AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #48
1
Kiýew, ümürli howada ýöräp barýan adam. (Reuters/Gleb Garanich)
2
Ýagyşly we çygly howada saýawanly adamyň sudury. Kolombo, Şri Lanka. (Reuters/Dinuka Liyanawatte)
3
1-nji dekabr, Bütindünýä EÝDS gününde elleri gyzyl lentaly studentler. Ýangzhoudaky medisina kolleži, Hytaý. (Reuters/Stringer)
4
Tigirçekli oglanlaryň äpet suratynyň ýanyndan geçip barýan adam. Dubaý. (AFP/Giuseppe Cacace)