AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #48
17
Bali, Agung dagyndaky ot sowurýan wulkan. 27-nji noýabr. (epa-EFE/Made Nagi)
18
Pakistan, dini liderleri Yslamabatdaky ýol baglamak protestiniň soňlanýandygyny yglan edeninden soň beýlekiler bilen namaza duran ýaraly protestçi. 27-nji noýabr. (Reuters/Vasily Fedosenko)
19
Fransuz goşunynyň taryhy ýuniformalaryny geýen adamlar 1812-nji ýylda Belarusyň Brili obasynyň ýanynda bolan Berezina söweşiniň 205 ýyllgyny bellemäge gatnaşýarlar. 26-njy noýabr. (Reuters/Vasily Fedosenko)
20
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri goşuna esger alynmagyna garşy proteste toplanyp, ýoly beklän aşa prowaslaw ýewreýleri dargyrtmak üçin suw sepýär. Iýerusalim, 26-njy noýabr. (AFP/Menahem Kahana)