Bu fotosergide 2021-nji ýylyň iň uly wakalarynyň käbirleri görkezilýär. (AFP, AP, EPA-EFE, REUTERS habar agentliklerinden alnan suratlar)
Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda
17
8-nji awgustda 2020 Olimpiýa oýunlarynyň gutardyş dabarasynda Ýaponiýanyň Tokio şäherindäki Olimpiýa stadionynda dürli reňkdäki we öwüşgindäki yşyklar ýakylýar. (REUTERS/Pawel Kopczynski)
18
16-njy awgustda Kabulyň aeroportunda owgan çagasy hossarlary bilen ýurdy terk etmäge taýýarlanýarka, harby egin-eşikleriň golaýyndan geçip barýar. Maý aýyndan bäri, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleri Owganystandaky esgerlerini resmi ýagdaýda çykaryp başlamagynyň yzysüre, gysga wagtyň içinde ýurduň möhüm şäherleriniň tas ählisini eýelän "Talyban" 15-nji awgustda paýtagt Kabula girdi, şol sanda prezidentiň köşgüni eýeledi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, owgan prezidenti Aşraf Gani hem ýurdy terk etdi. (AFP/Wakil Kohsar)
19
27-nji sentýabrda Bakuw şäheriniň merkezinde Azerbaýjanyň esgerleri Ikinji Garabag söweşiniň ýyldönümine bagyşlanan ýörişe gatnaşyp, söweşde öldürilen harby gullukçylaryň we raýatlaryň portretlerini göterýärler. (EPA-EFE/ROM ISMAYILOW)
20
2-nji oktýabrda ABŞ-nyň NATO-daky esgeri Kosowa bilen Serbiýanyň serhediniň golaýynda, Jarinjede patrullyk edýär. ÝB-niň wekili Miroslaw Lajçak "Serbiýa bilen Kosowa 30-njy sentýabrda öz serhedindäki dartgynlylygy bes etmek barada ylalaşyk gazandy" diýdi. Kosowa serb döwlet belgisi bolan ulaglaryň öz çägine girmegini gadagan edeninden soň, iki goňşynyň arasynda 10 günden gowrak wagt konflikt dowam edipdi. (AFP/Armend NIMANI)