Merkezi Aziýada uglewodorod serişdelerini öndürýän iň iri iki ýurt – Gazagystan we Türkmenistan – nebit we gazyň alternatiw üpjün edijileri baradaky dünýä derejesindäki çekişmeleriň merkezine düşdi.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy zarbalary hem-de Tähranyň jogap hüjümleri dünýä energiýa bazaryny sarsdyrýar. Dünýäde öndürilýän her bäş barrel nebitiň biriniň geçýän Ormuz bogazy iş ýüzünde ýapyldy. Brent markaly nebitiň bahasy bir barreli üçin 120 dollara çenli ýokarlandy, Ýewropada gazyň bahasy bolsa tas iki esse gymmatlady.
Merkezi Aziýada uglewodorod öndürýän iň iri iki ýurt bolan Gazagystan we Türkmenistan alternatiw üpjün edijiler baradaky dünýä çekişmeleriniň merkezinde galdy. Olaryň nebit we gazy hiç bir deňiz bogazyndan geçmeýär. Olaryň geografik ýerleşişi birden artykmaçlyga meňzäp başlady. Emma nazary peýda bilen hakyky ýagdaýyň arasynda ýok infrastruktura we bozup bolmaýan ylalaşyklar bar.
“Bu krizis 1973-nji ýyldaky embargodan hem uly”
Gyşyň soňky gününde ABŞ-nyň Harby-howa güýçleri we Ysraýyl Eýranyň çägine bilelikdäki zarbalary urup, “Ýolbarsyň gürrüldisi” we “Epic Fury” operasiýalaryna başlady. Ilkinji sutkada Ysraýylyň takmynan 200 söweş uçary 1 müň 200 bomba ulandy – bu Ysraýylyň Harby-howa güýçleriniň taryhyndaky iň uly söweş uçuşy boldy. Zarbalaryň netijesinde Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýi we birnäçe ýokary derejeli resmiler öldürüldi.
Jogap dessine geldi. Yslam rewolýusiýa goragçylary korpusy (YRGK) Ysraýyla, şeýle hem BAE-niň, Kataryň, Bahreýniň, Saud Arabystanynyň, Kuweýtiň, Yragyň we Iordaniýanyň çägindäki amerikan bazalaryna garşy raketa we dron zarbalaryny amala aşyrdy. Birnäçe sagadyň dowamynda korpus radio arkaly duýduryş berip, dünýäniň iň iri nebit arteriýalarynyň biri bolan Ormuz bogazyndan indi bir gäminiň hem geçip bilmejekdigini aýtdy. 2-nji martda bogaz arkaly geçýän gatnaw 70 göterim azaldy.
Şondan bäri krizis has-da çuňlaşdy. 4-nji martda YRGK bogaza “doly gözegçilik edýändigini” yglan etdi. 7-nji martda iki tanker dronlar bilen hüjüme sezewar boldy. 8-nji martda Ysraýyl ilkinji gezek Eýranyň nebit desgalaryna zarba urdy we Tähranda “ot derýasyny” döretdi. 10-njy martda bogazyň minalanandygy barada maglumatlar peýda boldy – şol gün ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri Eýranyň 16 sany mina goýujy gämisini ýok etdi.
Nebit bazary sarsgynlara örän ýiti reaksiýa berýär. Dünýä nebitiniň takmynan 20 göteriminiň geçýän Ormuz bogazynyň fiziki taýdan petiklenmegi sebäpli, Brent markaly nebitiň bahasy 9-njy martda bir barreli üçin 73 dollardan 120 dollara çykdy. Muňa ammarlaryň dolmagy sebäpli Yrakda we Kuweýtde önümçiligiň togtamagy, şeýle hem Eýranda, Saud Arabystanynda we beýleki ýurtlarda nebit infrastrukturasyna urlan zarbalar hem goşuldy.
Postsowet barlaglary boýunça “Turan” merkeziniň direktory Jozef Epşteýn häzirki energiýa krizisini taryhdaky iň uly krizis diýip atlandyrýar.
