Özbegistanda Türkmenistanyň 200 kompaniýasy hereket edýär diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp ýazýar.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, goňşy ýurtda ‘üstünlikli işleýän’ kompaniýalar örtgi plitalaryny öndürmek, dokma, mebel we hyzmat işleri bilen meşgullanýar.
Şeýle-de, türkmen kärhanalarynyň oba-hojalyk senagaty, nebiti gaýtadan işleýiş we gaplama önümçiligi ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýändigi aýdylýar.
Metbugat habarlaryna görä, geçen ýyl iki goňşynyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1,148 milliarda barabar boldy. Bu döwürde Özbegistanyň Türkmenistana eksportynyň $128 million, importynyň bolsa $1 milliarddan gowrak bolandygy aýdylýar.
Şu ýylyň ýanwar–oktýabr aýlary aralygynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň $876,8 million bolandygy aýdylýar.