Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek Senatynyň başlygy: Özbegistan hiç kimiň koloniýasy bolmaz


Özbek parlamentiniň başlygy Tanzila Narbaýewa
Özbek parlamentiniň başlygy Tanzila Narbaýewa

“Özbegistan hiç haçan kimdir biriniň koloniýasy bolmaz” diýip, özbek parlamentiniň başlygy Tanzila Narbaýewa 25-nji dekabrda ýaşlar bilen geçirilen ýygnakda aýtdy.

Bu sözler Russiýanyň "Adalatly Russiýa - Hakykat üçin" partiýasynyň egindeş başlygy Zahar Prilepiniň köpçüligiň öňünde özbek sebitlerini Russiýa birikdirmegi teklip edip aýdan sözlerinden birnäçe gün soň dile getirildi.

"Siz görýärsiňiz, internetde her dürli çykyşlar edilýär: "Geliň, Özbegistan bilen ony edeliň, muny edeliň.” Özbegistan hiç haçan kimdir biriniň koloniýasy bolmaz. Siz muny bilýärsiňiz, maňa muny size düşündirmegiň zerurlygy ýok. Bu siziň hämmäňiziň ýüregiňizde bar" diýip, Gazeta.uz Tanzila Narbaýewanyň sözlerini sitirleýär.

XS
SM
MD
LG