Bu fotosergide 2021-nji ýylyň iň uly wakalarynyň käbirleri görkezilýär. (AFP, AP, EPA-EFE, REUTERS habar agentliklerinden alnan suratlar)
Ýyl soňy 2021: Iň uly wakalaryň käbiri suratlarda
21
15-nji oktýabryda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Milli pnewmologiýa instituty 'Marius Nastanyň' Covid 19 bölümindäki otaglaryň birindäki sowadyjynyň üstünde goýlan sagat. 15-nji oktýabrda Rumyniýa koronawirus bilen baglanyşykly ölümleriň 365 sanysyny hasaba aldy. Bu pandemiýanyň başyndan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. (EPA-EFE/ROBERT GHEMENT)
22
17-nji oktýabrda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde "Budapeşt Merkezi Ýewropa moda hepdeligindäki" moda şoundan öň, bir modeliň keşbi.(EPA-EFE/MTI, Zoltan Balogh)
23
Polşanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 10-njy noýabrda ýaýradylan suratda Polşa bilen Belarusyň arasyndaky serhediň Belarus tarapynda ýüzlerçe migrant çadyrlarda ýatyp-turýar. (REUTERS/MON)
24
16-njy noýabrda Kiýewdäki çagalar hassahanasynyň otagynda bir aýal koronawirus keselinden (Covid-19) ejir çekýän çagasynyň ýüzünde kislorod maskasyny saklaýar. (AFP/Sergeý SUPINSKY)