– Bu krizis häzir howp astyndaky üpjünçiligiň möçberi boýunça 1973-nji ýyldaky embargodan hem uly bolup biler. Şol wagt arap embargosy bazardan günde takmynan 4–5 million barrel nebiti çykarypdy. JPMorgan-yň bahalandyrmagyna görä, Ormuz bogazynyň ýapylmagy sebäpli önümçiligiň we eksportyň azalmagy birnäçe hepde içinde günde 4 million barrelden hem geçip biler. Pars aýlagy döwletleri ammarlardaky gorlaryny gutaryp, önümçiligi togtatmaga mejbur bolsalar (bu eýýäm Kuweýtde we Yrakda bolup geçýär), üpjünçilikdäki umumy bökdençlik häzirki zaman nebit bazarynyň entek ýüzbe-ýüz bolmadyk derejesine ýetip biler – diýip, bilermen aýdýar.
Jozef Epşteýn bu ýerde möhüm tapawudyň hem bardygyny belleýär, ýagny urşuň dowamlylygy. Eger Eýranyň harby-deňiz we raketa mümkinçilikleri ýeterlik derejede gowşadylsa we bogaz täzeden açylsa, bazarlar kem-kemden kadaly ýagdaýa dolanyp başlar.
– Emma Aziýa üçin – aýratyn-da Hindistan, Ýaponiýa, Günorta Koreýa, şeýle hem suwuklandyrylan tebigy gaz import edýän Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary üçin – gysga möhletli agyry örän ýiti duýulýar. Bu ýagdaý 1973-nji ýyldaky tejribä has golaý: üpjünçiligiň fiziki ýetmezçiligi, üstesine-de bahalaryň inflýasiýasy. Hut şu şertlerde Merkezi Aziýanyň strategik ähmiýeti birden ýokarlanýar – sebäbi ol hiç bir deňiz bogazyna bagly däl guryýer alternatiwasy bolup durýar – diýip, Epşteýn düşündirýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eden beýanatlaryndan soň nebit bahalary pese gaçdy. Ol urşuň “tas gutarandygyny” aýtdy we bahalar 30 göterim çemesi pese düşdi. 11-nji martda Brent bir barreli üçin takmynan 88 dollar derejesinde durnuklaşdy – bu Halkara energetika agentliginiň bazara taryhdaky iň uly strategik gor möçberini çykarmak meýilnamalarynyň fonunda bolup geçdi.
Gaz bazary hem az zyýan çekmedi. Dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) eksport edýän iň uly toplumy dolandyrýan QatarEnergy kompaniýasy 2-nji martda önümçiligi togtatdy we fors-major yglan etdi. Goldman Sachs muny dünýä üpjünçiliginiň 19 göteriminiň ýitirilmegi bilen deňeşdirdi. Ýewropada gazyň TTF bahasy 90 göterim ýokarlandy.
Uruş başlanandan soň ilkinji 48 sagadyň dowamynda deňiz ätiýaçlandyryjylary Pars aýlagy boýunça harby töwekgelçilik polislerini ýatyrdylar we ätiýaçlandyryş bahalaryny ýokarlandyrdylar.
– Eýrana bogazy minalamak hem zerur däldi – oňa nebitiň we gazyň tranzitini ätiýaçlandyryp bolmajak ýagdaýa getirmek ýeterlikdi. Biz göni efirde dünýä nebit söwdasynyň takmynan 20 göteriminiň we suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasynyň hem takmynan 20 göteriminiň bazardan iş ýüzünde çykarylyşyny görýäris – bu deňiz blokadasy sebäpli däl, eýsem arzan dronlar we ätiýaçlandyryş bazarynyň şoňa bildirýän reaksiýasy sebäpli bolýar – diýip, Epşteýn aýdýar.
Uruş alternatiw üpjün edijileriň ornuny güýçlendirdi. Ilkinji nobatda-da Russiýanyňkyny, sebäbi ol “energiýa krizisiniň esasy peýda görýänleriniň biri” diýlip atlandyrylýar.
Häzir Moskwa “gara altyny” uruş başlanmazdan öňküsinden tas iki esse gymmada satýar. ABŞ sanksiýalary gowşadyp, Hindistana rus çig malyny satyn almak boýunça çäklendirmelerden boşatma berdi. Bloomberg bolsa ýakyn hepdelerde Moskwanyň nebit girdejileriniň ep-esli ýokarlanmagyny çaklaýar.
Mümkinçilik penjiresi Pars aýlagyndan daşardaky beýleki nebit üpjün edijileri – ABŞ, Kanada, Norwegiýa we belli bir derejede Azerbaýjan, şeýle hem gaz öndürijileri – ABŞ, Awstraliýa we mümkin bolan Gündogar Afrika üçin hem açylýar.
