soradylar” diýip, türkmenistanlylaryň ýene biri gürrüň berdi we Kadyr Çaryýew bilen habarlaşandygyny aýtdy: "Ol ýaşamak üçin rugsady alyp bermegi wada berdi we garaşyp otursaňyz wagrty ýitirersiňiz, bikanun galarsyňyz diýip düşündirdi. Ol işiňiz çözülmese puluňyzy yzyna gaýdyp beriris diýip, hem ynandyrdy. Biz öz çärjewli oglanymyz bolansoň, nireden bileli onuň aldajagyny" diýip ol başdan geçirenlerini gürrüň berdi. “Olar ‘arkaýyn bol’ diýdi, emma men 6 aýlap onuň yzyndan ylgamaly boldum”.

Azatlyk Radiosyna mälim bolan ýagdaýlaryň ýene birinde uly ýaşly zenanyň hekaýasy gürrüň berilýär we onuň Sadykowa ýüz tutup, puluny aldyrandygy we soňunda Türkmenistana deportasiýa edilendigi aýdylýar:

“Geçen ýyl ejem üçin 1000 dollar pul berdik dokument üçin. Ol dokumentleri ýarym-ýarty bir zat etdi-de tabşyrtdy. Olam çykmady, pulam yzyna bermedi. Gaýtam ejeme sögdi, üstüne gygyrdy. Ejemiň gözünden akan gözýaşy tutsun ony. Soňam, ‘sen indi ofisialny gaçgak, milise çagyryp tutduraryn indi gelseň diýdi, şantaž etdi. Ejem gitdi yzyna deport bolup, [ony] gaçgak galdyrmaga gorkduk” .

Käbir türkmenistanlylar dokumentlerini tabşyryp pul töläp garaşandygyny, emma wiza üçin ýüzlenmesi ret edilip, meselesi oňyn çözülmedik raýatlaryň soň wizasy gutaryp, bikanun galandygyny we şikaýat edip bilmeýändigini aýtdylar.

Kanadada ýaşaýan türkmen raýat aktiwisti Dürsoltan Taganowa Azatlyk Radiosyna Erdal Akdemiriň we Gülnara Sadykowanyň "Akdemir consulting" ady bilen Türkiýede daşary ýurtlulara dokumentleri kadalaşdyrmakda araçy hökmünde hyzmatlaryny hödürleýän kärhanasy barada gürrüň berdi we olaryň teklip eden hyzmatlaryndan peýdalanmakçy bolup, aldanan türkmenistanlylaryň köpdügini aýtdy:

"Diňe maňa ýüz tutanlaryň sany ýüzden geçýär. Olar galp wadalary berýärler. Meselem, Türkmenistandan 30 günlük wiza bilen gelen türkmenistanlylara Türkiýäniň migrasiýa edarasy ýurtda galmak üçin syýahatçylyk wizasyny uzaltmaga mümkinçilik berenok. Ýöne bu firma TikTok wideolarynda 'Türk edarasynda tanyşlarymyz bar, biz dokumentleri edip berýäris' diýýärler. Emma olar adamlardan pul alýarlar we türkmen raýatlaryna wada beren hyzmatlaryny berjaý etmeýärler".

Dürsoltan Taganowanyň sözlerine görä, türkmen raýatlarynda Türkiýede galmak we dokumentlerini düzgünleşdirmek bilen bagly problemalary köp bolýar, bu ýagdaýda jübüt türkmen raýatlaryna ret edilen arzalaryna gaýtadan seretdirmek hyzmatyny hödürläp, ýene-de pul alýar.

"Türkmenistanlylaryň Migrasiýa gullugyna iberilen dokumentleri ret edilensoň, olar adamlardan ýene-de goşmaça pul soraýarlar we 'biz siziň arzaňyzyň ret edilmegine garşy şikaýat etjek diýip, ýene pul soraýarlar" diýip, Taganowa aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu ýerde esasy problema araçylara ýüz tutýan türkmen raýatlarynda olar bilen resmi şertnamalaryň we köp halatlarda puly berendiklerini resmi görnüşde tassyklaýan kagyzlaryň bolmazlygynda.

