Bu fotosergide 2021-nji ýylyň iň uly wakalarynyň käbirleri görkezilýär. (AFP, AP, EPA-EFE, REUTERS habar agentliklerinden alnan suratlar)
Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda
13
15-nji iýunda Şurnh obasynyda ýerleşýän binanyň, partiýalaryň dalaşgärleriniň plakatlarynyň öňünde ermeni çagalary suratça seredýärler. Bu oba Ermesnitanyň paýtagty Ýerewandan takmynan 200 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýär. Bu oba Azerbaýjan bilen täze kesgitlenen serhet araçägine laýyklykda, ikä bşlündi. (AP/Areg Balayan)
14
18-nji iýunda eýranly ene we onuň "Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň" formasyny geýen çagalary prezident saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw uçastogynda nobatynyň ýetmegien garaşýar. Konserwatiw kandidatlaryň agdyklyk edýän bäsleşigindäki ýeke-täk aram reformaçy we berk liniýaly garşydaş dalaşgärler 19-njy iýunda irden, sesleriň sanalmagynyň dowam edýän wagtynda, aşa konserwatiw kandidat Saýed Ebrahim Reisiniň bir gün öň geçirilen prezident saýlawynda ýeňendigini kabul etdi. (AFP/ MORTEZA NIKOUBAZL)
15
11-nji iýulda polisiýa işgäri, Kubanyň Hawana şäherinde prezidenti Migel Diaz-Kaneliň garşysyna geçirilen demonstrasiýanyň çäginde, polisiýa awtoulaglarynyň agdarylandygyny synlaýar. Şonda müňlerçe kubaly kommunistik hökümete garşy seýrek ýörişe gatnaşypdy. (AFP/YAMIL LAG)
16
15-nji iýulda Germaniýanyň Ahrweiler etrabynyň Şuld obasy güýçli suw joşmasyndan soň zyýan çekdi. Bu ýyl klimat krizisiniň täsiri öňkülerinden has aýdyň we derwaýys boldy, esasanam Ýewropa we Demirgazyk Amerika soňky ýyllardaky iň ekstremal howa şertlerini başdan geçirdi.