Merkezi Aziýanyň ýurtlary, hususan-da iri nebit gorlaryna eýe Gazagystan we gaza baý Türkmenistan, nazary taýdan alternatiw üpjün edijileriň arasynda bolup bilerdi. Emma bu ýerde “bir emma” bar.
Gazagystanyň “artykmaç girdejileri” “ýeriň astynda galýar”
Gazagystan dünýäde nebit öndürýän 12-nji iň iri ýurtdur. 2025-nji ýylda önümçilik 99,6 million tonna ýetdi. Bu netije köplenç Tengiz taslamasynyň giňeldilmeginiň tamamlanmagy bilen bagly boldy.
Bahalaryň partlamasynyň fonunda gazak nebit kompaniýalarynyň gymmatly kagyzlarynyň bahasy ýokarlandy: KASE biržasynda “KazMunayGaz”-yň paýnamalary 10 göterim, “KazTransOil”-yňkylary bolsa urşuň ilkinji günlerinde 5,5 göterim gymmatlady.
– Häzirki pursadyň esasy ironiyalaryndan biri hem şu. Bir hepdäniň dowamynda nebit bahasy takmynan 35 göterim ýokarlandy – Brent bir barreli üçin 92 dollardan geçdi – we Gazagystan iri nebit öndüriji hökmünde nazary taýdan ägirt uly goşmaça girdeji almaly ýalydy. Emma ol muny edip bilmeýär, sebäbi eksport infrastrukturasynyň işi doly diýen ýaly petiklenipdir. Gazagystanyň nebit eksportynyň takmynan 80 göterimi KTK gazgeçirijisi arkaly gidýär (Kaspiý turbogeçiriji konsorsiumy Gazagystanyň günbatar sebitlerinde öndürilýän nebiti Astrahan, Kalmykiýa we Krasnodar ülkesiniň üstünden Noworossiýskdaky deňiz terminalyna ýetirýär, ol ýerden çig mal tankerler bilen dünýä bazarlaryna ugradyrylýar – Red.). Bu infrastruktura 2025-nji ýylyň noýabryndan bäri ukrain dronlarynyň zarbalary netijesinde çynlakaý zyýan çekdi. Häzirki wagtda deňiz terminalynyň üç duralgasynyň diňe biri işleýär. Diýmek, bahalar sebäpli emele gelen “artykmaç girdeji” kagyzda bar, emma Gazagystan ondan peýdalanmak üçin bazara ýeterlik möçberde nebit çykaryp bilmeýär diýip, “Turan” merkeziniň direktory aýdýar.
Jozef Epşteýn bolup geçýän ýagdaýlaryň Gazagystanyň gurluş taýdan gowşaklygyny görkezýändigini, onuň “artykmaç girdejileriniň ýeriň astynda galýandygyny”, sebäbi eksportyň diňe bir koridora uly derejede baglydygyny aýdýar.
Şol bir wagtyň özünde Ýakyn Gündogardaky uruş ýagdaýy tizleşdiriji faktor hökmünde çykyş edýär diýip, Epşteýn belleýär. Özüniň sarp edýän nebitiniň takmynan 40 göterimini Ormuz bogazy arkaly import eden Hytaý indi Merkezi Aziýadan, ilkinji nobatda-da “Atasu – Alaşankou” nebit geçirijisi arkaly Gazagystandan üpjünçiligi berkidip almakda örän gyzyklanýar.
– Bu güýçli utgaşyk: bir tarapdan Gazagystanyň basyşy, beýleki tarapdan Hytaýyň islegi. Emma möçberler çäkli: “Atasu – Alaşankou” doly güýjünde ulanylsa-da, KTK-nyň möçberiniň diňe kiçi bölegini geçirip biler. Mundan başga-da, degişli infrastruktura – gaýtadan işlemek, şahalanmalar, demir ýol baglanyşyklary – häzirlikçe iri göwrümli tiz geçiş üçin taýýar däl. Hereketiň ugry düşnükli, emma üýtgeşmeleriň tizligi aýlar bilen däl, ýyllar bilen ölçenilýär – diýip, bilermen aýdýar.
Häzirlikçe OPEK+ Gazagystanyň kwotasyny günde 10 müň barrel artdyryp, aprel aýy üçin 1,579 million barrele ýetirdi.