“Gynansak-da, adamlaryň hiç birinde şertnama ýok. Maňa ýüz tutan 100-den gowrak adamdan köpüsiniň elinde kiçijik kagyzlar bar, ýüzünde men 2000 dollar pul aldym, men 3000 dollar pul aldym diýip, el bilen ýazyp beripdirler. Başga hiç tassyklama, şertnama ýok”.

Taganowanyň sözlerine görä, şeýle-de bolsa, aldanandygyny aýdan adamlaryň käbirinde Sadykowanyň we Akdemiriň kärhanasynyň üsti bilen migrasiýa gulluklaryna edilen ýüzlenmeleriň we gelen jogaplaryň nusgalary, edilen appelýasiýalaryň nusgalary bar: “Elden pul beren adamlaryň hemmesinde şol firma bilen işleşendigi hakynda diňe şeýle dokumentler bar” diýip, Taganowa ýagdaýy şeýle düşündirýär:

“Türkiýede şeýle bir ýagdaý bar migrasiýa gullugy kimdir biriniň ýaşamak üçin rugsatnama sorap eden ýüzlenmesini ret etse, şol adam munuň bilen ylalaşmaýandygyny aýdyp, suda ýüz tutup bilýär. Şeýle kagyzlar adamlarda bar. Olar näme edipdir. Meselem, Türkmenistandan adamlar Türkiýä täze gelýär 2025-2026-njy ýyllarda. Olar Türkiýäniň kanunlaryny bilenoklar, ýöne Türkiýede kanuny esasda ýaşamak isleýärler. Şonuň üçin olar Gülnara Sadykowa ýüz tutupdyr ýaşamak, işlemek üçin rugsat gerek diýip. Olar Türkiýäniň kanunlaryny bilenoklar, türkçe-de bilenoklar. Ol hem ‘bor; diýýär we olardan pul alýar. Dokumentler ugradylansoň, migrasiýa gullugyndan gelen jogaplarda ýeterlik dokument ýok, zerur dokumentler kemçilik edýär diýip, aýdylýar we ret edilýär. Emma şol jübüt ‘bu mesele däl’, aklawçymyza ynanç hatyny berseňiz biz ýene-de ýüz tutup bilýäris diýip, adamlardan ýene-de goşmaça pul alýarlar. Muny tassyklaýan dokumentler bar adamlarda” diýip, Taganowa aýdýar.

Şeýle-de, käbir türkmen raýatlary olara beren pulunyň bir bölegini bank üsti bilen geçiripdir we olarda bankdan kwitansiýalar bar. “Emma jübüdiň öz müşderilerine beren bank hasaplary-da başga adamlaryň adyna” diýip, Taganowa “olar firmada işleýän işgärleriniň bank hasaplaryny ulanypdyr, tanyş-bilişleriniň bank hasaplaryny ulanypdyr" diýip gürrüň berdi.

"Türkmenler öz watandaşlaryny aldawa düşürýärler"
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:04 0:00

Ençeme ýyllap Türkiýede ýaşan we türkmenistanlylaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan raýat aktiwisti Dürsoltan Taganowa bu problemany öz TikTok hasabynda gozgaýar.

Ol bu temanyň ulanyjylarda uly gyzyklanma döredendigini, adamlaryň özi bilen yzygiderleri habarlaşýandygyny we aldanandygyny aýdyp, öz başdan geçirenlerini beýan edýän türkmenistanlylaryň sanynyň köpelýändigini aýtdy.

Raýat aktiwisti Taganowa bu meseläni TikTok-da gozgamagynyň sebäbini şeýle düşündirdi:

“Adamlar bu temany gozgadylar, emma näme etmelidigini, nirä ýüz tutmalydygyny bilenoklar. Adamlar bikanun ýagdaýda galypdyr, polisiýa ýüz tutan ýagdaýynda ilki olaryň özlerini deport edýärler. Men başda gyradan synladym, soňra özüm hödürledim: ‘Türkiýäniň kanunlaryndan biraz başym çykýar, tanyş adwokatlarym bar. Geliň bu işde hemmämiz jemlenip, adwokatyň üsti bilen şikaýatçy bolaly, başga ýagdaýda bu işiň içinden çykyp bolmaýar’ diýip, hödürlänimde ýüzlerçe adam dokumentlerini iberip, aldanandyklary barada maglumat berdiler. Men hem şol dokumentleri topladym, arzaçy bolmaga razy adamlaryň şikaýatlaryny adwokatyň üsti bilen Türkiýäniň Baş prokuraturasyna tabşyrdyk”.

