Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň gündogarynda ýeriň süýşmegi sebäpli azyndan bäş adam öldi


Owganystanyň kartasy
Owganystanyň kartasy

Owganystanyň gündogaryndaky daglyk sebitlere ýagan güýçli ýagyşlardan soň ýeriň süýşmegi netijesinde, azyndan bäş adam öldi, başga-da 22 adam ýa gabaldy, ýa-da dereksiz ýitdi. Bu barada ýerli ýaşaýjylar we “Talyban” 19-njy fewralda habar berdiler.

Ýerli resmileriň maglumatyna görä, Nuristan welaýatynyň Nurgram etrabynda ýeriň süýşmegi netijesinde alty sany jaý dolulygyna weýran bolupdyr.

Owganystana uzak dowam eden gurakçylykdan soň, agyr ýagyşlar geldi. Bu onlarça ýyl uruşdan ejir çeken bu ýurtdaky gumanitar krizisi hasam ýitileşdirdi.

XS
SM
MD
LG