Türkmenistan: Eýran, Hytaý we Ýewropanyň arasynda
Dünýäde tassyklanan gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistan aýratyn gowşak ýagdaýa düşdi. Uruş onuň eksport logistikasy üçin möhüm ulgamyň özüni sarsdyrýar.
Aşgabadyň Tähran bilen energiýa gatnaşyklary çuň hasaplanýar. 2026-njy ýylyň fewralynda – uruş başlanmazyndan diňe birnäçe hepde öň – taraplar 20 million tonna tranzit we ikitaraplaýyn söwdany 5 milliard dollara ýetirmek maksadyny goýdular. Türkmenistan Eýran bilen barter ulgamlaryny ulanýar, olaryň çäginde Tähran gazyň tölegini azyk üpjünçiligi arkaly ýerine ýetirýär.
Gaz boýunça swap ylalaşyklary aýratyn möhümdir. 2021-nji ýylda Eýran Türkmenistan we Azerbaýjan bilen üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi: Türkmenistan ýylda 1,5–2 milliard kub metr gazy Serahsda Eýranyň serhedine berýär, Eýran bolsa şoňa deň möçberdäki gazy Astara serhedinde Azerbaýjana tabşyrýar. Hut şu mehanizm arkaly türkmen gazy ilkinji gezek 2025-nji ýylyň mart aýynda Türkiýä ýetip başlady. Bu üpjünçilikler Türkiýäniň energiýa howpsuzlygy üçin “örän möhüm” diýlip häsiýetlendirildi, sebäbi Ankara Ýewropa üçin gazyň alternatiw üpjün edijileriniň birine öwrülmek isleýär.
Indi bu mehanizm bozuldy. SpecialEurasia-nyň bellemegine görä, eger Eýran tranzit merkezi ýa-da azyk boýunça barter üpjün edijisi hökmünde çykyş edip bilmese, Türkmenistan “maliýe we logistiki krizis” bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Epşteýn şeýle diýýär: “Eger Eýranyň infrastrukturasynyň ýagdaýy ýaramazlaşsa ýa-da tranzit mümkin bolmasa, Türkmenistanyň gaz eksportynyň ýeke-täk manyly ugry Hytaýa gidýän geçiriji bolup galar. Bu bolsa onuň başdan sowmak synanyşýan garaşlylygyny has-da güýçlendirýär”.
Şol bir wagtyň özünde Ýewropada gaza bolan isleg ýokary derejä ýetýär. Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň ÝB 2027-nji ýylyň ahyryna çenli rus gazynyň importyny doly gadagan etmek barada ylalaşdy, ýewropa ammarlary bolsa bary-ýogy 30 göterim doly – bu geçen ýylyň 40 göterim derejesinden hem pes. Ormuz krizisi hem bazary katarly STG-den mahrum etdi.
Şol bir wagtda, Azerbaýjanyň Üstaşyr Gaz Geçelgesi öz netijeliligini görkezdi. Azerbaýjan 2025-nji ýylda 25,2 milliard kub metr gaz üpjün etdi, şolaryň ýarysyndan gowragy ÝB-ne ugradyldy.
Ýewropadaky gaz ýetmezçiliginiň bir bölegi türkmen gazy bilen ýapylýarmy? Jozef Epşteýn bu meselede şübheli garaýar.
– Nazary taýdan – hawa, we syýasy itergi hiç wagt häzirki ýaly güýçli bolmandy. Türkmenistan dünýäde gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär, türkmen gazy bolsa geçen ýyl Eýranyň üsti bilen swap ylalaşyklary arkaly Türkiýä akyp başlady. Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi orta we uzak möhletli çözgüt hökmünde Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga açyk çagyryş etdi. Emma hakyky çäklendirmeler bar – diýip, Epşteýn düşündirýär.
Ol sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi: Türkmenistanyň ulanylmaýan önümçilik kuwwatynyň uly bölegi günorta-gündogardaky Galkynyş käninde ýerleşýär – bu bolsa Hazar kenaryndan uzakda. Türkmenistan Hytaýa gaz eksportyny iki esse köpeldip, ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek borjuny öz üstüne aldy. Bu bolsa türkmen gazy üçin hytaý we ýewropa islegleriniň arasynda göni bäsdeşligi aňladýar.