Raýat aktiwisti aldawa düşüp ne dokument, ne-de puluny yzyna alyp bilen adamlaryň arasynda onkologiýa hassalarynyň bardygyny belledi.

"Aldawa düşen türkmenistanlylaryň arasynda rak keseli bilen Türkiýä baryp, bejergi aljak bolýan adamlar bar. Olar gumanitar wiza üçin ýüz tutmaly, emma olar nätanyş adamlaryň üsti bilen iş wizasyna ýüz tutupdyr we ret edilipdir. Bular araçylygyny hödürläp, olardan esli pul alypdyr. Hakykatda dokumentler düzgüne görä sazlanyp, göni Migrasiýa edarasyna eltilip tabşyrylanda [hassalaryň] rugsat almak mümkinçiligi ýokary. Emma olar muny bilmän aldawa düşýär" diýip, Dürsoltan Taganowa Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Ol bu jübüdi şahsy taýdan tanamaýandygyny, olar bilen hiç hili gatnaşygynyň bolmandygyny we hiç wagtda iş salyşmandygyny belledi.

“Men ol jübüdi hiç tanamokdym. Olara ýüzbe-ýüz gelmedim. 14 ýyllap Türkiýede ýaşadym. Men 2020-nji ýyldan bäri türkmenistanlylaryň hak-hukuklary boýunça çykyş edip gelýärin, bir ýerde haklary bozulan bolsa, olary goramak üçin elimden geleni etdim şu güne çenli. Muny men häzir näme üçin edýärin? Türkiýäniň territoriýasynda şol dokumentleri almak üçin aldanan adamlaryň sany köp. Bu waka häzir gaty ullakan boldy, hemme türkmenistanlylar, hatda Türkmenistanyň içinden hem yzarlap otyrlar. Men bu wakany hemmelere tejribe ýaly görkezesim gelýär, adamlar birinjiden aldanmazlyk üçin näme etmeli, aldanan ýagdaýynda näme etmeli? Olar bir seresap bolsunlar, şikaýat etsinler, gaýdyp pullaryny aldyrmasynlar, haklaryny goramagy öwrensinler diýip, men şol işe goşuldym. Meniň özüme degişli hiç hili gazanjym ýok”.

Kärhananyň alyp barýan işleri

Aldawyň pidasy bolandygyny aýdýan käbir aýallar Sadykowanyň edarasyna baryp, puluny yzyna gaýdyp bermegi talap etmäge synanyşypdyr. Olar Gülnara Sadykowanyň baranlara fiziki taýdan hüjüm edendigini we Erdal Akdemiriň olary kemsidendigini, şeýle-de jübüdiň "degişli edaralar bilen gatnaşyklarynyň" bardygyny aýdyp, nägile müşderilere deportasiýa etdirmek haýbatyny atandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan brnäçe wideo ýazgylarda Sadykowanyň edara jaýynda düşürilendigi aýdylýan wideoda zenan jaýyň içinde köplük bolup duran adamlara gödek we haýbatly daraýar.

Türkmenistanlylaryň sözlerine görä, Gülnara Sadykowa Türkiýede aradan çykan türkmen raýatlarynyň jesetlerini yzyna gaýtarmaga kömek etmek we öz watandaşlaryny goldamak barada TikTok-da maglumat ýerleşdirmek arkaly sosial media ulanyjylarynyň ynamyny gazanypdy.

Gülnara Sadykowa degişlidigi aýdylýan YouTube kanalynda onuň türkmenistanlylary işe ýerleşdirmek ýaly hyzmatlarda araçylyk etmegi hem hödürlenýär.

