Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prokurorlary belli blogçy Mominowa 11 ýyl berilmegini soraýar


Abdukodir Mominow
Abdukodir Mominow

Prokurorlar Daşkentdäki Mirobod etrap kazyýetinden blogçy Abdukodir Mominowa 11 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady diýip, Gazeta.uz 1-nji awgustda habar berdi.

Mominow 8-nji fewralda galplykda we talaňçylykda güman edilip saklandy.

Derňewçi žurnalist prezident Şawkat Mirziýoýewiň berk tankytçysy hökmünde tanalýar.

33 ýaşly blogçynyň Youtube ulgamyndaky “Kuzgu” kanalynyň 247,000 yzarlaýjysy bar.

Özbegistan soňky aýlarda birnäçe blogçyny tussag etdi we talaňçyylykda aýyplady.

XS
SM
MD
LG