AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat üçin arhiwimize - Picture This archive - gel.
Region görnüşleri # 16

1
Grek-makedon serhedi, Idomeni obasynyň golaýyndaky bosgun lageri, multfilm görýän bosgun çagalary. (AFP/Daniel Mihailescu)

2
90 ýaşyndaky Iwan Şamýanok, Tulgowiçi obasyndaky jaýynda skgalyny syrýar. Çernobyl ýadro reaktorynyň golaýy, Belarus. 26-njy aprelde taryhdaky iň elhenç raýat ýadro betbagtçylygyna 30 ýyl dolýar. (Reuters/Vasily Fedosenko)

3
ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň fotosuraty Orsýetiň Suhoý Su-24 hüjüm uçarynyň 12-nji aprelde Baltika deňzinde ABŞ-nyň ugrukdyrylýan raketa weýran edijisi USS Donald Cookuň nähili golýayndan geçişini görkezýär. (Reuters)

4
Ukrainanyň täze bellenen premýer-ministri Wolodymyr Hroysman parlamentde eli çemenli dur, Kiýew, 14-nji aprel. Ol ses berişlikden öň "Men size ýurda ýolbaşçylyk etmegiň nämedigini görkezerin" diýdi. (Reuters/Valentyn Ogirenko)