Bilermeniň pikirine görä, türkmen gazy Ýewropa üpjünçiliklerine ýylda takmynan 5–15 milliard kub metr möçberde, Üstaşyr Gaz Geçelgesi arkaly, möhüm goşant bolup biler, emma ol Russiýadan ýa-da Katardan gelýän uly göwrümli üpjünçiligi çalşyp bilmez.
– Mundan başga-da, Türkmenistanyň öz syýasaty hem kämahal onuň eksport mümkinçiligini çäklendirýär. Mysal üçin, importçylaryň gazgeçirijileri türkmen serhedine çenli gurmagyny talap edýän “Serhede çenli eltmek” syýasaty örän uly päsgelçilik bolup durýar – diýip, bilermen goşýar.
Häzirki krizis üç onýyllygyň dowamynda memorandumlar derejesinden aňry gitmedik Transhazar gaz geçirijisi taslamasy üçin hem täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň gazyny Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen Türkiýä we ondan aňry beýleki ýurtlara ýetirmegi göz öňünde tutýan bu ugruň garşysyna Russiýa bilen Eýran işjeň çykyş edip gelýärdi. Taslama üçin bolsa öň bolşy ýaly häzirem pul ýok. Ýagdaýy diňe ABŞ tarapyndan geljek syýasy goldaw üýtgedip biler – bu hem maýa goýujylaryň töwekgelçilik baradaky hasaplamalaryny, hem-de Aşgabadyň geosyýasy ýagdaýyny üýtgeder.
Şol bir wagtda Türkmenistan ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr bolan TOPH gaz geçirijisini (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) öňe sürýär. Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmaly, marşrutyň 91 kilometri eýýäm taýýarlanypdyr. Emma TOPH başga ugra gönükdirilen taslama: ol Ýewropa däl-de, Günorta Aziýa niýetlenendir. Mundan başga-da, onuň durmuşa geçirilmegi 2021-nji ýyldan bäri häkimiýetde duran “Talyban” sebäpli Owganystandaky durnuksyzlyk sebäpli howp astynda bolup biler; dünýä ýurtlarynyň aglabasy (Russiýadan başga) bu güýji kanuny häkimiýet hökmünde ykrar etmeýär.
Indi ýok geosyýasy hakykat
Bilermenler Merkezi Aziýanyň uglewodorod üpjün ediji hökmünde ornuna dürliçe baha berýärler. Teniz Capital-yň analitikleri Gazagystanyň, aýratyn-da Hytaý üçin, alternatiw wariant hökmünde ornuny güýçlendirýändigini nygtaýarlar. Ýewropa Komissiýasynyň 2026-njy ýyldaky meta-barlagynda Azerbaýjan we Merkezi Aziýa gazy diwersifikasiýalamagyň strategik taýdan möhüm çeşmeleri hökmünde görkezilýär.
– Bu krizis Merkezi Aziýanyň energiýa infrastrukturasynyň indi ýok bolan geosyýasy hakykata görä gurlandygyny açyk görkezýär. Her bir iri eksport marşruty urşa çekilen ýa-da güýçli basyş astyndaky ýurtlardan – Russiýanyň, Eýranyň ýa-da olaryň deňiz ýollaryna täsir edip bilýän sebitleriniň içinden geçýär. Bu diňe bir turbogeçiriji bilen çözüp bolmaýan ulgamlaýyn töwekgelçilikdir – diýip, Jozef Epşteýn aýdýar. – Bu krizis strategik öwrülişik pursadydyr, emma Merkezi Aziýanyň ondan peýda görüp-görmejekdigi ýakyn 2–3 ýylda infrastruktura maýa goýumlary boýunça kabul ediljek kararlara doly bagly bolar.
Epşteýn “mümkinçilik penjiresiniň” hakyky üýtgeşmelere öwrülmegi üçin üç şerti görkezýär: “Transhazar gaz geçirijisi konsepsiýa derejesinden gurluşyk tapgyryna geçmeli; Gazagystan KTK-dan daşgary eksport ugurlaryny diwersifikasiýalamaly; we Günbataryň – ilkinji nobatda-da amerikan – maýasy bu sebitdäki infrastruktura diňe täjirçilik taslamasy hökmünde däl, eýsem strategik ileri tutulýan ugur hökmünde garamaly”.
– Taryhyň görkezişi ýaly, krizis döwründe başlanmadyk energiýa diwersifikasiýasy taslamalary, köplenç, soň hem hiç wagt başlanmaýar – diýip, Epşteýn sözüni jemleýär.
Forum