Azatlyk Radiosy Gülnara Sadykowadan we onuň ýoldaşy Erdal Akdemirden resmi teswir almak synanyşygynda, olar bilen iki hepdäniň dowamynda habarlaşdy. Emma yzygiderli ýüz tutmalara garamazdan, jübüt Azatlyga resmi kommentariýa bermedi. Telefon arkaly söhbetleriň dowamynda olar özlerine bildirilýän aýyplamalary ret etdiler we munuň bilen baglylykda, abraýdan düşürmek boýunça özlerine garşy ýörite garalamak kampaniýanyň alnyp barylýandygyny öňe sürdüler.

Taganowa bu tankytlary kommentirläp, bu kärhananyň köne müşderileri türk resmilerine ýüz tutýarka, şikaýat edýärkä, täze müşderileriň gelmezligine nägile bolýandygyny çak etdi:

“Her gün olaryň ofisine 100-200 adam barýardy. Men häzir adamlara düşündirýärin, wideo edýärin, şunuň netijesinde olaryň müşderisi galmady. Meniň maksadym adamlaryň aldanmazlygy, olaryň maksady pul gazanmak. Şonuň üçin olaryň häzir görkezýän närazylygyna düşünip bolýar”.

Emma Taganowa köpçülikleýin nägileligiň käbir oňyn netijeleri hem berendigini belledi.

“Olar käbir adamlaryň dokumentlerini sazlap beripdir. Emma bu ýerde hem galplyk bar, meselem Stambulda işlejek adam üçin berlen iş rugsady Adana, Bursa we beýleki şäherlere degişli. Bu düzgüne ters gelýär. Eger Türkiýe muny barlasa, şol rugsady alan adamy ýurtdan çykaryp bilýär. Soňam olar adamlar şikaýat etmesin diýip, olara pul beren käbir adamlaryň pullaryny yzyna gaýdyp beripdir. Emma şol puluň diňe bank üsti bilen geçirilen bölegi yzyna berlipdir, nagt pul gaýtarylmandyr. Meselem, bir gelneje şol jübüde 1500 dollar beripdir. Ol şikaýat etjek bolanda onuň bankdan ugradan 400 dollaryny yzyna berdiler, emma nagt puluny gaýtarmadylar. Şeýle-de, olar häzir müşderilerine pulunyň bir bölegini gaýtaryp berenlerinde müşderiden ‘meniň şikaýatym ýok’ diýen dil hatlaryny alýarlar”.

Dürsoltan Taganowa häzirki wagtda türk häkimiýetlerine ýüz tutýan türkmen raýatlaryna Gülnara Sadykowa basyş edilýändigini aýdýar:

“Gynansak-da adamlary olaryň çagalary bilen bilelikde gorkuzýarlar. Olar Türkmenistanyň organ işgärlerini agzap, haýat atýarlar. Olar käbir adamlara garşy çäre görýän ýaly edip görkezmek üçin wideolary düşürýärler. Käbir aýal-gyzlaryň syrlaryny Tik-Tok arkaly paş edip, olara basyş edýärler. Emma men türkmenistanlylara düşündirýärin hakly adam kanundan gorkmasyn, jenaýat eden kanundan gorkmaly”.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlary öz ýurduň ilçihanalarynyň üsti bilen pasportyny täzelemekde we zerur rugsatnamalary almakda ýyllarboýy kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaý olaryň ýaşaýan ýurtlarynda kanuny taýdan ornaşmagyna erbet täsir edýär. Bu ýagdaýda bialaç adamlar dokumentlerini kadalaşdyrmak hyzmatlaryny hödürleýän araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmagy saýlaýarlar we köp halatlarda aldawa düşýärler we hilegärligiň pidalaryna öwrülýärler.

Adam hukuklaryny goraýjylar, raýat aktiwistleri we türk aklawçylary bu meselä mundan öň ençeme gezek ünsi çekipdi.

Türkiýe türkmenistanlylaryň iň köp barýan ýurtlarynyň biri bolup, bu ýerde 250 müň töweregi türkmen raýaty kanun esasynda ýaşaýar, emma garaşsyz çeşmelerde bu ýurtda türkmenleriň sanynyň has köpdügi we olaryň bikanun galýandygy öňe sürülýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG