Basylyp alnan Krymyň Žankoý etrabyna edilen dron hüjümi netijesinde ok-däri ammarynda ýangyn döredi diýip, Krymyň Moskwa tarapyndan bellenen başlygy Sergeý Aksýonow habar berdi.
Bu soňky hepdäniň dowamynda Krymdaky rus harby desgalarynda turan üçünji uly ýangyn bolup, olar Ukrainanyň gurnan drom hüjümleriniň netijesi diýlip çak edilýär.
Partlamanyň bolan ýerinden bäş kilometr töwereginde ýerleşýän obalaryň ilatyny ewakuasiýa etmeli diýen karara gelindi.
Aksýonow, deslapky maglumata görä, ölenleriň bolmandygyny aýtdy. Demirýol gatnawy we Žankoý-Simferopol awtoulag ýolunyň ugrundaky ulag gatnawlary togtadyldy, ýolagçy otlylarynyň gijä galýandygy habar berildi.
Krym köprüsindäki ganaw hem biraz wagt petiklendi.