Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta ýygymyna çekilen esgerlere 50 kilogramlyk borçnama goýulýar

Harby ulagda barýan esgerler (arhiw suraty)
Harby ulagda barýan esgerler (arhiw suraty)

Ahal we Balkan welaýatlarynda gulluk geçýän esgerler sentýabryň ortasyndan bäri serkerdeleriniň gözegçiliginde pagta ýygymyna çekilýär. Gulluk geçýän esgerleriň ene-atlarynyň aýtmagyna görä, meýdandaky esgerlerden günde 50 kilogram pagta tabşyrmak talap edilýär, bu möçberi ýygnap bilmeýänler bolsa nahardan we ýuwunmak mümkinçiliginden mahrum edilýär.

Azatlygyň habarçysy ogullary bu iki welaýatda harby gulluk geçýän üç ene-ata bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz perzentlerinden alan maglumatlaryny öwrendi. Söhbetdeşleriň we ogullarynyň howpsuzlygy sebäpli olaryň atlary, harby bölümleriň hem-de pagta meýdanlarynyň takyk ýerleşýän ýerleri görkezilmeýär.

“Serkerdeler her esgere günüň dowamynda 50 kilogram pagta ýygnamak borçnamasyny belleýärler. Muny edip bilmediklere temmi berilýär. Jeza hökmünde şol gün esgerleri nahardan mahrum etmek, hammamdan peýdalanmaga rugsat bermezlik ýaly çäreler ulanylýar” diýip, Balkanda gulluk geçýän esgeriň kakasy oglunyň gürrüňlerini ýetirdi.

Habarçynyň maglumatyna görä, Balkanda esgerleriň işleýän meýdanlarynda pagta seýrek bolup, gündelik borçnamany ýerine ýetirmek kyn düşýär. Muňa garamazdan, serkerdeler bellenen möçberiň tabşyrylmagyny talap edýärler.

Esgerleriň mundan öň hem gowaça meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak işlerine çekilendigi aýdylýar. Indi bolsa olar pagta ýygmak üçin meýdanlara ýatymlyk äkidilip, gijelerini ekin meýdanlarynyň gyrasynda gurlan wagtlaýyn çadyrlarda geçirýärler. Habarçynyň ýetirmegine görä, serkerdeler esgerlere meýdandaky işleriniň bir aýlap dowam etjekdigini aýdypdyrlar.

Habarçy yssy howada, günüň aşagynda işleýän esgerleriň köýnek-balaklarynyň der we tozan siňip gatap gidýändigini belleýär.

Ahalyň pagta meýdanlaryna ýatymlyk ugradylan esgeriň hossary hem pagta talaplaryny tassyklap, oglunyň şahsy arassaçylygyny berjaý etmekde, şol sanda eşiklerini wagtynda ýuwmakda kynçylyk çekýändigini aýdýar. Söhbetdeş oglunyň teninde ýaralaryň döräp başlandygyny hem aýdýar we muny arassaçylyk şertleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrýar.

"Çagamyzy mugt işçi hökmünde gulluga ugratmandyk”

Söhbetdeşlerimiz ogullarynyň harby gullukda oba hojalyk işlerine çekilmeginden nägilelik bildirýärler.

“Pagta ýygdyrmagyň harby taýýarlyga nähili dahylynyň bardygyna düşünmeýäris. Göräýmäge, gullukda ýarag ulanmak, harby tehnikalary dolandyrmak öwrediljek ýaly. Biz çagamyzy mugt işçi hökmünde gulluga ugratmandyk” diýip, Ahalyň pagta meýdanlaryna äkidilen esgeriň ejesi aýtdy.

Ýygyma çekilen esgerleriň sany we bu ýagdaýyň näçe harby bölüme degişlidigi häzirlikçe belli däl. Azatlygyň degişli sebitleriň harby bölümlerinden hem-de Goranmak ministrliginden bu barada teswir almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda şu ýyl pagta ýygymyna resmi taýdan 9-njy sentýabrda badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynda eden çykyşynda şu ýyl ýurt boýunça 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwletiň berk gözegçiligi astyndaky resmi media möwsümiň başlanmagy baradaky habarynda ýygymçylaryň işlemegi we dynç almagy üçin “ähli şertleriň döredilendigini” öňe sürdi. Şol habarda esgerleriň pagta ýygymyna gatnaşmagy barada maglumat berilmedi.

Esgerleriň oba hojalyk işlerine çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar mundan öň hem bolupdy. Azatlyk awgustda harby gullukçylaryň gowaça meýdanlaryny otamaga äkidilýändigi, meýdandaky agyz suwy we iýmit üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar barada habar berdi. Şonda hem esgerleriň hossarlary ogullarynyň harby tälimiň ýerine oba hojalyk işlerine çekilmeginden nägilelik bildiripdiler.

Hukuk toparlary ýagdaýa üns çekýär

Türkmenistanda esgerleriň pagta meýdanlarynda işledilmegi halkara hukuk goraýjy guramalaryň hasabatlarynda hem beýan edilýär. Cotton Campaign koalisiýasynyň 2026-njy ýylyň 12-nji maýynda çap eden hasabatynda 2025-nji ýylyň pagta ýygymy döwründe Ahalda we Lebapda esgerleriň tölegsiz işledilendigi aýdylýar.

Türkmen.news neşiriniň we Türkmenistanyň Adam hukuklary baradaky başlangyjynyň gözegçiliklerine esaslanýan şol hasabatda Lebapdaky esgerlere gündelik 45-50 kilogramlyk borçnamalaryň goýlandygy bellenýär. Şeýle hem urmak we ýuwunmaga rugsat bermezlik ýaly jeza çäreleriniň ulanylandygy beýan edilýär.

Halkara zähmet guramasynyň mejbury zähmet baradaky 29-njy konwensiýasy adamyň meýletin razylygy bolmazdan, jeza haýbaty astynda ýerine ýetirdilýän işi mejbury zähmet diýip kesgitleýär. Hökmany harby gulluk üçin göz öňünde tutulan kadadan çykma diňe harby häsiýetli işlere degişlidir. Türkmenistan bu konwensiýa 1997-nji ýylda goşuldy.

Guramanyň Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky pagta ýygymy boýunça şu ýyl çap eden hasabatynda zähmet töleglerinde we käbir iş şertlerinde gowulaşmalaryň bolandygy bellenýär. Şol bir wagtda, işgärleri meýletin bolmadyk ýagdaýda ýygyma çekmek bilen bagly alamatlaryň saklanyp galandygy, gatnaşmakdan ýüz öwrenleriň ýaramaz netijelerden çekinýändigi we ýygyma gitmezlik üçin pul tölemek tejribesiniň dowam edýändigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG